bellidal
14.11.2023 21:24

Sagbol Durmuş



Sagbol durmuş sagbol bereniň üçin

Şükür saçagymda kemenok çörek

Ýöne adam çörek bilen adam däl

Oňa başgada kän kän zatlar gerek


Sabol durmuş sagbol bereniň üçin

Ýagyşlaryň üçin garlaryň üçin

Ýöne ýagyş gara juda höwrügip

Adamyň hasratdan ölmegi mümkin


Sabol durmuş sagbol bereniň üçin

IL deňinde ýar ýerine ýar berdiň

Ýöne ýaryň saçyny ýassyk edinip

Ýatmak gylygyna syganok merdiň


Dahana söz berdiň waspyn diýere

Dost berdiň şol dosta mynasyp saýyp

Dost kyn günde gerek duşmanam berdiň

Şat günümde aglap biljek ajaýyp


Saglyk berdiň duýgy berdiň köňlüme

Dözdüm men gyşyň aňzak ýeline

Şu zatlaryň aşagyndan çyk diýip

Iň soňunda galam berdiň elime


Bu baglaryň göni egri hatary

Gülleriň günleriň müň hili reňki

Adamlaryň sary aýralyklary

Elwan duşuşygy bary meniňki


Gije-gündiz galamymy oýnatdym

Habar sorap gülden ýagyşdan guşdan

Aşagyndan çykar ýaly däl eken

Kän zat alan ekenim men durmuşdan


Ýöne neçün mende kinäň bar ýaly

Berenlerňi alýaň ýuwaş-ýuwaşdan

Ýada onuň bolmalysy şeýlemi

Eýýäm aýra düşdim niçe deň-duşdan


Atyň eýerinde tans oýnaýyn

Ýolbars deý böwseýin onuň halkasyn

Köp zat berdim diýip gynama meni

Berenleriň üçin taňryýalkasyn


Pursat ber howlukma gyssama meni

Pursat ber howlukma gyssama meni

Ãlemgoşaryňa bir gaş kakaryn

Öňümde ak kagyz elimde galam

Menem bir gün bergilemden çykaryn!



Awtory: Gurbannazar ezizow







Ejeň elinden iýmegiň



Ýa jady ýa gudraty bar

Öz boluşly sungaty bar

Hümmeti bar gymmaty bar

Ejeň elinden iýmegiň


Bolmasada ady başga

Ýa közi ýa ody başga

Dady başga dady başga

Ejeň elinden iýmegiň


Çörek dograp çorba guýsa

Bolarmy heý şondan doýsa

Taýy tapylarmy eýse

Ejeň elinden iýmegiň


Baldyr käsä guýan çaýy

Süýji bolar ejeň paýy

Gadry gaçmaz ömür boýy

Ejeň elinden iýmegiň


Hakdan gelen hezzet budur

Dünýãde baş lezzet budyr

Kimlere arman bu hödür

Çäklidir dadyn duýmagam

Ejeň elinden iýmegiň

26
87
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.