bayramgeldiyewarslan
27.12.2023 07:00
Täze ýyl dünýä halklaryny ruhy taýdan bir-birine golaýlaşdyrýar. Gadym döwürde Rimde dini ynançlar esasynda bellenen Täze ýyl soňabaka dürli ýurtlarda şol halklaryň däp-dessurlary, ynançlary, yrymlary esasynda täze bir mazmuna eýe bolupdyr. Her bir maşgalada umyt-arzuw bilen garşylanyp, adamlaryň şatlyk baýramyna öwrülipdir.

***

Täze ýylyň öň ýanynda Awstriýanyň köçelerinde şatlyk-şagalaň höküm sürýär. Wenada ýaşaýanlaryň köpüsi, baryp-ha, XVIII asyrda gurlan «Parahatçylyk jaňy» diýlip atlandyrylýan uly jaňyň dabaraly zarňyldysyny diňlemek üçin hormatly Stefanyň baş ybadathanasynyň ýanyna ýygnanýarlar. Soňra baýramçylyk Täze ýyl saçagynyň başynda daň atýança dowam edýär.

***

Italiýada ýarygijä çenli köçeler ümsümlik bolýar. Sagadyň peýkamy 12-ä ýetende daş-töwerek şowhuna beslenýär. Dürli reňkli feýerwerklerden köçeler al-ýaşyl öwüsýär. Adamlar penjireleriniň ählisini açp köne-küşül zatlaryny daşary zyňýarlar. Mysal üçin, kimdir biri täze egin-eşik edinen bolsa, köne geýimlerini köçä zyňýar.

***

Finlýandiýada Täze ýyl gijesi uly gyzlar we öýlenmedik ýigitler köwüşlerini egnaşyr zyňyp goýberýärler. Eger-de köwşüň burny derwezä tarap bakyp dursa, onuň eýesi şol ýyl durmuş gurýar diýen ynanç bar. Bu ýurtda Täze ýylda birek-birege ediljek sowgady bezelen arçanyň düýbünde düňderilgi duran mis jamyň aşagynda goýmak endigi bar.

***

Täze ýyl gelende Ýaponiýada ybadathananyň jaňy 108 gezek kakylýar. Adamlar ýüz we sekiz sany bagt getirýän san hasaplaýarlar. Jaňyň zaňy radio arkaly tutuş ýurda eşitdirilýär. Soňra adamlar deňziň kenaryna ýa-da daglara gidip, Günüň dogşuny synlaýarlar.

***

Wýetnamlylarda Täze ýyl baýramçylygy maşgala gatnaşyklarynyň berkligini, ata-babalarynyň ýaşan ýerlerine wepalydyklaryny aňladýan şekiller bilen alamatlandyrylýar. Adamlar şowhun-şagalaň bilen süýrenýän aždarha öýkünip, köçä çykýarlar.

***

Täze ýyl gijesinde Gwineýada köçelere pilleri alyp çykýarlar. Pilleriň üstünde ýa-da gapdalynda şol ýylyň şekilini aňladýan nikaply adamlar bolýar. Piller ýurtda bolçulygyň hem-de güýçlüligiň nyşany hasaplanylýar.

***

Keniýada ýaşaýanlar Täze ýylda tutuş maşgalalar bolup açyk howada baýram-çylyk dabarasyny geçirýärler. Däp-dessurlaryny berjaý edip, göwün söýen aý-dymlaryny aýdyarlar, birek-birege sowgat gowşurýarlar.

***

Gündogaryň käbir ýurtlarynda Täze ýyl gijesi sagat 12-de şol ýyla gabat gelýän müçede doglan adam öýe gelse, bagt gelýär diýip yrym edýärler. Mysal üçin, 2013-nji ýylyň ilkinji gününde Ýylan ýylynda doglan adamyň öýe gelmegini şowlulyk hasap edýärler.

***

Gurakçylyga köp duş gelinýän ýurtlarda bolsa, ýyl ygally hem-de hasylly gelsin diylip, Täze ýyl gijesi köçelere suw sepýärler.
19
26
sabyrly
27 Dekabr 2023
Gyzykly maglumat
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.