Üýtgeşik bir zat gerek däl,
Bagda guşlar saýrap dursa,
Ilden-ile barýan ýollar,
Çar tarapa ýaýrap dursa.
Keramat bar, gyzyl kölde,
Alamat bar, ýylçyr buzda.
Bolýar bize gyşda, ýazda
Howa sowap, maýlap dursa.
Utulmasaň söwdalarda,
Suw bol bolsa howdanlarda.
Bolýar, ala meýdanlarda,
Alma, narlap gülläp dursa.
Halal bolsa bu giň ojak
Ýeri, başga näme diýjek?
Goç ýigitler ýalňyşmanjyk
Ýary seçip-saýlap dursa.
Gumry gonsa üçegiňde,
Nanyň bolsa saçagyňda.
Kemiň näme, gujagyňda
Agtyjagyň oýnap dursa.
Ýok zatlara başyň goşma,
Näme gerek mundan başga?!
Ylham atly täsin çeşme
Ýetmiş ýaşda gaýnap dursa.
Alkyşlaly iýlen duzy,
Bu arzuwyň ýokdur yzy.
Besdir, bize Allaň özi
Käte nazar aýlap dursa.
Berdinazar Hudaýnazarow