bellidal
10.11.2023 21:13

Mekdep ýyllarym


Ädim ädim basyp 11 ýyl ozal

Bosagaňdan ätlän mekdep ýyllarym

Senli geçen günler nähili gözel

Bugün ümsüm ýatlan mekdep ýyllarym


Garaja köwşümiň bajygyn daňyp

Tomsunda derläp gyşynda doňup

Ýaltanan günlerim gitmänjik oňup

Süýjije düýşde gatnan mekdep ýyllarym


Düzülip dur 2 3lik 5ligiñ

Drop otur nokat sypat işligiň

Bezzatlykda geçen ajap ýaşlygyň

Her gününi şatlan mekdep ýyllarym


Uzyn saçyn çekip klasdaş gyzlaryň

Üstünden ätledik ençe kynlaryň

Bilim berjek bolýan mygallymlaryň

Ýürejigini otlan mekdep ýyllarym


Ruçkadan ok atyp telefon oýnap

Mollum ýok güni begenip ýaýnap

Owadan gyzlaryň yşgynda gaýnap

Sms-jik oklan mekdep ýyllarym


Ýaşlyk edip käte kelle göçsede

Günler şatlyk gussasyny seçsede

Men bilmedim 11 ýyl neneň geçsede

Iýen duzumy haklan mekdep ýyllarym!!!

27
71
bellidal
10 Noýabr 2023
@gg06, yatdan cykar yalymy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.