bayramgeldiyewarslan
26.12.2023 06:48
Türkmenistanda tamamlanyp barýan ýylyň soňky iş hepdesi örän ýyly bolar. Ýurdumyzyň gidrometeorologiýa gullugynyň çaklamalaryna görä, howanyň ortaça temperaturasy +20 gradus ýyly bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan, şemally howa bolar. Gündizlerine +20…+22 gradus, gijelerine bolsa +8…+10 gradus maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar. Anna güni ýagyş ýagmagy we gündizlerine howanyň temperaturasynyň +7 gradusdan +14 gradusa çenli aralykda bolmagy mümkin.
Ahal welaýatynyň käbir ýerlerinde bulutly we ýagynly bolar. Gündizlerine howa +20…+25 gradus, gijelerine +8…+13 gradus bolar. Dynç günleri gündizlerine +14 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa howa –2…+3 gradus bolar.
Balkan welaýatynda az bulutly we şemally howa bolar. Gündizlerine howa +15…+20 gradus, gijelerine bolsa +7…+12 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda gündizki görkezijiler +9 gradus ýylylyga çenli peseler. Käbir ýerlerde az-kem ýagyş ýagar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine howa +21…+26 gradus, gijelerine bolsa +8…+13 gradus maýyl bolar. Hepdäniň ahyrynda az-kem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Dynç günleri gündizine +9…+14 gradus maýyl, gijelerine bolsa –2 gradusa çenli sowuk howanyň bolmagyna garaşylýar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine howa +19…+24 gradus, gijelerine bolsa +7…+12 gradus bolar. Anna gününden başlap gündizlerine howanyň temperaturasynyň +6 gradusa çenli peselmegine garaşylýar. Gijelerine howa –3…+2 gradus bolar.
Daşoguz welaýatynyň käbir ýerlerinde ýagyş ýagar. Gündizlerine howa +10…+15 gradus, gijelerine bolsa +3…+8 gradus maýyl bolar. Dynç günlerinde howanyň +4…+9 gradus bolmagyna garaşylýar. Günüň ýaşmagy bilen howa –5 gradusa çenli sowar.
20
39
sazsoft
26 Dekabr 2023
Waaaaw, şeýle bolsun! 🙏🙏🙏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.