diktr
22.01.2024 08:22
Argentinanyň milli ýygyndy toparynyň oýunçylary Lionel Messi we Anhel Di Mariýa 2024-nji ýylda Fransiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda milli ýygyndylaryna kömek etmek isleýändiklerini mälim etdiler diýip, DSports-a salgylanýan Report ýazýar.
Eger Argentinanyň topary oýunlara saýlansa, dünýä çempionlary Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga taýyn. Ýaryşda topara milli ýygyndynyň ýene bir weterany, “Barselona”-nyň öňki futbolçysy Hawýer Maskerano ýolbaşçylyk eder.
Olimpiýa oýunlary iýul-awgust aýlarynda Parižde geçiriler.
Olimpiýa oýunlaryna diňe 23 ýaşdan kiçi oýunçylar gatnaşyp biler, ýöne her topara üç sany tejribeli, uly ýaşly futbolça girmäge rugsat berilýär.
Häzirki wagtda Lionel Messi täze MLS möwsümini fewral aýynda başlajak “Inter Maýami” amerikan klubunda oýnaýar. Anhel Di Mariýa bu möwsümde “Benfika”-nyň düzüminde oýnaýar.
10
28
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.