bayramgeldiyewarslan
22.12.2023 17:49
Dünýäde mör-möjekleriň sanynyň azalmagy, esasan, giňden ýaýran görnüşleriň ýitgisi sebäpli bolup geçýär. “Nature” žurnalynda ýerleşdirilen gözlegiň awtorlarynyň anyklamagyna görä, seýrek duş gelýän mör-möjekleriň sanynyň artmagy hem bu ýitginiň öwezini dolmaýar.

Alymlar dünýäniň köp ýerlerinde mör-möjekleriň umumy sanynyň düýpgöter azalýandygyny belleýärler. Täze gözlegde biologlar tomzaklar, kebelekler we çekirtgeler ýaly ýerdäki mör-möjekleriň sanynyň üýtgeýiş tendensiýasyny öwrendiler. Olar 9-64 ýyl aralygynda mör-möjeklere gözegçilik eden 106 gözlegden alnan maglumatlary ulandylar.
Seljerme ýerdäki mör-möjekleriň sanynyň her ýyl 1,5% azalýandygyny, şol bir wagtyň özünde giňden ýaýran görnüşleriň sanynyň has çalt – 8% azalýandygyny görkezdi. Giňden ýaýran görnüşlere ol ýa-da beýleki bir ýerde has köp mukdarda duş gelýän mör-möjekler degişlidir. Gözlegiň netijeleri mör-möjekleriň biodürlüliginiň üýtgemeginiň has seýrek duş gelýän görnüşleriň ýitmegi bilen baglanyşyklydygy baradaky pikire garşy çykýar.
Şol bir wagtyň özünde, öňden agdyklyk edýän görnüşleriň ýitgisiniň seýrek duş gelýän görnüşleriň sanynyň artmagy bilen öwezi dolunmaýar. Bu bolsa şeýle netijelere getirýär: köp sanly görnüşler guşlar we beýleki haýwanlar üçin esasy iýmitdir. Alymlar tarapyndan kesgitlenen üýtgeşmeler iýmit zynjyrlarynyň we umumy ekoulgamyň üýtgedilmegine sebäp bolup biler.
19
14
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.