dmoo
30.09.2023 19:24

ÖÝÜŇ ÝAGDAÝY


Öýüň erkegi agşam işden gaýdyp gelende öýüň içi çalam-çaşdy. Saçak ýygnalmandyr, gap-gaçlar duran-duran ýerinde, halynyň üstündäki hapa aýak yzlar henizem syrylman eken, ýorgan-düşek galdyrylman dur, gijelikler, joraplar o taýda-bu taýda dagaşyp ýatyr. Üstesine agşam naharam taýyn däldi.


Gany depesine uran adam öýüň içinde ters öwrülip aýalyny gözledi. Aýaly bolsa, balkonda bir oturgyja jaýlaşykly ornaşypdyr-da, kitap okap otyran eken. Ýarym gaharly, ýarym aladaly äheňde ondan:


– Bu gün saňa ne döw çaldy? – diýip sorady.


Aýaly perwaýyna-da däl ýaly, oňa tarap çala gözüni aýlap:


– Hiç, jan ýoldaşym! – diýdi, “Her gün agşam gelip: “Uzakly gün öýde näme edýän zadyň bar?!” diýip, soraýardyň-a. Ine, bu günem şonuň üçin hiç zat etmedim. Öýde nämeler edýändigimi göreriň ýaly

22
66
gulnura
5 Oktýabr 2023
Zenanlaryn gadryny biliň!
dmoo
1 Oktýabr 2023
@mekirjam, giñ bol gaharlanma saña gelişenok
mekirjam
1 Oktýabr 2023
Bu ishler ayalyn etmeli ishi bilyansiniz erkegin ishi oye pul getirmek,mashgalasyny gowy durmushda yashatmak,bar agyr yuku ustunde yone sahelce ayalyna hoshamay sozleri aydyp bilenoklarda😡
dmoo
30 Sentýabr 2023
@mawy, hawa ýone onça zat surata sygmaza🦋
dmoo
30 Sentýabr 2023
Post bolmanda gyzlaryña göwnine ýarandr diýip umyt edýän.dogry diýen gyzlar ❤ basyñ!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.