dmoo
02.10.2023 14:48

"Gaçyp giden gyza"


Ýylgyrdyñ öz böwriñ, özüñ gyjyklap,

Gyssandyñ gunçalan göwniñ açmaga,

Sewäp ýokdy bukjalaryñ gujaklap,

Önüp ösen ojagyñdan gaçmaga.


Gaçdyñ gitdiñ sorup ýuwdunaryñdan,

Az ýaly öýñüziñ tämiz howasy,

Çagalykda diñlän hüwdileriñden,

Ýakymlydyr öýtdüñ yşgyñ owazy.


Aýdym-saza, hem zeñzelä çolaşyp,

Ýetdiñ edýän arzuwyña-geregñe,

Şatlañ, aldyñ bu şatlygy çalyşyp,

Atañ-eneñ,söýgisiniñ deregne.


Diýýäñ bu gun,"razy bol"bir diýsedim,

Ýalañaç ökünçler örtenok seni,

Gözüñ ýaşlap atañ öýüñ küýsediñ,

A olar öýüne eltenok seni

32
124
gulnura
5 Oktýabr 2023
Goşgynyň kapiýasy deň dãl
ilhano_va
3 Oktýabr 2023
@dmoo, mena urşamok! Prikol tutasy gelýä oň. . .
dmoo
3 Oktýabr 2023
@tmyigit76, @kowser, urşmañ 🤼🙅 giñiräk boluñ
ilhano_va
2 Oktýabr 2023
@tmyigit76, sen bilen işim ýok meň
tmyigit76
2 Oktýabr 2023
@kowser, onda menden sora awtory
ilhano_va
2 Oktýabr 2023
@tmyigit76, howwa inni herkimiň özüne göra boljak
tmyigit76
2 Oktýabr 2023
@kowser, awtor awtor ýöne awtor. nm gerek şo sag bolsun aýtjakmy😬
dmoo
2 Oktýabr 2023
@kowser,Awtory: Atajan Annaberdiýew
ilhano_va
2 Oktýabr 2023
Awtoryny ýazaý
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.