18 446 744 703 709 551 615 sany bugdaý dänesi nähili zat gözegiňe getirip gördüňmi?
Küşt tagtasy hakynda rowaýat.
Küşt oýny örän gadymy oýunlaryň biri bolup, ol köp asyrlar bäri oýnalyp gelýär. Küşt adamyň pikirlenmek ukybyny ösdürýän, aňyny kämilleşdirýän oýun bolup, matematikany has çuňňur bilmäge kömek edýär.
―Küşt oýny Hindistanda oýlanyp tapylypdyr. Hindi patyşasy Şeram bu oýun bilen tanyş bolup, onuň ýiti akyllylygyna, onuň örän köpdürliligine haýran galypdyr. Bu oýnuň öz raýatlarynyň biri tarapyndan oýlanyp tapylandygyny bilip, bu çylşyrymly we gyzykly oýun üçin, patyşa öz eli bilen ony oýlap tapany sylaglamak isläpdir. Bu oýny oýlap tapan Seta bolup, ol örän sada geýinýän, ýaşamak üçin bolsa, puly öz şägirtlerinden alýan alym ekeni. Seta patyşa tagzym edip baş egip, huzuryna gelipdir.
Patyşa: - Seta, seniň oýlap tapan örän oňat oýnyň üçin, men seni sylaglajak. (Akyldar tagzym edip baş egýär). Seniň iň batyrgaý islegiňi ýerine ýetirmek üçin meniň baýlygym ýeterlikdir. Sen menden islän zadyňy sora! (Seta sesini çykarmandyr.) Çekinme, çekinme! Sen öz islegiňi aýt. Şony bitirmek üçin men hiç zady gysganmaryn.
(Şeýle diýmek bilen Patyşa Setany ruhlandyrypdyr.)
Seta: - Hökümdar! Seniň mähriň beýikdir. Maňa pikirlänmäge möhlet ber. Ertir öz haýyşymy size aýdaryn.
- Ertesi ýene-de Seta basgançaklaryň ýanyna gelende, öz haýyşynyň deňi-taýy bolmadyk salyhatlylygy bilen aýdyp, patyşany haýran galdyrypdy.
Seta: - Hökümdar! Küşt tagtasynyň 1-nji gözenegi üçin bir däne
bermegiňi isleýän!
Patyşa: - Ýönekeý bugdaý dänesimi? ( Geň galýar.)
Seta: - Howa hökümdar! Ikinji gözenek üçin iki däne, üçünji üçin dört däne, dördünji üçin sekiz däne, bäşinji üçin on alty däne, altynjy üçin otuz iki däne bermegiňizi sizden haýyşt edýärin. (1, 2, 4, 8, 16, 32....)
Patyşa: - Boldy. ( Patyşa gatyrganyp onuň sözüni bölýär) Sen öz däneleriňi tagtanyň hemme 64 gözenegi üçin hem alarsyň, seniň islegiň boýunça her gözenege öňündäkiden iki esse köp däne bermeli. Emma seniň dilegiň meniň sahylygyma mynasyp däl. Şeýle ujypsyz sylagy dilemek bilen, meniň rehimdarlygymy äsgermezçilik edýärsiň. Hakykatda seni mugallym hökmünde, öz patyşaň mähirliligini synamak üçin oňat görelde görkezip bilerdiň. Bar çyk! Seniň bugdaýly haltaňy daşyna çykararlar.
- Seta ýylgyrýar we zaldan çykyp gidip, köşgüň derwezesiniň agzynda garaşyp duruberýär. Naharyň başynda Patyşa küşdi oýlap tapan pähimsiz Setany ýatlaýar. Onuň bugdaýyny alyp gidenini bilmek isleýär. Patyşa wezirini çagyrýar.
Wezir: - Hyzmatyňyza taýýar. Hökümdarym!Patyşa: - Bar bil! Akylsyz Seta bugdaýly haltasyny alyp gitdimi?
- Wezir gidýär we anyklap dolanyp gelýär.
Wezir: - Hökümdar! Seniň mähriň beýikdir! Seniň buýrugyňy ýerine ýetirýärler. Köşk matematikleri bermeli dänäni hasaplaýarlar.
- Patyşa gaşyny çatdy. Ol öz buýruklarynyň beýle haýal ýerine ýetirilmegine endik etmändi. Agşam ýatmaga gitjek wagty ýene-de Setany ýatlady. Onuň bugdaýly haltasy bilen köşgüň howlusyndan haçan çykyp gidenini bilmek isledi.
Patyşa: - Elini çarpýar. (Wezir gelýär)
Wezir: - Aýdyň hökümdar!
Patyşa: - Seta bugdaýly haltasyny alyp haçan gidipdir? Men şony bilmek isleýärin.
Wezir: - Hökümdar, siziň köşkdäki matematik alymlaryňyz irmän-arman işleýärler. Olar daň atmazdan öň hasaplamany gutarmagy umyt edýärler.
Patyşa: - Näme üçin bu iş bilen äwmezlik edýärler. ( gazap bilen gygyrýar). Men ertir turmankam iň soňky dänesine çenli hemmesi Seta berilmelidir. Men buýrugy gaýtalap aýdýan däldirin.
- Ir bilen köşk matematikleriniň ýaşulusy möhüm habary diňlemegiňizi haýyş edýär diýip, patyşa habar berdiler. Patyşa ony göybermegi höküm etdi.
Patyşa: - Öz işiň barada aýtmazdan öň, Setanyň özüne bellän bolgusyz sylagy berildimi? Men şony eşitmek isleýärin.
Matematik: - Men şonuň üçin ýürek edip, ir wagt siziň ýanyňyza geldim. Biz Setanyň almaly däneleriniň hemme mukdaryny ynsap bilen hasapladyk. Ol san şeýle uly...
Patyşa: - ol san nähili uly bolsa-da, meniň ammarlarymyz gallasy azalmaz. Sylag wada edildi. Ol hökman berilmelidir.
Matematik: - Beýik hökümdar! Beýle islegi ýerine ýetirmek mümkin däl. Setanyň talap eden sany ýaly däne seniň ammarlaryň hemmesinde-de ýok. Şonça däne bütün Patyşalygyň ammarlarynda-da ýok. Beýle däne tutuş ýeriň ýüzünde hem tapdyrmaz. Eger-de wada berlen sylagyňy hökman bermek isleýän bolsaň, onda ýeriň ýüzündäki patyşalyklary sürüm meýdanyna öwürmäge buýruk ber, deňiz we okeanlary guratmaga, uzak demirgazyk çöllerini örtüp ýatan buzlary we garlary eretmäge buýruk ber. Goý olaryň ähli giňişligine bütünligine bugdaý ekmäge buýruk ber. Şol meýdanlaryň ählisinde biten bugdaýy Seta bermäge buýruk ber. Ol şonda öz sylagyny alar.
- Patyşa matematigiň sözüni geň galyp diňledi.
Patyşa: - Ol aýylganç sany maňa aýt. (Patyşa ünjä gitdi.)
Matematik: - Hökümdar ol san on sekiz kiwintilon dört ýüz kyrk alty kwadrilon ýedi ýüz kyrk dört trillion ýedi ýüz üç milliard ýedi ýüz dokuz million bäş ýüz elli bir müň alty ýüz on bäş. (18 446 744 703 709 551 615.)
- Bu aýdylanlar hakykatdan-da bolupmy ýa-da bolmanmy, belli däl. Eger-de bu äpet sanyň nähili uludygyna göz ýetirjek bolsaňyz, şeýle mukdardaky dänäniň ýerleşjek ammaryny göz öňüne getireliň.
Bir kub metre takmynan on bäş milloina golay bugdaý dänesiniň ýerleşýändigi mälim. On iki trillion (12 000 000 000 000) kub metr = 12 000 kub kilometr göwrümli däne Setanyň sylag almaly dänesi diýeliň. Diýmek ammaryň beýikligi 4 m, ini 10 m bolanda, onuň uzynlygy üç ýüz million (300 000 000) kilometr, ýagny ýerden güne çenli aralykdan-da iki esse aňryk uzap gitmeli. Emma beýle sylagy bermäge Hindi patyşasynyň gurby çatmaýardy. Emma Patyşa matematika ökde bolan bolsa-dy, beýle agyr bergiden ýeňillik bilen sypyp bilerdi.🤔😁
Milliardlar öýüni hemmämiz biliýäris. Milliardlar öýünden soň trillion, kwadrillion, kiwintilliýon, sekstilliýon, septilliýon, oktilýon, nonilýon we şuňa meňzeşler gelýär. Geliň rowaýatyň netijesine dolanalyň. Patyşa Seta özüne düşýän ähli bugdaýlaryny ýeke-ýekeden sanap almagy teklip eden bolsa bolardy. Hakykatdan-da: eger-de Seta dynman gije-gündiziň dowamynda bary-ýogy 86 400 däne sanardy. Million dänäni sanamak üçin oňa on gije-gündiz gerek bolardy. Ol on ýyllap dynman sananda-da, 100 çärýekden köp sanap bilmezdi. Özüniň galan ömrüni sanamaga sarp edende - de, Seta özüniň talap eden sylagynyň ujypsyzja bölegini alyp bilerdi.
Ýöne alym baýlyga däl-de özüniň ylma goýýan sarpasynyň örän uludygyny görkezipdir.
(Bilegi ýogyn birini ýykar - bilimi ýogyn müňüni)
👇