barlagcy
17.07.2020 13:15
Käte ýalňyzlykda otursam özüm,
Käte gaharlanyp, çytylsa ýüzüm,
Käte ukym gelip, ýumulsa gözüm,
Teşne ýürek jemalyňa suwsaýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Göreşlerde gujur bilen baglansam, Üýşmeleňde alkyş bilen ýatlansam, Arzuwlarym göge galyp şatlansam,
Ýa-da hasrat ýürek-bagrym gyýsa, ýar!
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Bahar geler, güller bilen şaýlanyp,
Seýran etsek baýyrlary aýlanyp,
Akja bulut «Ýagsammy» diýip oýlanyp, Çagba gelip suw –sil edip guýsa, ýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Meýdana ýazylypdyr bahar halysy,
Gel, bile keşt etsek ýakyn-alysy,
Maňa at goýdular: «Yşkyň dälisi».
Men nädeýin ýürek şeýle söýse, ýar!
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Halyl Kulyýew
14
869
barlagcy
16.07.2020 16:17
Umumy temadan
Pis gowyny gözläp nätsin,
Elbetde, pis-pisi tapar.
Adamlaryň gowşak ýerin,
Olaň gara nebsi tapar.

Süýt-süýt diňe gaýmak bolsa,
Em tapylsyn emgek bolsa,
Tirkeşýäniň tomzak bolsa,
Iň ýakymsyz ysy tapar.

Biliň guşap, goluň çyzgap,
Özüňi tap gözläp-gözläp.
Namart kişi özün gizläp,
Ýoldaşyndan kössi tapar.

Arzuw-yhlas ýerde ýatmaz,
Düzüw bolsa päl-niýetler.
Taňry gargan bidöwletler,
Toýy gözlär — ýasy tapar.

Ýigit geler iş üstünden,
Gyz ýylgyrar gaş astyndan,
Çyn yzçylar daş üstünden,
Ýöräp giden yzy tapar.

Ylham alyp höwesinden,
Sorup ýazyň howasyndan,
Ak çabganyň owazyndan,
Sazandalar sazy tapar.

Geregime däl tylla tagt,
Gözleýänim başga bir bagt.
Söýdügine duşan ýigit,
Kyrk çillede ýazy tapar.

Bak jahana aklyň durlap,
Kimler oýnap, kimler arlap,
Kimler bolsa derläp-derläp,
Iýiljek nan-duzy tapar.

Berdinazar Hudaýnazarow
20
441
barlagcy
barlagcy
16.07.2020 14:43
Ýaryñ bar eken Dünýäñ hasratyndan daşlaşan çagym Birden söndi gitdi umyt çyragum Setirlere dökülip dur pyganym Dünýä pikir edişimden dar eken Wah armanym özge ýaryñ bar eken. Arzuwymdan gaýyp gitdiñ
barlagcy
14.07.2020 10:24
Ömür hakda, ölüm hakda

Dünýä gelip ýene ondan gitmeli,
Ine, munuň özi betbagtlykdyr.
Demiň alman, iýmän, duýman ýatmaly, Hawa, munuň özi betbagtlykdyr.

Gözüň düşmez gözel gelin-gyzlara, Guwanma ýok kükräp gelen ýazlara.
Melul bolma ýokdur aýdym-sazlara,
Hawa, munuň özi betbagtlykdyr.

Gözüň gaýyp bolar bu dünýäň keşbi,
Seni jadylamaz hiç zadyň yşky.
Nämüçin bu hakda ýazýaryn goşgy — Sebäp, ynsan ömri az wagtlykdyr.

Geň bolsa-da, şuny unudýas käte,
Şonuň üçin ýene salýaryn ýada.
Hiç bir kişi baky däldir dünýäde,
Muny inkär etmek — peläketlikdir.

Ömür diýlen her hiliräk ötýändir,
Biri utulýandyr, biri utýandyr.
Iki güýç mydama göreç tutýandyr,
Biri gowluk, biri gabahatlykdyr.

Nebse jylaw salyň, pes tutup päli,
Gözleri gapmasyn bu dünýäň maly.
Kä kişiniň kalby baýlykdan doly,
Kä kişiniň ýüreginde gytlykdyr.

Şeriň saňa süýkenjirän mahaly,
Ýuwutjak bol dyňzap gelen gahary, Göriplikdir göwünleriň zäheri,
Ýüregiň şöhlesi mylakatlykdyr.

Sen bir doglup, bir gezegem ýaşýan zat, Ajal saňa iň bir ýeňil düşýän zat,
Ömri söýmek — ömre ömür goşýan zat, Şol ömrüň şiresi — sahawatlykdyr.

Içiň gysyp, höwür küýsän mahalda,
Bazara bar, göwnüň açar mähelle.
Hiç närsäni geňlemeýän jahanda,
Jandan başga barja zatlar satlykdyr.

Jan süýjüdir, ömür bäş-on günlükdir,
Bag-bakjaň aňrysy giden tümlükdir,
Ýalançy dynuwsyz gel-hä — gellikdir, Şonça-da dannawsyz git-hä gitlikdir.

Beýnini işe sal hem-de pikir et,
Barlygyňda bir dem jykyr-jykyr et,
Bu dünýäni göreniňe şükür et,
Ony elden bermek — bedähetlikdir.

Bir gün gidýär, kim gelse bu meýdana, Goşgy galýar, bolsa eger dürdäne,
Ýagşylyk et, dirikäň bu dünýäde,
Şondan başga zatlar bir manatlykdyr.

Berdinazar Hudaýnazarow
27
602
barlagcy
13.07.2020 18:20
Başlangyçlar
Diýseler-de: Adam-adamdan kem däl, Ykballar meňzeş däl, rysgallar deň däl. Ýeňlesden ýeňlesiň çykmagy geň däl, Asylly asylsyz dälden döreýär.

Däri-derman öner ýüz dürli otdan,
Namys dörär utanç bilen uýatdan.
Iň nurana zatlar iň ak niýetden,
Bela-beter gara pälden döreýär.

Näz bar, saz bar bilbil guşuň dilinde,
Gudrat gördüm ýazyň dogran gülünde. Şahyrana zenanlaryň elinde,
Haly täsin-täsin gölden döreýär.

Damarda at çapsyn gyzgyn ganymyz, Baýlyk näme — sagja bolsun janymyz. Saçagyň gelşigi mele nanymyz,
Der saçylan atyz-çilden döreýär.

Ajaýyp nusgalar görersiň ilde,
Geň zatlar sataşar bu agyr ýolda.
Işiň gaýtsa, duşman daşardan däl-de,
Öz öýüň içinden — duldan döreýär.

Päliň düzet, niýetiňi nur eýle,
Göwünleri gyrawlatma, gor eýle.
Bardan bar etmek hiç, ýokdan bar eýle, Adamyň özi-de noldan döreýär.

Berdinqzar Hudaýnazarow
27
561
barlagcy
12.07.2020 10:12
Gor neneñsi hakykat....

Adamlañ içinden gyl deý sogrulyp
Bir gün soñky ýola ugraryn menem
Geçip giden ýyllar yza öwrilip
Hiç haçan hiç haçan dolanmaz ýenem.

Dolanmaz yzyna ýigrim bäş ýaşym
Dolanmaz yzyna gojalygymda
Güneş bilen şemal bilen hoşlaşyp
Ýiterin ýoklugyñ gijeliginde.

Ot gögerip mazarymyñ üstünde
Gezegine bezär ony pasyllar
Ýyllar gider ýiter gider mazarda
Bu topragy bezär ýaşar nesiller.

Gör neneñ hakykat bolmasamam men
Adamlar ýaşajak baky õljek däl
A men bolsa adamlardan aýrylyp
Bir minut hem ömir sürip biljek däl..

Halyl Kulyýew
17
781
barlagcy
11.07.2020 18:29
Leýlini, Mejnuny agladan söýgi,
Perhat ýolun daga bagladan söýgi…
Gündelikden

Sen kime ynanýaň, ynjaýaň kimden,
Düşünip soňuna garaýamyň ýa?
“Söýýän-söýýän” diýip şu çekýän derdiň
Rahat ýaşamagňa ýaraýamy ýa?
Asman ýere ümür bolup düşleýär,
Zemin tozan bolup göterler Göge.
…Söýgi hergiz yzyn goýman geçmeýär,
Söýgiň garşysyna tapylmaz çäre.
Ýylgyrsa ýürekde täzedir orny,
Könedir ýeke söz aýlasa seriň.
Menden senden hoşaldym,​
bagyşla ýöne…
Söýgim bor ahyrsoň ýalňyşan ýeriň…
24
761
barlagcy
10.07.2020 21:49
Ömür ýoly
Halaýyklar, ömür ýoly
Düz däl — büdür-südürlidir.
Kişi bardyr — buz ýalydyr.
Kişi bardyr — gadyrlydyr.

Şähtiň açar saba ýeli,
Gönder ondan salamyňy,
Bu gök daglar howalaly,
Dereleri atyrlydyr.

Ýollar aşdym ine-gana,
Şükür Alla, geçdim sana.
Guraklaram bardyr, ýöne
Il hezzetli-hödürlidir.

Hatar-hatar kerwen öten,
Gün astynda ýaýlyp ýatan
Bu Garagum atly Watan
Alalydyr, adyrlydyr.

Tüweleýler sogup ýören
Sähra maňa — bagy-erem.
Bizi ýagty dünýä beren
Guba çöller Hydyrlydyr.

Berdinazar Hudaynazarow
24
401
barlagcy
10.07.2020 13:22
Jeza

Belet men Bäş ýaşyň nämedigine.
Kim berse eliňe bir tokga nabat,
Bir tokga şokolad – seň üçin onsoň
Şondan eziz adam ýer ýüzünde ýok.

Belet men On bäşiň nämedigine.
Agzyňdan süýt ysy kükýändir weli,
Ýüzüňe uraýsa bir gyzyň demi,
Teniňe degäýse bir gyzyň eli,
On iki synaňa ýaýradyp ýyly,
Oýandyrar gudrat alamatyny.
Ýöne götererden ýaşsyň sen, ýaşsyň,
Kişi perzendiniň garamatyny.

Belet men ýigrimiň nämedigine.
Ýigrimi – pähimniň ortalyk ýoly.
Jahyl ýoluň kem-kem çekilip yza,
Başlar tüweleýli atalyk ýoly.

«Dünýäde akyl ýok seň aklyň ýaly!»
Tüweleý apalar, magtar, gyjyklar.
Gyjyklap, gyjyklap dälireder-de,
Seni Ýigrim bäşiň üstüne oklar.

Şo mahalam seni dostuň gujaklar.
«Äber eliň!» diýip basar bagryna.
Şol gujaklan dostuň kimdigne görä,
Gidersiň azyň ýa köpüň ugruna.

Duşmanyň zelelne, iliň haýryna
Bar bolsa dünýäde başarjak zadyň,
Başararsyň onsoň. Otuza çenli
Eýelik edersiň –
Bar bolsa adyň.

Şeýdibem Kyrkyňa urarsyň ädim.
Bu ädim – ömrüňde mukaddes çygyr.
Ýegşerşiňe görä bilerler şonda –
Kebzäňdäki ýüküň
Ýeňilmi, agyr?

Şonda-da gerşiňde bolmasa ýagyr –
Onsoň Elliňe-de bil baglamagyn.
Il-günüň mynasyp jezaňy berer:
Ne ölümiň dilär,
Ne-de saglygyň.

Kerim Gurbannepesow
22
782
barlagcy
09.07.2020 17:34
Hoşlaşyk

Gitdiňmi?
Git!
Boşadyp git kalbymam!
Kalbym çelek saýyp, deşip git düýbün!
Düňderip git käsesini sabryňam –
Ertirime azar bermesin düýnüm.

Gitdiňmi?
Git!
Bir pursadam säginme!
Umyda ýer goýup, bakma yzyňa –
Çykyp gitseň ykbalymyň çäginden,
Duýgularym agram salmaz dyzyma.

Gitdiňmi?
Git!
Şemal yzyň süpürsin!
Ýagyş ýagsyn kükrekdäki oduma!
Sil ýumursyn söýgiň synmaz köprüsin –
Seni hiç zat salmasyn meň ýadyma!

Gitdiňmi?
Git!
Ýalňyşy deý ykbalyň!
Belki, dogry ýola düşersiň bir gün?
Ýaşap bormy, heý, bir söýgi ýykmanam?!
Äkitsin, äkitsin, äkitsin öwrüm.

Gitdiňmi?
Git!

Çary Ataýew
22
724