dmoo
29.09.2023 13:03

Puşman


“Oraza geldi haý bile,

Bir meleje taý bile,

Taýym batga batanda,

Çykaryň haý-haý bile. ” – diýip aýlanýan ýaremezançylaryň sesleri küren obanyň dumly-duşunda ýaňlanyp durdy. Her kim täze dogan aýy ýüzüne sylyp, ýagşy dilegler edýärdiler.

Indi esli ýyldan bäri aýat-töwir edip, obanyň toýuna-ýasyna ýarap ýören, il içinde “Berdi kommunist” diýip tanalýan Halykberdi aga agşam namazyny okap, sekiniň üstünde öňüne alan çaýyny gaýtaryp otyrdy. Onýança-da, aýlanyp ýören ýaremezançylaryň bir bölegi howla girdiler. Sekä golaý gelen çagalaryň ekabyrragy öňräge süýşdi-de, sanawajyny aýtmaga durdy:

Biz-ä sizi baý gördük,

Tüýnügiňizden aý gördük,

Altyn bilen apardyk,

Kümüş bilen gopardyk – diýensoň, beýleki çagalaram goşulyşyp, “Ýa remezan” diýip gygyrdylar. Bularyň şowhunyny daş işige çykyp, diňläp duran Orazgül eje elindäki torbasyndan süýji-köke çykaryp, paýlap başlady:

−Alyň balalarym! Me, senem al!

Bulary synlap oturan Halykberdi aga çagalary gyzykdyrmak üçin sorag berdi:

−A-haw köşekler! Daşa gurt düşse, näme bilen aýyrýarlar?

−Düýäniň şahy bilen.

−Düýäňem bir şahy bolarmy?

−Daga-da bir gurt düşermi?

Halykberdi aga mys-mys edip güldi:

−Aý, berekella köşekler!

Uly gowur turuzşyp, gidip barýan çagalaryň yzyndan seredip galan Halykberdi aganyň näme üçindir, öňküligi ýokdy. Ol gussaly gözlerini bir ýere dikip, çuň oýa batyp oturşyna, birwagtky haý-haýly 60-nji ýyllary göz öňüne getirdi. . . .


. . . . . Leningradyň ýokary okuw jaýlarynyň birini gutaryp gelen Halykberdi, täze açylan obalaryň birindäki mekdepde taryh sapagyndan ýokary klasyň okuwçylaryna ders berýärdi. Bir gün mekdebe raýon ateistik guramanyň işgärleri barlaga geldiler. Hemme klaslara aýlanyp, okuwçylary ýeke-ýeke barladylar, ellerindäki alajalary, gözmonjuklary aýyrtdylar. Guramanyň başlygy Olýa Saparowna ýygnak edip, mekdepde kommunistik ruhy çagalaryň aňyna guýmakda haýal-ýagallyk edilýändigini belledi. Soňra:

−Ýoldaşlar, görşümiz ýaly täze gurýan kommunistik jemgyýetimizde henizem könäniň zyýanly endiklerinden saplanyp bilemizok. Şu günki geçirilen barlagyň netijesi hem çagalaryň we kolhozçylaryň arasynda wagyz-nesihat işleriniň geçirilişiniň örän pesdigini görkezýär. Men şeýle teklip edýärin: mekdep we kolhoz boýunça mydamalyk hereket edýän oba ateistik guramasyny döretmeli, ýaş mugallymlardan birini topara ýolbaşçy bellemeli, her hepdäniň soňunda topar bize hasabat bermeli, şu teklibi goldaýanyňyz eliňizi galdyryň! Garşy barmy? Saklanan? Ýok. Örän gowy.

Soň ýaş mugallymlaryň içinden üç-dört sanysyny saýlap, Halykberdinem topara başlyk etdiler. Şol günden soň ol düýbünden başga adam boldy. Geçýän taryh sapagynda diňe darwinizm ewolýusiýasyny we tebigatyň öz-özünden dörändigini düşündirjekl bolup, dürli çeşmelere ýüz urýardy. Ýokardakylara iş görkezip, abraý gazanjak bolup, ýygy-ýygydan kolhozçylary üýşürýärdi, olaryň öňünde uzak wagtlap leksiýa okaýardy. Indi esli wagtdan bäri adamlar onuň adynyň öňündäki “Halygyny” aýryp, yzyna “kommunist” lakamyny goşupdylar.

Remezan aýy ýetip gelipdi. Her kim agyz bekleýärdi. Pursat arap ýören Berdi mundan ýerlikli peýdalandy. Ol bir gün mekdebe gelende, ýanynda bir tegelek çörek bardy. Hemme okuwçylary ýygnap, agyz beklemegiň “zyýany” barada düşündiriş geçdi:

−Okuwçylar, agyz beklemek diýlen adaty öňki baýlaryň ýapjasy bolan işan-mollalar oýlap tapypdyrlar. Sebäbi bu adat halky ezmek we öz ýumruklarynyň içinde saklamak üçin örän bähbitli bolupdyr. Garamaýak adamlary aç saklajak bolup, öz mülklerinde işleýän batraklaryna berýän ujypsyzja iýmitlerini delile getirjek bolup, Hudaýyň adyndan agyz beklemegi buýrupdyrlar. “Agyz beklemedige Hudaý gazap eder” diýip, garyp halky Hudaýyň adyndan gorkuzypdyrlar. Özleri bolsa dürli-dümen iýip, mes ýaşapdyrlar. Siz olaryň miras goýup giden çüýrük adatlaryna aldanmaň! Bu zatlar biderek zatlardyr. Agyz bekläp, aç gezip ýörmäň.

Soňra bir eline suw, beýleki eline çörek alyp,okywçylary ýeke-ýekeden geçirip başlady. Her geçeniň agzyna bir döwüm çörek salyp, yzyndanam käsäni dolduryp suw berýärdi. Obanyň toýuny-ýasyny sowup ýören Abdyrahym aganyň sekizinji klas ogly Ýusuba gezek gelende, Berdi kommunistiň al-petinden alan garaşylmadyk ýagdaý boldy. Uzadylan suwly käsäni eline alan Ýusup ilki içjek ýaly etdi-de, birdenem bat bilen ýere pylçap urdy. Hemme kişi doňup galdy. Gahardan ýaňa gözleri gan guýlan ýaly bolan Berdi onuň saçyndan penjeläp tutdy:

−Ýeri, bu näme etdigiň boldy, haýwan? Öň oglandyň-da, indi ulalaýdyňmy? Halky aldap ýörenje mollaň haram puluna ösen mugtiýer diýerler saňa! Al, şuny iç, iç diýýän men saňa –diýip, bir eli bilen Ýusubyň kellesini gaňryp durşyna, beýleki elindäki kürüşgäni onuň agzyna tutdurdy. Ýusup agzyny pugta ýumup, kellesini onuň elinden sypdyrjak bolýardy. Onuň bolşy Berdi kommunisti dälilik hetdine ýetirdi. Ýusubyň iki gulagyndan tutup, diwara urup başlady. Munuň bilenem oňman, ýatyryp, içine depip ugrady. Onuň ýanyna ylgaşyp gelen mugallymlar Ýusuby elinden alanlarynda, öňem bitap oglanjyk özünden gidip ýykyldy. Dessine raýon keselhanasyna äkidilen Ýusubyň bagryna gan öýüpdi. Ol bu derdinden aýňalyp bilmän, iki günden soň jan berdi. Şondan soň Berdi kommuniste sud edilip, iň ýokary jeza berlipdi. Emma ateistik gurama we howpsyzlyk edaralary onuň bitiren işlerini, ýaş nesle kommunistik terbiýe bermekde görkezen hyzmatlaryny göz öňüne tutup, ony göz tussagy hökmünde uzak raýonlaryň birine ugradypdylar. Soýuzyň dürli ýerlerinde it ýaly kaňkan Berdi otuz ýyldan obasyna gaýdyp gelipdi. . . . .

29
189
dmoo
30 Sentýabr 2023
@Kmg gurt, pozmañ ýazyñ diñe@12445,
dmoo
30 Sentýabr 2023
@12445, dowamy ýoga soñy dip ýazmandrn
lavinya_
29 Sentýabr 2023
Gowy bolupdyr otuz ýyllap kañkap soñam gelmeli däl eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.