blue_sky
23.08.2023 22:35

Salamyň gudraty.


Bir ussa doňdurma öndürýän kärhanada işleýän eken. Günleriň birinde iş wagty ahyrla berende, ol ätiýaçdan äpet sowadyjylary barlamak üçin ýeke-ýekeden olaryň içine girip, göz aýlap başlayar. Şol barmana-da biriniň içine girende, gapy öz badyna ýapylaýýar. Ýanyna hiç-hili guralyny almadyk ussa gapyny açjak bolup, näçe çytraşsa-da, bar azaby biderek bolýar. Ähli işgärler hem öylerine gaýdan eken. Aradan ep- esli wagt geçýär. Sowukdan ýaňa ol kişininň essi aýylyp, özüni ýitirip ugranda, garawul gelip, ony halas edýär. Birnäçe günden son hälki ussa aýak üstüne galyp işe çykýar. Dessine halasgärini tapyp, sagbolsun aýdansoň, özüniň halas edilmegine näme sebäp bolandygy bilen gyzyklanýar. Garawul oňa şeýle jogap berýär:


- Şu yerde uzak ýyllardan bäri işläp gelýärin. Şol geçen döwrüň içinde ençeme adam bu kärhanadan girip-çykdylar. Ýöne, adatça, irden işe gelenlerinde senden başga meniň bilen salamlaşyp, gaýdanda-da hoşlaşýan adama gabat gelmedim. Şol günem hemişe bolşy ýaly, siz irden işe geleniňizde meniň bilen mähirli salamlaşýadyňyz. Ýöne nämüçindir iş gutaransoň, wagty bilen gara bermediňiz. Onsoň göwnüme güman gitdi-de, ähli ýerden sizi gözläp ugradym. Her-nä, çöregiň bitin eken.



👇

27
77
milasxka
23 Awgust 2023
@myrataly_, salam
myrataly_
23 Awgust 2023
Salam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.