bellidal
15.11.2023 22:21

Ömrüň uzalan ýaly boldumy😀

32
375
bellidal
14.11.2023 21:24

Sagbol Durmuş



Sagbol durmuş sagbol bereniň üçin

Şükür saçagymda kemenok çörek

Ýöne adam çörek bilen adam däl

Oňa başgada kän kän zatlar gerek


Sabol durmuş sagbol bereniň üçin

Ýagyşlaryň üçin garlaryň üçin

Ýöne ýagyş gara juda höwrügip

Adamyň hasratdan ölmegi mümkin


Sabol durmuş sagbol bereniň üçin

IL deňinde ýar ýerine ýar berdiň

Ýöne ýaryň saçyny ýassyk edinip

Ýatmak gylygyna syganok merdiň


Dahana söz berdiň waspyn diýere

Dost berdiň şol dosta mynasyp saýyp

Dost kyn günde gerek duşmanam berdiň

Şat günümde aglap biljek ajaýyp


Saglyk berdiň duýgy berdiň köňlüme

Dözdüm men gyşyň aňzak ýeline

Şu zatlaryň aşagyndan çyk diýip

Iň soňunda galam berdiň elime


Bu baglaryň göni egri hatary

Gülleriň günleriň müň hili reňki

Adamlaryň sary aýralyklary

Elwan duşuşygy bary meniňki


Gije-gündiz galamymy oýnatdym

Habar sorap gülden ýagyşdan guşdan

Aşagyndan çykar ýaly däl eken

Kän zat alan ekenim men durmuşdan


Ýöne neçün mende kinäň bar ýaly

Berenlerňi alýaň ýuwaş-ýuwaşdan

Ýada onuň bolmalysy şeýlemi

Eýýäm aýra düşdim niçe deň-duşdan


Atyň eýerinde tans oýnaýyn

Ýolbars deý böwseýin onuň halkasyn

Köp zat berdim diýip gynama meni

Berenleriň üçin taňryýalkasyn


Pursat ber howlukma gyssama meni

Pursat ber howlukma gyssama meni

Ãlemgoşaryňa bir gaş kakaryn

Öňümde ak kagyz elimde galam

Menem bir gün bergilemden çykaryn!



Awtory: Gurbannazar ezizow







Ejeň elinden iýmegiň



Ýa jady ýa gudraty bar

Öz boluşly sungaty bar

Hümmeti bar gymmaty bar

Ejeň elinden iýmegiň


Bolmasada ady başga

Ýa közi ýa ody başga

Dady başga dady başga

Ejeň elinden iýmegiň


Çörek dograp çorba guýsa

Bolarmy heý şondan doýsa

Taýy tapylarmy eýse

Ejeň elinden iýmegiň


Baldyr käsä guýan çaýy

Süýji bolar ejeň paýy

Gadry gaçmaz ömür boýy

Ejeň elinden iýmegiň


Hakdan gelen hezzet budur

Dünýãde baş lezzet budyr

Kimlere arman bu hödür

Çäklidir dadyn duýmagam

Ejeň elinden iýmegiň

26
87
bellidal
13.11.2023 21:43

Eger durmuşyňyz bir kino bolsa adyna näme goýardyňyz?

20
263
bellidal
12.11.2023 09:35

Kakasy ogluna diýýär:

- Bilýäňmi oglum Jennede adam mugt girýär a dogzah bolsa tölegli

- Ol nähili beýle?- diýip haýran galyp soraýa ogly.

- Dowzah ody mugt däl. Mysal üçin humar oýnasaň töleýäň, arak içsen töleýäň, zynada şonuň ýaly. Çilim nas barsy pully...

Jennet bolsa mugt oglum. Namaz okasaň senden hiç kim pul soranok oraza tutsaňam soranok, metjide girjek bolsaňam mugt. Allajandan gorkup harama seretmezlik mugt. Kalbymyzy gowy zatlara eltmek mugt. Ýagşylyk etmek mugt. Alkyş almagam şon ýaly. Bizi gowlyga eltýän hemme zat mugt. Näme üçin jennet mugt bolsada dowzaha pul töläp girjek bolýas?

27
108
bellidal
11.11.2023 21:35

Kakasy ogluny almaga sadyga gelipdir:: mollum: haysy sizin çagaňyz

kakasy: aý tapawudy ýok haýsyny berseň beräý ertir ýene yzyna getirmeli diýýä.😂😂😂

***


Mugallym:Aleksandr Makenoskiý kim?

Okuwçy; bilemok

Mugallym: okuwyňa ûns ber!

Okuwçy: Serdar Mekan Bäşim kim?

Mugallym: men nä bileýin

Okuwçy: gyzyňa üns ber!!!😆😆😆

***


Bir ogry gije bir dukany ýaryp dur diýýä

Bir adamam ony görüp

: eý näme işleýäň?

Ogry: Saz çalýan

: Aýdymyny aýdaňokmy?

Ogry: Aýdymyny ertir eýesi aýdar!😁😁😁

30
318
bellidal
10.11.2023 21:13

Mekdep ýyllarym


Ädim ädim basyp 11 ýyl ozal

Bosagaňdan ätlän mekdep ýyllarym

Senli geçen günler nähili gözel

Bugün ümsüm ýatlan mekdep ýyllarym


Garaja köwşümiň bajygyn daňyp

Tomsunda derläp gyşynda doňup

Ýaltanan günlerim gitmänjik oňup

Süýjije düýşde gatnan mekdep ýyllarym


Düzülip dur 2 3lik 5ligiñ

Drop otur nokat sypat işligiň

Bezzatlykda geçen ajap ýaşlygyň

Her gününi şatlan mekdep ýyllarym


Uzyn saçyn çekip klasdaş gyzlaryň

Üstünden ätledik ençe kynlaryň

Bilim berjek bolýan mygallymlaryň

Ýürejigini otlan mekdep ýyllarym


Ruçkadan ok atyp telefon oýnap

Mollum ýok güni begenip ýaýnap

Owadan gyzlaryň yşgynda gaýnap

Sms-jik oklan mekdep ýyllarym


Ýaşlyk edip käte kelle göçsede

Günler şatlyk gussasyny seçsede

Men bilmedim 11 ýyl neneň geçsede

Iýen duzumy haklan mekdep ýyllarym!!!

27
71
bellidal
09.11.2023 22:10

Bir gezek şeýleräk sowal berdiler


Dünýäde mukaddes 2 zat näme


Pikir edip jogap gözläp durmadym


Jogap berdim olar Ata hem Ene



Ýenede şeýleräk sowal berdiler


Dünýäde mukaddes 2 keleme


Beýik Taňrydan soňra bu 2 keleme


Ata hem Ene



Onsaň ýenede sowal berdiler


Iň uly ejizlik düşdi kimlere


Öz balasy özüne el göterse


Iň ejiz adamlar Ata hem Ene



Şondan soň hiçkim sowal bermedi


Emma welin jogap berdim men ýene


Adamlar bu uly dünýäň manysy 2 sözde


Olar. ([Ata hem Ene])...

17
59
bellidal
07.11.2023 22:14

Sülük barmajygyň bilen sypalap

Ýadygärlik beren ýaglygym daňyn

Aýna bakyp owadanlap apalap

Ýadygärlik beren ýaglygym daňyn


Kyn bolsa bir gezek iş düşse başa

Kuwwat bersin durmuşyňa ýoluňa

Şonda ýadygärlik ýaglygy guşa

Meni mežnun eden inçe biliňe


Syn et mähir bilen bakyşyn aýyň

Hemem päkize atyşyn ol daňyň

Uzakda görsemem tanarym ýaly

Ýadygärlik beren ýaglygym daňyn


Ṣol çynarlar deýin dik bolsun başyň

Ömrüňi bezesin akylyň-huşuň

Ýadygärlik beren ýaglygym bilen

Süpürmeseň bolýa gözleriň ýaşyn


BU SETIRLERDEN SOŇ GÜLÜM DUŞUŞMAGA SÖZ BERDI MAŇA.


Duýdurman gel diýdi geldim ogrynça

Çalaja tolgunyp garaşdym oňa

Ýarym hem geldi meňzäp bahar-ýaza

Bilbile duýdurman gülden ogrynça


Dolan aý ýaldyrap asmana galdy

Kümüş şuglasyny her ýana saldy

Ýaşyl ketenide gujagyma doldy

Sypadym zülpüni ýelden ogrynça


Çal bulut pytrady syryldy perde

Bahar ýeli oýun gurdy şol ýerde

Menem gül içinde çolaja ýerde

Öpdüm söýgülimi ilden ogrynça


Şonda bagtdan ýaňa ýarymyň gözi

Bagyň güli ýaly ýagtyldy ýüzi

Ýok garradyp bilmez ýyllaram bizi

Ýaşaýas ýar bilen ýyldan ogrynça!.

29
200
bellidal
06.11.2023 21:41

Oglan öz söýgülisi bilen 100 km tizlikde barýardy

Gyz: tizligińi peseldäý haýyş

Oglan: gūlūp hezil dälmi gaýtam

gyz: ýok peseldäý tizligiňi

oglan: bolya onda men seni söýýãn diý

gyz: bolya men seni söÿýän

oglan: indi meni çyn ýürekden gujakla

gyz: bolya diyip gujaklayar

oglan: indi bolsa meñ kaskamy Alda geý ol meni birhili bogýar.

gyz alyp geýýãr.




Ertesi gün gazetda düýn motorly heläkçilik boldy motorda 2 adam bar eken biri diri galdy.




Hakykatda bolsa oglan ýoluň ýarsyna ýetende tormozyň işlemeýänini bilipdi. Emma oglan gyza bildirmejek boldy. Ol iň soňky gezek gyza söýýän diýdirdi we iň soňky gezek gujaklatdy. Kaskany hem oňa şonuň üçin beripdi ony diri goýdy we özi dünýäden ötdi.

27
156
bellidal
04.11.2023 22:21

Ýaşlygyñ ÿúki


Gyşda gar ýapynyp ýazyna gülläp

Agyr zähmet bilen dem alýar lebap

Urş ody bolsa ýanýardy lowlap

Ýarym ýalañaçdym ýarym açdym men

Oňa derek gör nahili ýaşdym men


Gelmesede topuň tüpeňiň sesi

Çañap durdy amyderýaň depesi

Kä surnugyp käte dürsäp nepesi

Paý pyýada menzillerden açdym men

Oňa derek gör nähili ýaşdym men


Dyz eperdim selpäp ýadalananda

Giň çölüñ adamsyz adalarynda

Ömrümiň hatarsyz ýodalarynda

Hut ajalyň özünede duşdym men

Emma ýan bermedim sebäp ýaşdym men


Egninde ýönekeý alaja köýnek

Özüde durşuna görk bilen görmek

Başlandy şol gyzyň yşgynda köýmek

Gündizi gijesi bir beýhuşdym men

Sermestdim men tarhandym men ýaşdym men


Aýlar günler aýak çekmän ýöräp dur

Ýatlanymda şindem süňňüm eräp dur

Indi ol gyz o dünỳäden garap dur

Ykbalyň oýnuna bialaçdym men

Çydapdyryn şükür hernä ýaşdym men


Ýaşlyk ýarym asyr yzymda galdy

Armanym şol söýen gyzymda galdy

Diňe akyl-huşum özümde galdy

Baş çykaryp bilmän halys çaşdym men

Goja boldum a nähili ýaşdym men




Berdinazar Hudaýnazarow.

32
81