Enaniň närazylygy
Bir ýaş ýigit bar ýygnanjasyny toplap, algy-bergisini hasaplaşyp, haja gitmegi ýüregine düwýär. Emma näme üçindir, enesi razy bolmaýar. Hemme ýol şaýyny tutan oglan enesiniň ýalbar-ýakaryna gulak asman, onuň bilen hoşlaşyp, ýola düşýär. Birnäçe günden soň, onuň ýoly uly obanyň üstünden barýar. Namaz wagty bolan soň, göni obanyň mesjidine baran oglan ol ýerde düşläp, namaza durýar. Şol wagt obanyň içinde biriniň öýüne ogry girýär. Onu gören öý eýesi ogrynyň söbügine münýär. Ogry gaçyp mesjide girýär-de, onuň aňyrky gapysyndan çykyp, gaçyp gidýär. Ogrynyň yzyndan mesjide giren adamlar hälki namaz okap duran oglany ogrudyr öýdüp, tutup alyp gidýärler. Bazar meýdançasyna eltip, uly iliň öňünde oglanyň ellerini,aýaklaryny, gulaklaryny kesýärler. Jarçylar bolsa, “Eý, jemagat! Eger kim-de kim ogurlyk etse, kişiniň malyna el gatsa, şunuň ýaly güne düşer” diýip, gygyrýarlar. Urnup ýatan oglan bolsa, jarçylara gygyrýar:
−Eý,jarçylar! Beýle diýip gygyrmaň! “Eger kim-de kim enesiniň razylygyny alman Mekgä haja gitse, onuň düşjek güni şudur” diýip gygyryň! Men enemiň ýüregini agyrdyp, haja gaýdyp, düşen günüm şu boldy