barlagcy
02.02.2023 20:03
Sen eneňi juda söýýändigiňi
Bildirjek boluplar oda düşýärsiň.
Gijeler hekaýa ýazýaň o hakda,
Gündizler o hakda goşgy goşýarsyň.

Meniň welin, saňa nebsim agyrýar:
Näme üçin çekýäň sen munça azap!
Eneňe söýgiňi bildirmek üçin
Bar ahyr başga bir ýönekeý hasap:

Säher bilen turup ýüzleriňe syl;
Maňlaýyndan ogşap, gaşynda otur.
Şuny göz üçin däl, ýürek bilen et,
Yssy bolsun yhlas, çyn bolsun gadyr.

Eneler bildirmez ejizlänini.
Gözlerine garap ony biljek bol.
Ol seň üçin ýüz ölüp, ýüz direldi,
Senem bir gezejik gurban boljak bol.

Ene halky seniň göwnüň gülüdir,
Ýöne olarda-da bolýandyr göwün.
Oňa erte goşjak goşgyňa derek
Birje ýyly sözi aýdaý sen bu gün.

Ýogsam birden gijä galmagyň mümkin.
Eneleriň ömri — iň gysga ömür.
Ene bolup biweç ogla syn etmek
Eý Allam! Nähili agyrdyr agyr.

Berdinazar Hudaynazarow
13
61
Myhman Myhman
3 Fewral 2023
👍👍👍👍👍
Leýla💔
2 Fewral 2023
Bu günler öwrenmeli içgysgynclai
Tokio
2 Fewral 2023
Oooooo.Likeeee
A.E.S
2 Fewral 2023
👍🏻👍🏻👍🏻✅..........
Aynashka
2 Fewral 2023
❤❤❤❤👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.