bayramgeldiyewarslan
24.12.2023 06:44
Espo şäherinde ýerleşýän Finlýandiýanyň Döwlet ylmy-gözleg merkeziniň (VTT) alymlary kofe agajynyň öýjüklerinden kofe aldylar. Bu barada Yle portaly habar berdi.

Gözlegiň ýolbaşçysy Haýko Rişeriň sözlerine görä, barlaghanada öndürilen kofeniň tagamy 80% hakyky kofeniňkä meňzeýär. Alym: "Kofeni şeýle usulda taýýarlamak köp sanly täze tehnologiýany talap edýär. Kofe, mysal üçin, lazer şöhlelerinde gowrulýar" – diýip belledi.
Önüme Beanless Coffee (dänesiz kofe) diýilýär. Gözlegçiler olaryň işlenip taýýarlanyşy öndürijileri gyzyklandyrar diýip umyt edýärler. Laboratoriýada ösdürilip ýetişdirilen kofe üçin azyk iýmiti derejesini almak prosesi takmynan dört ýyl dowam edip biler.
18
34
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.