dmoo
28.10.2023 14:14

AŞHANANYŇ KIÇILIGINIŇ SEBÄBI


Fransiýanyň koroly Lui V öz garyndaşlaryndan biriniň öýüne myhman bolupdyr. Onuň öýi örän uly bolup, aşhanasy kiçijik eken. Korol öý eýesinden munuň sebäbini soranda, öý eýesi şeýle jogap beripdir:

– Öýümi ulaldan zat, aşhanamyň kiçiligidir!


“Açlyk we suwsuzlyk arkaly nebsiňiz bilen göreşiň. Çünki munuň üçin ýazyljak sogap, Alla ýolunda söweş edeniň sogabyna barabar boljakdyr. Onsoňam, Allanyň ýanynda açlyk bilen suwsuzlykdan ýagşy amal ýokdur”.

Hadysy-şerifiň mealy (manysy)


“Baş öwredilmedik haýwany aç goýmak arkaly öz erkiňe tabyn edip bolşy ýaly, nebsiň jylawyny eliňe almak üçinem ony aç goýmak gerek”.

Ymam Gazzaly


“Kalbyňyzy az gülüp, az iýmek arkaly oýaryň. Ony açlyk bilen arassalaň, şonda ol ýumşar we nurlanar”.

Hadysy-şerifiň mealy (manysy)


“Agşamyna bir lukmany az iýmek meniň üçin gije edilen bir ybadatdan has haýyrlydyr. Açlyk Allanyň hazynalaryndandyr. Alla öz saýlan we halan gullaryna açlygy nesip eder”.

Ebu Süleýman Darany


“Şeýtan adam oglunyň içine ganyň damara girişe deý girer. Onuň giriş ýollaryny açlyk we suwsuzlyk bilen daraldyň”.

Hadysy-şerifiň mealy (manysy)


“Çybyn aç durdugyça ýaşar. Doýan pillesi çişer we semrär. Semrese-de öler. Hawa, adam ogly hem şeýle, çişip semrän mahaly onuň kalby öler”.

Rabi Bin Enes (r.a)


“Adam oglunyň dolduran gaplarynyň içinde iň erbedi mädesidir (aşgazany). Nahar iýmek zerur bolan çagy aşgazany üçe bolmeli. Bir bölegini nahar, beýleki bölegini bolsa suw bilen doldurmaly; üçünji bölegini bolsa hemişe boş goýmalydyr”.

Hadysy-şerifiň mealy (manysy)


“Horanlykdan/iýermenlikden gaça duruň. Köp iýmek, aýatda dirikäň ýükdür, öleňden soň bolsa porsy ysdyr”.

Hezreti Omar (r.a)


“Haçan garnymy gerk-gäbe doýuran bolsam, başym çaşyp, içimde azgynlyga meýil oýandy”.

Zinnuny-Mysry


“Garnyny gerk-gäbe doýuran adamyň başyna alty apat geler. Bular: Ýaradana mynajat etmegiň lezzeti gider, hikmetli sözleri ýat tutmak kynlaşar, rehimdarlyk duýgusy azalar (çünki dokuň açdan habary bolmaz), ybadatlary kemeler, jynsy arzuwlar güýçlener we mädesi boş musulmanlar metjidiň howlusynda gezim edýän ýaly bolsalar, bular özlerini mal öldürilip, içgoşy dökülýän ýerlerde gezim edýän ýaly duýarlar”.

Ebu Süleýman Darany

23
93
dmoo
27.10.2023 13:47

Konfusiý öz egindeşleriniň birine şeýle diýipdir:


– Sende bir ýumurtga bar diýeli. Mende hem bir ýumurtga bar bolsun. Sen ýumurtgaňy maňa berseň, menem ýumurtgamy saňa bersem, ýene-de herimizde bir ýumurtga bolar. Emma sen bir zady bilýän bolsaň, menem başga bir zady bilýän bolsam, eger sen maňa öz bilýäniňi öwretseň, onda men öz bilýänim bilen jemi iki zady bildigim bolýar. Menem bilýänimi saňa öwretsem, onda senem öz bilýäniň bilen eýýäm iki zady bildigiň bolýar.

22
59
dmoo
24.10.2023 14:32

«Mal-emlägiňi ýanyň bilen alyp git!»

Aryf adam barly kişä şeýle sowal bilen ýüzlenýär:

– Mal-emlägiňi gowy görýärmiň?

Baý hiç ikirjeňlenmän:

– Elbetde – diýip jogap berýär. Aryf adam bolsa:

– Ýalan sözleýäň. Eger gowy görýän bolsadyň, ölen wagtyň mal-emlägiňi ýanyň bilen äkitmäge synanyşardyň. Hakykatdanam, çynyňy aýdýan bolsaň, özüňden öňürti emlägiňi Rebbiň huzuruna iberjek bol! Şeýtseň, baýlygyň saňa peýdasy deger.

* * *

Akylly adam diýip ýol azygyny galdyryp giden kişä diýilmeýär, eýsem ýany bilen äkidene diýilýär. Eger kimde-kim mal-emälägini Allanyň ýolunda ulanýan bolsa, şol adam ýol-azygyny ýanyny bilen äkitdigi bolýar. Ýogsam, ýany bilen diňe günälerini äkider

19
67
dmoo
14.10.2023 16:24

(degişme)Suratlardaky meňzeşlikleri tapyň🤣

28
246
dmoo
13.10.2023 15:36

Gyzlar (degişme äheňde)



Bizar boldum telefonyň jaňyndan,

Oglumy gününe goýuň siz gyzlar,

Jyňňyrdap başlaýar güniň daňyndan,

Oglumy gününe goýuň siz gyzlar.


"Söýýän"diýip ony oda salýaňyz,

Söýeňzogam söýen kişi bolýaňyz,

Gaş kakyp,göz gyrpyp aklyn alýaňyz,

Oglumy gününe goýuň siz gyzlar.


Agşama howlugýar sagadyn belläp,

Duşuşanda berjek sowgadyn telläp,

Käte urlup gelýär, dodagyn sallap,

Oglumy gününe goýuň siz gyzlar.


Ugruňyzda entäp gije giç ýatýar,

Düýşünde samyrdap adyňyz tutýar,

Ukudan doýmanka ýene daň atýar,

Oglumy gününe goýuň siz gyzlar.


Gijeler çagyryp bagyň çetine,

Ýardyrýaňyz goňşyňyzyň itine,

Käte bolup gelýär gyzyl etene,

Oglumy gününe goýuň siz gyzlar


Eşdiň gyzlar hijiňizem aljak däl,

Gelin edip işigimden saljak däl,


Balajygmy öýermesem boljak däl.

26
309
dmoo
08.10.2023 15:40

Aýallary bagytly etmek üçin maslahatlar.


Aýallar bilen gyzyklanyñ:

Köp aýallar özleri barada gyzyklandyrmagy, üns berilmegini gowy görýärler.Gyzyklanma aýalyñ işe we durmuşa bolan garaýşyny üýtgedýän mehanizimdir.Erkek tarapyndan ideg edilmegi, aýalyñ özüni ösdirýändigini we bagtlydygyny görkezýär.


Olara ynanyñ:

Erkek bir aýala ynam duýgysyny bermek üçin, oña şertsiz baglydygyny duýdurmalydyr.Beýleki aýallaryñ hemmesine garamazdan ol adam diñe sizinkiligine ynandyrmaly.Bu tapgyrdan soñ beýleki aýallary görmeýändigñizi,ömrüñiziñ dowamynda olar hakda alada etmeýändigñizi,olara degişli däldigini duýmalydyr.Erkekler bir zenana bu duýgyny berip,ony dowam etdirip bilseñiz,bu durmuşyñyzyñ söýgisini tapdygyñyzy añladýar.


Erkin bolsun:

Şol şertler özüñiz üçin möhümdir.Nirä barýandygyñyzy habar beriñ,ýöne hasap soramañ,hasap bermäñ.Aýal-gyzlar özlerne eýe bolan erkeklere has köp üns berýärler.Özüñe bolan garaýşyñy duý,ýöne erkinlige üns ber,ýogsam beýle gatnaşyklar ýitip gidýär.


Owadan sözleri aýdyñ:

Her kim gowy sözleri halaýar,esasanam aýallar owadan sözleri eşidenlerinde gül ýaly gözelleşýärler.Sözlerñizi üns bilen saýlap aýtmak aýallar üçin gaty gymmatlydyr.Öz-özine bolan hormaty artar we siziñ bilen gatnaşygyñyzyñ berk bolmagyna täsir eder.


Aýallary diñläñ:

Aýal gündelik işleriniñ aýdylmagyny, we düşünilmegni isleýär.Şonuñ üçin aýallary diñläñ we özüñiz, işiñiz, maşgalañyz hakda gürrüñ beriñ.Bu size we öñüñizdäki aýala öziñizi has gowy duýmana kömek eder.

15
40
dmoo
06.10.2023 00:08

Durmuşda "Newsiñize haý diýmäni başaryñ"


Hindistanda awçylar maýmyn awlanlarynda üýtgeşik bir tilsim ulanýarmyşlar. Olar içine ýekeje alma oklanan bir küýzäni alaga-da, gulpundan agaja daňyp goýýarmyşlar. Küýzäniň agzyna maýmynyň eli diňe açyk bolanda sygýarmyş. Maýmyn küýzä elini sokup, almany gysymlanda welin, ol elini küýzeden çykaryp bilmeýärmiş.


Ine, onsoň maýmyn almanyň ysyny alyp, elini küýzä sokýarmyş. Almany penjesine alyp, barmaklaryny ýumandan soň, onuň elini küýzeden çykarjak gümany ýokmuş. Eger almany goýberip, barmaklaryny açsa, ol arkaýyn elini çykaryp biljekmiş. Emma maýmyn kes-kelläm beýtmeýärmiş. Ol almany küýzeden çykarjak bolup, çabalanyp ýatýarmyş. Awçylaram geläge-de, ony emgenmän ele salýarmyşlar.


Görşümiz ýaly, şu ýerde maýmyny daňyp saklaýan ýekeje zat bar. Olam – gara nebsi

25
91
dmoo
02.10.2023 14:48

"Gaçyp giden gyza"


Ýylgyrdyñ öz böwriñ, özüñ gyjyklap,

Gyssandyñ gunçalan göwniñ açmaga,

Sewäp ýokdy bukjalaryñ gujaklap,

Önüp ösen ojagyñdan gaçmaga.


Gaçdyñ gitdiñ sorup ýuwdunaryñdan,

Az ýaly öýñüziñ tämiz howasy,

Çagalykda diñlän hüwdileriñden,

Ýakymlydyr öýtdüñ yşgyñ owazy.


Aýdym-saza, hem zeñzelä çolaşyp,

Ýetdiñ edýän arzuwyña-geregñe,

Şatlañ, aldyñ bu şatlygy çalyşyp,

Atañ-eneñ,söýgisiniñ deregne.


Diýýäñ bu gun,"razy bol"bir diýsedim,

Ýalañaç ökünçler örtenok seni,

Gözüñ ýaşlap atañ öýüñ küýsediñ,

A olar öýüne eltenok seni

32
124
dmoo
01.10.2023 19:14

Enaniň närazylygy


Bir ýaş ýigit bar ýygnanjasyny toplap, algy-bergisini hasaplaşyp, haja gitmegi ýüregine düwýär. Emma näme üçindir, enesi razy bolmaýar. Hemme ýol şaýyny tutan oglan enesiniň ýalbar-ýakaryna gulak asman, onuň bilen hoşlaşyp, ýola düşýär. Birnäçe günden soň, onuň ýoly uly obanyň üstünden barýar. Namaz wagty bolan soň, göni obanyň mesjidine baran oglan ol ýerde düşläp, namaza durýar. Şol wagt obanyň içinde biriniň öýüne ogry girýär. Onu gören öý eýesi ogrynyň söbügine münýär. Ogry gaçyp mesjide girýär-de, onuň aňyrky gapysyndan çykyp, gaçyp gidýär. Ogrynyň yzyndan mesjide giren adamlar hälki namaz okap duran oglany ogrudyr öýdüp, tutup alyp gidýärler. Bazar meýdançasyna eltip, uly iliň öňünde oglanyň ellerini,aýaklaryny, gulaklaryny kesýärler. Jarçylar bolsa, “Eý, jemagat! Eger kim-de kim ogurlyk etse, kişiniň malyna el gatsa, şunuň ýaly güne düşer” diýip, gygyrýarlar. Urnup ýatan oglan bolsa, jarçylara gygyrýar:

−Eý,jarçylar! Beýle diýip gygyrmaň! “Eger kim-de kim enesiniň razylygyny alman Mekgä haja gitse, onuň düşjek güni şudur” diýip gygyryň! Men enemiň ýüregini agyrdyp, haja gaýdyp, düşen günüm şu boldy

24
42
dmoo
30.09.2023 19:24

ÖÝÜŇ ÝAGDAÝY


Öýüň erkegi agşam işden gaýdyp gelende öýüň içi çalam-çaşdy. Saçak ýygnalmandyr, gap-gaçlar duran-duran ýerinde, halynyň üstündäki hapa aýak yzlar henizem syrylman eken, ýorgan-düşek galdyrylman dur, gijelikler, joraplar o taýda-bu taýda dagaşyp ýatyr. Üstesine agşam naharam taýyn däldi.


Gany depesine uran adam öýüň içinde ters öwrülip aýalyny gözledi. Aýaly bolsa, balkonda bir oturgyja jaýlaşykly ornaşypdyr-da, kitap okap otyran eken. Ýarym gaharly, ýarym aladaly äheňde ondan:


– Bu gün saňa ne döw çaldy? – diýip sorady.


Aýaly perwaýyna-da däl ýaly, oňa tarap çala gözüni aýlap:


– Hiç, jan ýoldaşym! – diýdi, “Her gün agşam gelip: “Uzakly gün öýde näme edýän zadyň bar?!” diýip, soraýardyň-a. Ine, bu günem şonuň üçin hiç zat etmedim. Öýde nämeler edýändigimi göreriň ýaly

22
66