bayramgeldiyewarslan
27.12.2023 20:49
Oýunlarda grafikany yzygiderli seljerýän Digital Foundry-nyň awtorlary hut grafika nukdaýnazaryndan iň gowy oýunlary agzap, ýylyň netijelerini yglan etdiler.
“Awatar: Pandoranyň serhetleri” birinji ýeri eýeledi. Ol uly, owadan we jikme-jik açyk dünýäsi, global yşyklandyryş we hatda Xbox Series S-de hem işleýän şöhle yzlary ulanylandygy üçin gowy baha mynasyp boldy.
Ikinji ýer Alan Wake II-ä berildi, awtorlar bu iki oýnuň haýsysyna birinji ýeri bermelidigi barada uzak wagtlap jedelleşendiklerini aýdýarlar. Netijede, Alan Wake II diňe hakykatda has gysby göwrümi sebäpli ikinji ýeri eýeledi. Şol bir wagtyň özünde, oýunda köp jikme-jiklik bar, şöhleleri yzarlamagyň ajaýyp ýerine ýetirilişi we umuman alanyňda, surat gönüden-göni haýsydyr bir filmden alnan ýaly.
Cyberpunk 2077 üçünji ýeri eýeledi, ýöne öz-özünden däl-de, bu diňe şu ýyl goşulan “Reý Tracing: Overdrive” režimi sebäpli boldy. Cyberpunk 2077 birnäçe ýyllap şöhleleriň yzynyň oýunlarda nähili bolup biljekdiginiň iň güýçli mysallaryndan biri hasaplanýar, täze režim bolsa bu zatlaryň hemmesini, şol sanda ýol yzarlamagy hem goşmak bilen, täze derejä çykarýar. Dogry, bu režim görlüp-eşidilmedik serişdäni talap edýär.
Awtorlar ilkinji üçlükden başga-da, ilkinji onluga giren beýleki oýunlary, olara reýting bermezden, kesgitlediler:
Star Wars Jedi: Survivor
Final Fantasy XVI
RoboCop: Rogue City
Resident Evil 4
Hi-Fi RUSH
Super Mario Bros. Wonder
Marvel’s Spider-Man 2
Mundan başga-da, ilkinji onluga çykmasa-da, birnäçe oýun aýratynlykda agzaldy. Olar: Dead Space, Horizon Forbidden West: Burning Shores, Jusant, Armored Core VI: Fires Of Rubicon we Metroid Prime Remastered.
17
15
bayramgeldiyewarslan
27.12.2023 07:00
Täze ýyl dünýä halklaryny ruhy taýdan bir-birine golaýlaşdyrýar. Gadym döwürde Rimde dini ynançlar esasynda bellenen Täze ýyl soňabaka dürli ýurtlarda şol halklaryň däp-dessurlary, ynançlary, yrymlary esasynda täze bir mazmuna eýe bolupdyr. Her bir maşgalada umyt-arzuw bilen garşylanyp, adamlaryň şatlyk baýramyna öwrülipdir.
***
Täze ýylyň öň ýanynda Awstriýanyň köçelerinde şatlyk-şagalaň höküm sürýär. Wenada ýaşaýanlaryň köpüsi, baryp-ha, XVIII asyrda gurlan «Parahatçylyk jaňy» diýlip atlandyrylýan uly jaňyň dabaraly zarňyldysyny diňlemek üçin hormatly Stefanyň baş ybadathanasynyň ýanyna ýygnanýarlar. Soňra baýramçylyk Täze ýyl saçagynyň başynda daň atýança dowam edýär.
***
Italiýada ýarygijä çenli köçeler ümsümlik bolýar. Sagadyň peýkamy 12-ä ýetende daş-töwerek şowhuna beslenýär. Dürli reňkli feýerwerklerden köçeler al-ýaşyl öwüsýär. Adamlar penjireleriniň ählisini açp köne-küşül zatlaryny daşary zyňýarlar. Mysal üçin, kimdir biri täze egin-eşik edinen bolsa, köne geýimlerini köçä zyňýar.
***
Finlýandiýada Täze ýyl gijesi uly gyzlar we öýlenmedik ýigitler köwüşlerini egnaşyr zyňyp goýberýärler. Eger-de köwşüň burny derwezä tarap bakyp dursa, onuň eýesi şol ýyl durmuş gurýar diýen ynanç bar. Bu ýurtda Täze ýylda birek-birege ediljek sowgady bezelen arçanyň düýbünde düňderilgi duran mis jamyň aşagynda goýmak endigi bar.
***
Täze ýyl gelende Ýaponiýada ybadathananyň jaňy 108 gezek kakylýar. Adamlar ýüz we sekiz sany bagt getirýän san hasaplaýarlar. Jaňyň zaňy radio arkaly tutuş ýurda eşitdirilýär. Soňra adamlar deňziň kenaryna ýa-da daglara gidip, Günüň dogşuny synlaýarlar.
***
Wýetnamlylarda Täze ýyl baýramçylygy maşgala gatnaşyklarynyň berkligini, ata-babalarynyň ýaşan ýerlerine wepalydyklaryny aňladýan şekiller bilen alamatlandyrylýar. Adamlar şowhun-şagalaň bilen süýrenýän aždarha öýkünip, köçä çykýarlar.
***
Täze ýyl gijesinde Gwineýada köçelere pilleri alyp çykýarlar. Pilleriň üstünde ýa-da gapdalynda şol ýylyň şekilini aňladýan nikaply adamlar bolýar. Piller ýurtda bolçulygyň hem-de güýçlüligiň nyşany hasaplanylýar.
***
Keniýada ýaşaýanlar Täze ýylda tutuş maşgalalar bolup açyk howada baýram-çylyk dabarasyny geçirýärler. Däp-dessurlaryny berjaý edip, göwün söýen aý-dymlaryny aýdyarlar, birek-birege sowgat gowşurýarlar.
***
Gündogaryň käbir ýurtlarynda Täze ýyl gijesi sagat 12-de şol ýyla gabat gelýän müçede doglan adam öýe gelse, bagt gelýär diýip yrym edýärler. Mysal üçin, 2013-nji ýylyň ilkinji gününde Ýylan ýylynda doglan adamyň öýe gelmegini şowlulyk hasap edýärler.
***
Gurakçylyga köp duş gelinýän ýurtlarda bolsa, ýyl ygally hem-de hasylly gelsin diylip, Täze ýyl gijesi köçelere suw sepýärler.
19
26
bayramgeldiyewarslan
26.12.2023 17:41
RIA Nowosti agentliginiň maglumatlaryna görä, Täze ýyl nahary iň arzan bolan ýurt Wengriýa, iň gymmat bolan ýurt bolsa Ýaponiýadyr. Wengriýada iň arzan nahar ýurtda meşhur bolan duza ýatyrylan kelem hasaplanýar. Onuň bir paýynyň bahasy 2,5 dollara barabar.
Iň gymmat baýramçylyk nahary bolsa Ýaponiýanyň çorbaly hem-de krewetkadan, kömelekden, gök önümlerden ýa-da balykdan tempuraly greçiha aşydyr. Bir tabak üçin baha 10,8 dollara deň.
Fransiýada esasy Täze ýyl nahary guş, mysal üçin, bir paýynyň bahasy 6,2 dollar bolan hindi towugydyr. Mundan başga-da, fransiýalylaryň Täze ýyl stolunda hökmany ýagdaýda fua-gra bolmaly. Kiçijik bankanyň bahasy 35 dollara barabar.
Täze ýyl stolunda hindi towugynyň etiniň bolmagy ABŞ-da hem meşhurdyr. Bu ýerde bir paýyň bahasy 2,9 dollar.
18
21
bayramgeldiyewarslan
26.12.2023 06:48
Türkmenistanda tamamlanyp barýan ýylyň soňky iş hepdesi örän ýyly bolar. Ýurdumyzyň gidrometeorologiýa gullugynyň çaklamalaryna görä, howanyň ortaça temperaturasy +20 gradus ýyly bolar.
Aşgabatda üýtgäp durýan, şemally howa bolar. Gündizlerine +20…+22 gradus, gijelerine bolsa +8…+10 gradus maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar. Anna güni ýagyş ýagmagy we gündizlerine howanyň temperaturasynyň +7 gradusdan +14 gradusa çenli aralykda bolmagy mümkin.
Ahal welaýatynyň käbir ýerlerinde bulutly we ýagynly bolar. Gündizlerine howa +20…+25 gradus, gijelerine +8…+13 gradus bolar. Dynç günleri gündizlerine +14 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa howa –2…+3 gradus bolar.
Balkan welaýatynda az bulutly we şemally howa bolar. Gündizlerine howa +15…+20 gradus, gijelerine bolsa +7…+12 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda gündizki görkezijiler +9 gradus ýylylyga çenli peseler. Käbir ýerlerde az-kem ýagyş ýagar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine howa +21…+26 gradus, gijelerine bolsa +8…+13 gradus maýyl bolar. Hepdäniň ahyrynda az-kem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Dynç günleri gündizine +9…+14 gradus maýyl, gijelerine bolsa –2 gradusa çenli sowuk howanyň bolmagyna garaşylýar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine howa +19…+24 gradus, gijelerine bolsa +7…+12 gradus bolar. Anna gününden başlap gündizlerine howanyň temperaturasynyň +6 gradusa çenli peselmegine garaşylýar. Gijelerine howa –3…+2 gradus bolar.
Daşoguz welaýatynyň käbir ýerlerinde ýagyş ýagar. Gündizlerine howa +10…+15 gradus, gijelerine bolsa +3…+8 gradus maýyl bolar. Dynç günlerinde howanyň +4…+9 gradus bolmagyna garaşylýar. Günüň ýaşmagy bilen howa –5 gradusa çenli sowar.
20
39
bayramgeldiyewarslan
24.12.2023 17:51
Singapur bilen Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpuryň arasyndaky uçuş gatnawy 2023-nji ýylyň jemi boýunça dünýäde iň meşhur gatnaw boldy. Bu barada Britaniýanyň OAG gözleg kompaniýasynyň reýtinginde aýdylýar diýip, interfax.ru habar berýär.
Geçip barýan ýylda bu ugur boýunça iki tarapa uçan uçarlarda 4,9 mln ýolagçy orny elýeterli boldy, bu bolsa 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende bir ýarym esse köpdür. Iki şäheriň arasyndaky uçuş bary-ýogy bir sagat töweregi wagt alýar.
Ikinji orny Kair – Jedda gatnawy (4,8 mln orun elýeterli, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 38% ösüş), üçünji orny Gonkong – Taýbeý gatnawy (4,6 mln, +130%) eýeledi.
Şeýle-de, ýolagçylaryň arasynda iň meşhur ugurlaryň onlugyna Dubaý – Er-Riýad, Jakarta – Singapur, Bangkok – Singapur we Bangkok – Seul girdi. Ilkinji onlukda Aziýadan bolmadyk ýeke-täk gatnaw Nýu-Ýork bilen Londonyň arasyndaky uçuşdyr.
Atlanta amerikan şäheriniň howa menzili dünýäde iň köp gelim-gidimli howa duralgalarynyň reýtinginde birinji orny saklady – 2023-nji ýylda ol 61,2 mln orunlyk uçuşlara hyzmat etdi, bu bir ýyl ozalkydan 12% köpdür. Ikinji orunda Dubaýyň howa menzili, üçünji orunda Tokionyň Haneda, dördünji orunda Londonyň Hitrou howa menzili ýerleşýär.
Ilkinji onlukda ýeke-täk täze howa menzili kabul edilen we ugradylan gatnawlarda 43,4 mln orun bilen onunjy orny eýelän Guançžou boldy. 2022-nji ýylda howa menzili reýtingde 16-njy orny eýeledi.
17
21
bayramgeldiyewarslan
23.12.2023 16:45
Awçy / hekaýa
AWÇY
Gadymy Merwiñ üstünden geçýän Beýik ýüpek ýolunyñ ugrunda kiçeñräk bir oba bardy. Muña Nazar awçynyñ obasy diýýärler. Bu töwerekdäki obalara garanyñda bu obañ gelim-gidimi-de köpdi. Obanyñ ortasynda pagsadan salnan mesjide diñe bir namaz üçinem däldi. Oba adamlary geñeş etjegem bolsalar şol ýere ýygnanýardy.
Obanyñ deñinden geçýän kerwenlerem düşläp geçensoñ her kim zeruryny satyn alyp, dokan haly palasdyr baganalaryny satyp pullanýarlar.
Bir gūnem öýle namazyndan soñ kerwene garaşyp otyrkalar, ýaşy birçene baran ak sakal goja salam berip eşegini saklady-da:
- Nazar awçynyñ obasymyka şu oba - diýip sorady.
Owaldanam, atly-atly baýlaryñ atlary tutulman, Nazar awçyñ obasy diýilýänine görūplik edip ýören baýlaryñ biri goja bakyp:
- Biz-ä, Nazar awçyñ obasy bar diýip senden eşidýäs. Gara nebsi ūçin obañ toýuny-ýasyny terk edip ýöreniñem bir obasy bolar oguşýa. Idäberiñ taparsyñyz- diýip, sesine bat beribräk ýerliksiz myjabatlar atyp jogap berdi.
Onýança, bir çetde oturan ýaşulylaryñ biri turup salamlaşdy-da;
- Hawa, sakgaldaş, şu oba bolmaly. Şol diýip gelen bolsañyz oglanlañ birini goşup goýbereýin, alyp barar-diýdi.
Onýança hälki baý ýerinden turup:
-Siz şü Nazar balaja diýip gelen bolsañyz gidip oturmañ. Biz ony bärik çagyraly diýip otyrdyk. Hany ýigitler şony oky - hyrlysy bilen alyp geliñ!
Aýdylanna mähetdel iki sany atly ýigitler almaga gitdiler. Baý:
- Aw eden bolup töwerekde tohumlyk goýmady how, adamlar! Bu zatlañam hasab-a bardyr. Munuñ ūstesine-de Pylan awçyñ obasy diýşip, obada bir saýhally adam ýok ýaly. Ata-baba gelýän Seýrap düzüñ-ä ady ýitdi.
Onýança-da hyrlysyny eşeginiñ gaññasyndan dik asyp, idip gelen Nazar awçy, inçeräk sesi bilen salam berip märekäñ deñinde saklandy. Ýaş oglanlaryñ biri eşeginiñ boýnundan tutdy-da añyrrakda dañyp geldi. Baý aga awçyñ salamyny aldyda:
- Nazar! Gelen bolsañ, ilki hol oturan myhmanyñ habaryny al. Soñ biz bilen gūrleşersiñ-diýdi. Nazar awçy agraslyk bilen saglyk amanlyk soraşdy-da,
- Baý aga, myhman men diýip gelen bolsa öýde çaý - çörek beremsoñ habaryny alar otyryn. Siziñ menlik näme işiñiz bolsa aýdyp oturyñ!
Baý aga oña alarlyp:
- Aýtsam, sen şu günden beýläk hyrlyñy goýmaly bolarsyñ.
- O nä beýle hökūm, sebäbini aýdyñ, baý aga?
- Sebäbini bilesiñ gelse gulak as! Gara nebsiñ bilen obañdan bizar bolup, tohumlyk goýmadyñ keýikde, gulanda. Bihasap zat ýokdur, awçy. Geljek ýaza çenli hyrlyñ sesini eşitmäýin. Şu oturanlañam gelen karary şü!
- Hää. Bolar baý aga. "Il oñlasa atyñy soý" diýipdirler.
Ol elini agzyna ýetirdi-de dişlerini görkezip:
- Bu degirmeni beren Alla bugdaýyny hem berjekdir, bàý aga.
Baý:
- Berse nesip etsin. Sen diýleni et!
Edil şol wagt, aýaklarynyñ aşagy gyzgyn çägede bişip, dabanlary çokaýyñ oltañyndanam galñap giden, ýarym-ýalañaç iki sany ýortmança oglanlar awçyny tanap dogry ýanyna baryp salam berdilerde, ara salym salman:
- Nazar aga! Biz-ä siziñ ýanyñyza iberdiler. Hol biziñ obamyzdan Pälwan agañ gelýän jumada kyrkyny berjekler. "Şoña söwüşlik aw edip bersin. Özlerem çül-çaga bolansoñ elleri ýuka, gaýrat etsin" diýdiler, jogabyñyzy eşitsek garañka galman gaýtmakçy-diýip, pert-pert habaryny aýtdylar..
Indi hemme zat düşnükli boldy. Baý aga durup bilmän:
- Hany, ol obañ baýy - begi ýokmyşynmy, awça gūni galdymy?!
Oglanjyk çekinmän:
- Baýlara-da bizi iberdiler weli, öñki bergisini bersin diýdi. Onsoñ bärik geldik-diýdi.
Bular bilen çekeleşip durman, awçy oglanlara "bolar" diýdi-de, hälden bäri garaşyp oturan myhmanynam alyp öýūne gaýtmakçy boldy. Myhman awçydan uzur sorap:
- Awçy aga, maña-da rugsat beräýiñ. Meniñem haýyşym şol awdy. "Döwletliñ ýanyndan suwly ýap geçer, bidöwletiñ ýanyndan ýowy ýetik ýol geçer" diýleni boldy. Alada ūçin alyp goýan malymyzy aldyrdym. Bu gūn erte çakylygym. Şoña bir aw edip berseñiz diýip gelşimdi. Siz hälki oglanlaryñ ýumuşuny bitiriberiñ. Hemme zat bähbide ýazdy. Näme ūçin obaña Nazar awçyñ obasy diýilýänine göz ýetirdim. Alla size abraý bersin-diýip öýūne gaýdyberýar.
Nazar awçy hyrlysyny taşlap eşegine mūndi-de çöle tarap ýola dūşdi.
Ertesi ikindin ara oba oglanjyklaryñ:
- Nazar awçy gelýär. Keýik tutupdyr, keýiik-diýip, jar çekýän seslerine hälki baý hem ýaranlaryny alyp garşylap:
- Ýeri awçy?! Ýaragsyz - därisiz nädip tutup bilýäñ?! - diýen batnyksyz soragyna, Nazar awçy:
- Baý aga! Siz meniñ elimdäkini alsañyzam alnymdakyny alyp bilmersiñiz - diýip jogap beripdir.
Aşyr SALYH ogly.
20
60