diktr
22.01.2024 00:22
2021-nji ýylda Serdar Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Reýisi Rustam Minnihanowa sowgat beren «Ak dost» («Akdus») atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow habar berdi.
2024-nji ýylyň 15-nji we 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde«Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda ýeňiji itleriň sylaglanyş dabarasy geçirildi.
Ýeňijiler arassaganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça saýlandy.
“Ak dost” birinji sylaga 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda arassaganlylygy we owadanlygy üçin mynasyp boldy.
Bu ugurda – boýuna, agramyna, beden gurluşyna, saglyk ýagdaýyna, owadanlygyna we arassaganly Merkezi Aziýa owçarkalarynyň umumy ykrar edilen talaplaryna laýyk gelýändigine üns berilýär.
Ikinji sylaga 2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda düşbüligi, ünslüligi we buýrugy ýerine ýetirmek ukyby üçin mynasyp boldy.
«Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça çempionata tutuş Russiýa boýunça 200-e golaý it gatnaşdy.
Ýeri gelende bellesek, «Ak dost» Russiýanyň dürli şäherlerinde geçirilen birnäçe sergilere we bäsleşiklere gatnaşyp, tejribe toplady.
Bu çärelerde ol eminleriň ýokary bahalaryna mynasyp boldy
Gurbanguly Berdimuhamedow degişli sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
18
120
nuranow01
22 Yanwar 2024
nuranow01
22 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, 😁 it hiçlaý alyp siziňki şol.Ýöne egzamen bar ony näme etmeli 🤦‍♂️
nuranow01
22 Yanwar 2024
nuranow01
22 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, 🤦‍♂️😄
nuranow01
22 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, al inni gerek däl sen "bizinki" diýdinä 😞😁
nuranow01
22 Yanwar 2024
"Pozjak" dýp ýazmandyrna ýaňjy teswirimiň yzyna şu basagaýlyk gurasynla 🤦‍♂️😁
nuranow01
22 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, siziňki bolsa şul it bln düşen surataymam 🤦‍♂️😁
nuranow01
22 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, bolia bolia siziňki şol men oňaýjak 🤦‍♂️😁
nuranow01
22 Yanwar 2024
@gulia_maksatmyradowna, biziňki şola 😝😄
nuranow01
22 Yanwar 2024
Biziň itimizmaý 😳😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.