diktr
23.01.2024 20:50
Günorta Afrikanyň garyşyk söweş sungatynyň (MMA) söweşijisi Drikus dýu Plessi Absolýut söweşijiler çempionatynyň (UFC) orta agram derejedäki çempiony adyny almak ugrundaky göreşde amerikaly Şon Striklendi ýeňdi. UFC 297 ýaryşy Torontoda geçirildi diýip, TASS habar berýär.
Dýu Plessi eminleriň bölünen karary bilen garşydaşyny ýeňdi we UFC-niň çempionlygyny alan ilkinji günorta afrikaly boldy.
Striklend 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda gazanan çempionlyk adyny ilkinji gezek gorap, täze zelandiýaly Israel Adesanýany eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi.
Striklend 32 ýaşynda, indi MMA-da onuň 28 ýeňşi we 6 ýeňlişi bar. 30 ýaşly Dýu Plessiniň hasabynda bolsa 21 ýeňiş we 2 ýeňliş bar.
16
19
diktr
23.01.2024 00:52
2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygy Dallasdaky (ABŞ) stadionda geçiriler diýip, «Sport-Ekspress» «The Sun» neşirine salgylanyp habar berýär.
Çeşmäniň habaryna görä, duşuşyk Milli futbol ligasynyň (MFL) «Dallas Kowboýz» toparynyň meýdançasynda geçiriler – ol amerikan futboly boýunça professional topardyr.
Stadionyň iň ýokary sygymy 105 müň tomaşaçydyr. Dünýä çempionatynyň finalyny kabul etmek hukugy ugrundaky göreşde Dallasdaky stadion Nýu-Jersidäki MFL-niň «Nýu-Ýork Jaýents» we «Nýu-Ýork Jets» toparlarynyň oýunlarynyň geçirilýän ýeri bolan «MetLife Stadium» stadionyndan öňe saýlandy.
ESPN-iň habaryna görä, 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň oýunlarynyň tertibi 4-nji fewralda tanyşdyrylar. Şol gün FIFA ýaryşyň finalynyň geçiriljek ýerini resmi taýdan yglan eder.
2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljekdigini ýatladýarys. Final 19-njy iýulda bolar.
14
26
diktr
22.01.2024 08:22
Argentinanyň milli ýygyndy toparynyň oýunçylary Lionel Messi we Anhel Di Mariýa 2024-nji ýylda Fransiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda milli ýygyndylaryna kömek etmek isleýändiklerini mälim etdiler diýip, DSports-a salgylanýan Report ýazýar.
Eger Argentinanyň topary oýunlara saýlansa, dünýä çempionlary Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga taýyn. Ýaryşda topara milli ýygyndynyň ýene bir weterany, “Barselona”-nyň öňki futbolçysy Hawýer Maskerano ýolbaşçylyk eder.
Olimpiýa oýunlary iýul-awgust aýlarynda Parižde geçiriler.
Olimpiýa oýunlaryna diňe 23 ýaşdan kiçi oýunçylar gatnaşyp biler, ýöne her topara üç sany tejribeli, uly ýaşly futbolça girmäge rugsat berilýär.
Häzirki wagtda Lionel Messi täze MLS möwsümini fewral aýynda başlajak “Inter Maýami” amerikan klubunda oýnaýar. Anhel Di Mariýa bu möwsümde “Benfika”-nyň düzüminde oýnaýar.
10
28
diktr
22.01.2024 00:22
2021-nji ýylda Serdar Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Reýisi Rustam Minnihanowa sowgat beren «Ak dost» («Akdus») atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow habar berdi.
2024-nji ýylyň 15-nji we 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde«Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda ýeňiji itleriň sylaglanyş dabarasy geçirildi.
Ýeňijiler arassaganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça saýlandy.
“Ak dost” birinji sylaga 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda arassaganlylygy we owadanlygy üçin mynasyp boldy.
Bu ugurda – boýuna, agramyna, beden gurluşyna, saglyk ýagdaýyna, owadanlygyna we arassaganly Merkezi Aziýa owçarkalarynyň umumy ykrar edilen talaplaryna laýyk gelýändigine üns berilýär.
Ikinji sylaga 2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda düşbüligi, ünslüligi we buýrugy ýerine ýetirmek ukyby üçin mynasyp boldy.
«Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça çempionata tutuş Russiýa boýunça 200-e golaý it gatnaşdy.
Ýeri gelende bellesek, «Ak dost» Russiýanyň dürli şäherlerinde geçirilen birnäçe sergilere we bäsleşiklere gatnaşyp, tejribe toplady.
Bu çärelerde ol eminleriň ýokary bahalaryna mynasyp boldy
Gurbanguly Berdimuhamedow degişli sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
18
120
diktr
21.01.2024 22:52

Real madrit 3:2 Almeriýany utdy Real jankoyerleri teswirde yazyp bilersiñiz

18
26
diktr
21.01.2024 00:50

Al-Nasr we Portugaliýanyň milli ýygyndy toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo öz çykyşy barada çykyş etdiler. Bilşiňiz ýaly, portugaliýalylar 2023 senenama ýylynda 54 gol bilen iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy.


Kristiano Ronaldo 39-njy doglan gününi 5-nji fewral, duşenbe güni bellär. Häzirki möwsümi alsak, “Al-Nasr” üçin 25 resmi oýunda Portugaliýaly ýyldyz 24 pökgi we hyzmatdaşlary üçin 11 gol geçirdi.

5
172
diktr
20.01.2024 15:15
“Mançester Siti” bilen Puma kompaniýasy ýaşyl agaç Aždarhasynyň ýylyna bagyşlanan täze çäkli futbol geýimini hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär.
Klubuň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, geýimi döredijiler we öndürijiler toparyň “Etihad” stadionynyň taryhyndan hem-de hytaý medeniýetinden ruhlandylar. Bu geýimi ilkinji gezek “Mançester Sitiniň” zenanlar topary Kontinental kubogyň “Mançester Ýunaýted” bilen oýnunda geýer.
Hosep Gwardiolanyň topary häzirki möwsümde Angliýanyň Premýer-ligasynyň 20 tapgyryndan soň ýaryş jedwelinde ikinji orunda barýar, ol öňdebaryjy “Liwerpuldan” iki utuk yza galýar. “Mançester Siti” Premýer-liganyň çäklerindäki indiki oýnuny 31-nji ýanwarda geçirer. Şol gün öz meýdançasynda “Býornlini” kabul eder.
14
16
diktr
18.01.2024 22:44
BMF titulynyň eýesi Jastin Getji bilen ýarym ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony Maks Holloueý ýylyň iň uly söweşleriniň birinde duşuşar. Bu barada UFC-niň metbugat gullugyna salgylanyp, championat.com habar berýär.
UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Getjiniň Holloueýe garşy söweşiniň 13-nji aprelde UFC 300 ýaryşynda geçiriljekdigini mälim etdi.
Ýatlap geçsek, Getji iýul aýynda UFC 291-de geçiren soňky söweşinde watandaşy Dastin Porýeni nokauta gidirdi.
Öň, ýeňil agram derejesinde UFC-niň çempiony russiýaly Islam Mahaçew sosial ulgamlarda 8-nji iýunda Saud Arabystanynda Jastin Getji bilen söweşmäge taýýardygyny aýdypdy. Mahaçew oktýabr aýynda UFC 294-de birinji raundda awstraliýaly Aleks Wolkanowskiden üstün çykdy.
Holloueýiň garyşyk başa-baş söweşlerde professional rekordy 25–7. Getjiniň hasabynda 29 söweşde 25 ýeňiş bar. Getji ýeňiş gazanan ýagdaýynda BMF titulyny goran ilkinji söweşiji bolar. Şeýle-de, ol ýeňiş tapgyryny üç söweşe çenli uzaldar.
17
39
diktr
18.01.2024 02:12
«Realyň» we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Winisius Žunior Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda «Barselona» bilen geçirilen duşuşykda ajaýyp üstünlik gazandy. Bu barada lenta.ru «Çempionat» neşirine salgylanyp habar berýär.
Hüjümçi XXI asyrda «El Klassikonyň» iň çalt het-trigini amala aşyrdy. Braziliýaly futbolça garşydaşyň derwezesine üç gezek pökgi geçirmek üçin 39 minut gerek boldy.
Duşuşyk 14-nji ýanwarda, ýekşenbe güni geçirildi we «gaýmak reňklileriň» peýdasyna 4:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň ýene bir pökgüsini Rodrigo geçirdi. Gök-gyrmyzylardan Robert Lewandowski tapawutlanmagy başardy.
«Real Madrid» 13-nji gezek Ispaniýanyň Superkubogynyň eýesi boldy. «Barselona» bu baýraga 14 gezek mynasyp boldy.
15
94
diktr
17.01.2024 08:39
“Ahal” futbol toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew Türkmenistanda geçen möwsümiň iň gowy futbolçysy, “Arkadag” toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew bolsa, milli çempionatyň iň gowy hüjümçisi diýlip yglan edildi. Bu karar, ses berişligiň netijelerine esaslanyp, ýurduň futbol boýunça ýokary ligasynyň wekilleri we sport žurnalistleri tarapyndan kabul edildi.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan esaslandyrylan “fair-play” baýragy iň arassa, düzgün-tertipli oýunlary görkezen “Altyn Asyr” futbol toparyna gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti habar berýär.
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-siniň sanawy şular diýlip kesgitlendi:
Birinji düzümde Rasul Çaryýew («Arkadag») – derwezeçi; Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow (ikisi-de «Arkadag»), Hakmuhammet Bäşimow, Şöhrat Söýünow (ikisi-de «Ahal») – goragçylar; Welmyrat Ballakow, Arslanmyrat Amanow, Begmyrat Baýow (hemmesi «Arkadag»), Elman Tagaýew («Ahal») – ýarymgoragçylar; Didar Durdyýew («Arkadag»), Wahyt Orazsähedow («Altyn asyr») – hüjümçiler.
Ikinji düzümde Rahat Japarow ( «Ahal») – derwezeçi, Ybraýym Mämmedow, Mekan Saparow (ikisi-de «Arkadag»), Ata Geldiýew («Ahal»), Zafar Babajanow («Altyn Asyr») – goragçylar; Şanazar Tirkişow («Arkadag»), Magtymberdi Berenow («Nebitçi»), Yhlas Magtymow («Şagadam»), Ahmet Ataýew («Altyn asyr») – ýarymgoragçylar; Altymyrat Annadurdyýew («Arkadag»), Hojanazar Gurbanow (Aşgabat») – hüjümçiler.
16
40