barlagcy
16.07.2020 14:43
Ýaryñ bar eken

Dünýäñ hasratyndan daşlaşan çagym
Birden söndi gitdi umyt çyragum
Setirlere dökülip dur pyganym
Dünýä pikir edişimden dar eken
Wah armanym özge ýaryñ bar eken.

Arzuwymdan gaýyp gitdiñ gara göz
Gursagymy oýup gitdiñ gara göz
Hoş hyýaldan taýyp gitdiñ gara göz
Asyl kalbyñ yşkdan öñem kör eken
Wah armanym özge ýaryñ bar eken.

Eräp gitdim kiçi çilläñ gary deý
Üzülip gitdim köne gyjak tary deý
Öçdim gitdim ömri zaýan nury deý
Nar ýañagyñ özge yşkdan nar eken
Wah armanym özge ýaryñ bar eken.

Seni sen däl özüm hasap eýledim
Ömrüm çoýjak közüm hasap eýledim
Garly gyşym ýazym hasap eyledim
Özbaşyña gyşyñ yazyñ bar eken
Wah armanym özge ýaryñ bar eken.
21
551
barlagcy
16 Iýul 2020
Gülşat Ataýewa, howa gulsat men pikirimce men begenenime begenip gynananyma gynananok diydigimika ay garaz men durmusymyn sana parhy yok diydigi
gulshatayewa97
16 Iýul 2020
Özbaşyňa gyşyň ýazyň bar eken???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.