Ýaşlygyñ ÿúki
Gyşda gar ýapynyp ýazyna gülläp
Agyr zähmet bilen dem alýar lebap
Urş ody bolsa ýanýardy lowlap
Ýarym ýalañaçdym ýarym açdym men
Oňa derek gör nahili ýaşdym men
Gelmesede topuň tüpeňiň sesi
Çañap durdy amyderýaň depesi
Kä surnugyp käte dürsäp nepesi
Paý pyýada menzillerden açdym men
Oňa derek gör nähili ýaşdym men
Dyz eperdim selpäp ýadalananda
Giň çölüñ adamsyz adalarynda
Ömrümiň hatarsyz ýodalarynda
Hut ajalyň özünede duşdym men
Emma ýan bermedim sebäp ýaşdym men
Egninde ýönekeý alaja köýnek
Özüde durşuna görk bilen görmek
Başlandy şol gyzyň yşgynda köýmek
Gündizi gijesi bir beýhuşdym men
Sermestdim men tarhandym men ýaşdym men
Aýlar günler aýak çekmän ýöräp dur
Ýatlanymda şindem süňňüm eräp dur
Indi ol gyz o dünỳäden garap dur
Ykbalyň oýnuna bialaçdym men
Çydapdyryn şükür hernä ýaşdym men
Ýaşlyk ýarym asyr yzymda galdy
Armanym şol söýen gyzymda galdy
Diňe akyl-huşum özümde galdy
Baş çykaryp bilmän halys çaşdym men
Goja boldum a nähili ýaşdym men
Berdinazar Hudaýnazarow.