diktr
23.01.2024 00:52
2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygy Dallasdaky (ABŞ) stadionda geçiriler diýip, «Sport-Ekspress» «The Sun» neşirine salgylanyp habar berýär.
Çeşmäniň habaryna görä, duşuşyk Milli futbol ligasynyň (MFL) «Dallas Kowboýz» toparynyň meýdançasynda geçiriler – ol amerikan futboly boýunça professional topardyr.
Stadionyň iň ýokary sygymy 105 müň tomaşaçydyr. Dünýä çempionatynyň finalyny kabul etmek hukugy ugrundaky göreşde Dallasdaky stadion Nýu-Jersidäki MFL-niň «Nýu-Ýork Jaýents» we «Nýu-Ýork Jets» toparlarynyň oýunlarynyň geçirilýän ýeri bolan «MetLife Stadium» stadionyndan öňe saýlandy.
ESPN-iň habaryna görä, 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň oýunlarynyň tertibi 4-nji fewralda tanyşdyrylar. Şol gün FIFA ýaryşyň finalynyň geçiriljek ýerini resmi taýdan yglan eder.
2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljekdigini ýatladýarys. Final 19-njy iýulda bolar.
14
26
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.