dmoo
13.10.2023 15:36

Gyzlar (degişme äheňde)



Bizar boldum telefonyň jaňyndan,

Oglumy gününe goýuň siz gyzlar,

Jyňňyrdap başlaýar güniň daňyndan,

Oglumy gününe goýuň siz gyzlar.


"Söýýän"diýip ony oda salýaňyz,

Söýeňzogam söýen kişi bolýaňyz,

Gaş kakyp,göz gyrpyp aklyn alýaňyz,

Oglumy gününe goýuň siz gyzlar.


Agşama howlugýar sagadyn belläp,

Duşuşanda berjek sowgadyn telläp,

Käte urlup gelýär, dodagyn sallap,

Oglumy gününe goýuň siz gyzlar.


Ugruňyzda entäp gije giç ýatýar,

Düýşünde samyrdap adyňyz tutýar,

Ukudan doýmanka ýene daň atýar,

Oglumy gününe goýuň siz gyzlar.


Gijeler çagyryp bagyň çetine,

Ýardyrýaňyz goňşyňyzyň itine,

Käte bolup gelýär gyzyl etene,

Oglumy gününe goýuň siz gyzlar


Eşdiň gyzlar hijiňizem aljak däl,

Gelin edip işigimden saljak däl,


Balajygmy öýermesem boljak däl.

26
309
Ayjahan Spr 04
14 Oktýabr 2023
Kim ona git diyya 🤣🤣
mekirjam
14 Oktýabr 2023
Gyz gorkli oglan durkly diyleni
dmoo
14 Oktýabr 2023
@taganowa_, ýok gyzlarda bar günä käbir owadan gyzlary gorüp oglar duryp bilenoga🤣
dmoo
14 Oktýabr 2023
@eziz03, bilmedik🤗
taganowa_
13 Oktýabr 2023
Gyzlarda günä ýoga onno hemme zady oglanlar etdirýär
ilhano_va
13 Oktýabr 2023
@dmoo, beytdip iliň gyzyna at daksa öýlenman garraýa ol arkayyn bolsun 😒
dmoo
13 Oktýabr 2023
@mawy, gawat gelen şo bollyda🤗
dmoo
13 Oktýabr 2023
Şoň üçin öýerip dynjak diýipdrdä@kowser,
ilhano_va
13 Oktýabr 2023
Ogluň garrasyn onna kime gerek seň ogluň😅🤭
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.