barlagcy
08.02.2023 21:42
Bir gün gelip senden gideýin diýdi
Özümde barlygyn duýmadyk bagtym.
Men özgäni bagtly edeýin diýdi,
Şindi bir ýaman söz diýmedik bagtym.

Jogap berdim, bolýar gitseň, hoş onda,
Ötegçi şemaly saklanok baglar.
Gujagyndan güwläp gaýdan derýany Goýbermän saklajak bolanok daglar.

Gitdi. Goý, özgäni bagtly etsin,
Ýeri, nätjek, köňül köşgüň bozulsa?!
Özi göwnäp gitse, goý, gitse gitsin,
Egleme bir pursat bagtyňam bolsa!

Atamyrat Atabaýew
8
77
barlagcy
10 Fewral 2023
gulshatayewa97, howa ynsan yitirip dusunya gymmatyna
gulshatayewa97
9 Fewral 2023
Gidenden soň gadry bilinýä käbir zatlaň
butterfly
8 Fewral 2023
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.