diktr
18.01.2024 22:44
BMF titulynyň eýesi Jastin Getji bilen ýarym ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony Maks Holloueý ýylyň iň uly söweşleriniň birinde duşuşar. Bu barada UFC-niň metbugat gullugyna salgylanyp, championat.com habar berýär.
UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Getjiniň Holloueýe garşy söweşiniň 13-nji aprelde UFC 300 ýaryşynda geçiriljekdigini mälim etdi.
Ýatlap geçsek, Getji iýul aýynda UFC 291-de geçiren soňky söweşinde watandaşy Dastin Porýeni nokauta gidirdi.
Öň, ýeňil agram derejesinde UFC-niň çempiony russiýaly Islam Mahaçew sosial ulgamlarda 8-nji iýunda Saud Arabystanynda Jastin Getji bilen söweşmäge taýýardygyny aýdypdy. Mahaçew oktýabr aýynda UFC 294-de birinji raundda awstraliýaly Aleks Wolkanowskiden üstün çykdy.
Holloueýiň garyşyk başa-baş söweşlerde professional rekordy 25–7. Getjiniň hasabynda 29 söweşde 25 ýeňiş bar. Getji ýeňiş gazanan ýagdaýynda BMF titulyny goran ilkinji söweşiji bolar. Şeýle-de, ol ýeňiş tapgyryny üç söweşe çenli uzaldar.
17
39
manolya
18 Yanwar 2024
Bir boyka görmegim kemdi 😄 onam boş wagtym görerindä
diktr
18 Yanwar 2024
Urşyjylañ haysy muşdaklary bar bolsa yazyp bilýañiz ☝
diktr
18 Yanwar 2024
UfC 300 nji ýaryšynda haysy yeñer oytyäñiz pikirleriñizi ýazyñ....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.