barlagcy
12.02.2023 23:02
Kim akylly saýsa özün,
Onda kän bir akyl ýokdur.
Aglamadyk adam ýokdur,
Aýdylmadyk nakyl ýokdur.
Gül açylmaz ýaz bolmasa,
Nädip oňjak näz bolmasa.
Bir çümmüjek duz bolmasa,
Hiç tagamda ýokum ýokdur.
Yşyk gözläp, galyp tümde,
Kän zat gördüm bu ömrümde.
Her ýylpyldap ýanýan şemde,
Ýagty bardyr — Ýalkym ýokdur.
Tüweleme, dälsiň çaga,
Alym bolduň, bolduň aga.
Öz-özüňi tanamaga
welin, hergiz çakyň ýokdur.
Baýlyk ýygnap assa-assa,
At-owazyň arşa ýetse,
Aýnamagyn — taňry tutsa,
Öz zadyňa erkiň ýokdur.
Ýene bir zat bize aýdyň,
Eger, molla bolup adyň,
Diňlenmese diýen zadyň,
Şondan ajy höküm ýokdur.
Agla — aldap alan bolsaň,
Eňre — ýasda gülen bolsaň.
Bu ýalança gelen bolsaň —
Gitmezlige hakyň ýokdur.
Berdinazar Hudaýnazarow
18
153
barlagcy
09.02.2023 16:03
Üýtgeşik bir zat gerek däl,
Bagda guşlar saýrap dursa,
Ilden-ile barýan ýollar,
Çar tarapa ýaýrap dursa.
Keramat bar, gyzyl kölde,
Alamat bar, ýylçyr buzda.
Bolýar bize gyşda, ýazda
Howa sowap, maýlap dursa.
Utulmasaň söwdalarda,
Suw bol bolsa howdanlarda.
Bolýar, ala meýdanlarda,
Alma, narlap gülläp dursa.
Halal bolsa bu giň ojak
Ýeri, başga näme diýjek?
Goç ýigitler ýalňyşmanjyk
Ýary seçip-saýlap dursa.
Gumry gonsa üçegiňde,
Nanyň bolsa saçagyňda.
Kemiň näme, gujagyňda
Agtyjagyň oýnap dursa.
Ýok zatlara başyň goşma,
Näme gerek mundan başga?!
Ylham atly täsin çeşme
Ýetmiş ýaşda gaýnap dursa.
Alkyşlaly iýlen duzy,
Bu arzuwyň ýokdur yzy.
Besdir, bize Allaň özi
Käte nazar aýlap dursa.
Berdinazar Hudaýnazarow
13
70
barlagcy
08.02.2023 21:42
Bir gün gelip senden gideýin diýdi
Özümde barlygyn duýmadyk bagtym.
Men özgäni bagtly edeýin diýdi,
Şindi bir ýaman söz diýmedik bagtym.
Jogap berdim, bolýar gitseň, hoş onda,
Ötegçi şemaly saklanok baglar.
Gujagyndan güwläp gaýdan derýany Goýbermän saklajak bolanok daglar.
Gitdi. Goý, özgäni bagtly etsin,
Ýeri, nätjek, köňül köşgüň bozulsa?!
Özi göwnäp gitse, goý, gitse gitsin,
Egleme bir pursat bagtyňam bolsa!
Atamyrat Atabaýew
8
77
barlagcy
08.02.2023 14:10
Geljege göz dikip barsa-da adam,
Geçeniň tiz-tizden düşüp dur ýada.
Menzilleri sökdüň paý-u-pyýada,
Indi elden beýle-beýle iş gelmez.
Ýaşlyk çagyň meňzese-de ýalana,
Göwnüň gider geljege däl — ozala.
Sataşarsyň ýene müň bir gözele
Ýöne welin, başky söýgiň duş gelmez.
Dilgir bolma, bir salymjak ýaşansyň,
Ak alkymdan, al ýaňakdan ogşansyň...
Bagtyň çüwse, belki, ýüz hem ýaşarsyň,
Ýeser ýeri, şo-ol ýigrimi ýaş gelmez.
Bihudalyk etme, çapma zyýana,
Gudurap meňzejek bolma juwana.
Arrygyň gynama, mundan buýana,
Akyl gelse geler, ýöne huş gelmez.
Ýürekler suwludy, her ýerde ýörsek,
Göwün ganatlydy, otursak-tursak.
Däli-porhan bolup kükräpdiň, gursak,
Indi saňa onuň ýaly joş gelmez.
Bu günler ýeteniňe kaýyl bol,
Müzzerme-de, gaýratly bol, gaýym bol.
Bu — pelekdir, urgulara taýyn bol,
Ikindiň bolupdyr, gaýdyp çäş gelmez.
Häli-häzir gulak barka eşdewer,
Solar gözüň ýagyn iýen keşdeler.
Ahyr bir gün guraýandyr çeşmeler —
Aglajak bolarsyň — göze ýaş gelmez.
Entek öz ykbalyn özi ýazan ýok,
Uçýan kän-de, Ýerden örkün üzen ýok.
Aý, ýyllardan öňe düşüp ozan ýok,
Katumyt bol, dördüň dolman, bäş gelmez
Berdinazar Hudaýnazarow
12
70
barlagcy
31.01.2023 14:32
Eger saçlar wagtyndan öň agarsa,
Tebigata igenmezden öňürti,
Bilip goýuň, gara saçyň jellady
Garrylyk däl, iňirdidir iňirdi.
Eger saçlar düşüberse irgözin,
Bir bahana gözlemeden öňürti,
Bilip goýuň: saçsyz goýan
Peläket Igesypat iňirdidir iňirdi.
Eger duýman durkaň dökülse dişler,
Körügini agtarmazdan öňürti,
Bilip goýuň: bu derejä ýetiren
Gargyş däl-de, iňirdidir iňirdi.
Günleriň bir güni bükülse biliň,
Haka nalyş etmeziňden öňürti,
Ganymyňy gaty pugta tanap goý,
Bili büken iňirdidir iňirdi.
Ajaldan gutuljak ýokdur, elbetde,
Ýöne, biliň, ölmezden has öňürti:
Öňde-soňda şirin jany aparjak
Dert däldir-de iňirdidir iňirdi.
Berdinazar Hudaýnazarow
12
113
barlagcy
30.01.2023 17:37
Seniň ýüzüň lowurdaýar Gün ýaly,
Gaşlarňy hiç zada bilemok deňäp.
Seniň gara saçyň misli tüm ýaly,
Dişlerňi hiç zada bilemok deňäp.
Muhabbetli kalbym gussadan doly,
Joşýar, howalanýar derýalar ýaly.
Ýürek sag bolsa-da, Köňüller doly,
Ýaşlygy hiç zada bilemok deňäp.
Örän dürli bolýar ykbal hem ömür,
Altynmy, kümüşmi, polatmy, demir.
Bu nähili jeza, Bu neneň jebir,
Döşlerňi hiç zada bilemok deňäp.
Halyl Kulyýew
5
35
barlagcy
22.01.2023 13:15
Agyrma ýüregim, agyrma beýle,.
Ýör bile çykaly seýrana-seýle
Belki gussalaryñ egsiler gider,
Bilýäñmi hool günem bolupdy $eýle.
Baý $onda kösäpdiñ agyryp öte,
$onda-da ikimiz çykypdyk çete.
Derman, därä pisint dagam etmediñ.
Kim bilýä nämeler düwdüñ sen nete?
Gereginden artyk urjak bolduñmy,
Ýa, urup ýadadyñ, durjak bolduñmy.
Bilmekligim üçin durmu$ gymmatyn,
Ýa, gorkuzup hile gurjak bolduñmy?
Siñesim gelenok Ýeriñ teýine,
Irden görenlerim ýogaldy öýle.
Entek edilmedik i$lerim ýatyr,
Agyrma ýüregim, agyrma beýle.
Ýazmyrat Çörli
18
81