blue_sky
30.08.2023 01:52
Akylly kazy

Söwdagär baýlaryň biri daýhana özüniň guýusyny satypdyr. Ekin möwsümi gelende daýhan ýaňky guýusynyň suwuny peýdalanmak isläpdir, emma söwdagãr baý

"Men saňa guýyny satdym, ýöne onuň içindäki suwy satmadym. Eger-de sen ekiniňi suwarmakçy bolsaň, suwuň bahasyny aýratyn tölemeli bolarsyň" diýipdir. Daýhan bu geleşige razy bolmandyr we kaza ýüz tutupdyr. Kazy hem taraplary diňlemek üçin söwdagäri kazyýete çagyrypdyr. Kazy, söwdagär baýa ýüzlenip:

"Eger-de sen diňe guýyny satyp, içiniň suwuny satmadyk bolsaň, onda sen öz suwuňy onuň guýusynda saklandygyň üçin daýhana hak tölemeli bolýarsyň. Bolmasa-da guýyň ähli suwuny oňa bagyş etmeli bolýarsyň" diýipdir. Söwdagär baý bu ýerde ähli hile-piriminiň, öňden taslan yaman päliniň ýol almajakdygyna düşünipdir we öyüne lapykeç dolanmaly bolupdyr.
18
65
lena
30 Awgust 2023
😌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.