bellidal
07.11.2023 22:14

Sülük barmajygyň bilen sypalap

Ýadygärlik beren ýaglygym daňyn

Aýna bakyp owadanlap apalap

Ýadygärlik beren ýaglygym daňyn


Kyn bolsa bir gezek iş düşse başa

Kuwwat bersin durmuşyňa ýoluňa

Şonda ýadygärlik ýaglygy guşa

Meni mežnun eden inçe biliňe


Syn et mähir bilen bakyşyn aýyň

Hemem päkize atyşyn ol daňyň

Uzakda görsemem tanarym ýaly

Ýadygärlik beren ýaglygym daňyn


Ṣol çynarlar deýin dik bolsun başyň

Ömrüňi bezesin akylyň-huşuň

Ýadygärlik beren ýaglygym bilen

Süpürmeseň bolýa gözleriň ýaşyn


BU SETIRLERDEN SOŇ GÜLÜM DUŞUŞMAGA SÖZ BERDI MAŇA.


Duýdurman gel diýdi geldim ogrynça

Çalaja tolgunyp garaşdym oňa

Ýarym hem geldi meňzäp bahar-ýaza

Bilbile duýdurman gülden ogrynça


Dolan aý ýaldyrap asmana galdy

Kümüş şuglasyny her ýana saldy

Ýaşyl ketenide gujagyma doldy

Sypadym zülpüni ýelden ogrynça


Çal bulut pytrady syryldy perde

Bahar ýeli oýun gurdy şol ýerde

Menem gül içinde çolaja ýerde

Öpdüm söýgülimi ilden ogrynça


Şonda bagtdan ýaňa ýarymyň gözi

Bagyň güli ýaly ýagtyldy ýüzi

Ýok garradyp bilmez ýyllaram bizi

Ýaşaýas ýar bilen ýyldan ogrynça!.

29
200
orazow96
9 Noýabr 2023
Haçan geljegi admine bagly
bellidal
7 Noýabr 2023
Gönüñize ýaran bolsa bolýalaý
bellidal
7 Noýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, mena yasym gecibem barya😁😊😆
bellidal
7 Noýabr 2023
@enes__, bolmandyrmy
bellidal
7 Noýabr 2023
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.