Ynançlylar we ynançsyzlar.
Adamlar Hudaýa ynanjyna görä 4 topara bölünýärler:
1. Atteist.
2. Teist.
3. Deist.
4. Agnostizm.
1.Atteist - bu adamlar Hudaýyň bardygyny inkär etýän adamlar. Aslynda, älemde Ýaradanyň ýokdygyny aýdýarlar. Olar hiç bir dini (Yslam, hristian, ýahudi, buddizm....) kabul etmeýärler.
2.Teist - Hudaýyň ýa-da taňrylaryň bardygyna ynanýan adamlar. Teizm ynanjyna görä, taňrylar dini araçylary (pygamberleri, kitaplary ...) iberip ýa-da adamlaryň ýaşaýan dünýäsine täsir edip biljek hadysalara sebäp bolup biler. Häzirki wagtda iň ýaýran teistiki ynançlar hristiançylyk we Yslamdyr.
3. Deist - tebigy din ýa-da tebigy ynanç düşünjeleri. Hiç bir araçy bolmazdan diňe akyl arkaly düşünip boljak Hudaýa ynanýarlar. Bu ynamy kabul eden adamlara Deist diýilýär. Olar hiç bir kitaba, pygambere ýa - da welilere ynanmaýarlar. Diňe hudaýyň özüne ynanýarlar.
4. Agnostizm - (bilinmeýän) bu adamlar taňrynyň barmy ýokmydygyny bilmeýän we asla muny bilip bolmajakdygyny aýdýarlar. Demografiki gözleglere görä, atteizm bilen agnostizm beýleki dinsiz pelsepeler bilen bir kategoriýada durýandyr.
👇