barlagcy
14.07.2020 10:24
Ömür hakda, ölüm hakda

Dünýä gelip ýene ondan gitmeli,
Ine, munuň özi betbagtlykdyr.
Demiň alman, iýmän, duýman ýatmaly, Hawa, munuň özi betbagtlykdyr.

Gözüň düşmez gözel gelin-gyzlara, Guwanma ýok kükräp gelen ýazlara.
Melul bolma ýokdur aýdym-sazlara,
Hawa, munuň özi betbagtlykdyr.

Gözüň gaýyp bolar bu dünýäň keşbi,
Seni jadylamaz hiç zadyň yşky.
Nämüçin bu hakda ýazýaryn goşgy — Sebäp, ynsan ömri az wagtlykdyr.

Geň bolsa-da, şuny unudýas käte,
Şonuň üçin ýene salýaryn ýada.
Hiç bir kişi baky däldir dünýäde,
Muny inkär etmek — peläketlikdir.

Ömür diýlen her hiliräk ötýändir,
Biri utulýandyr, biri utýandyr.
Iki güýç mydama göreç tutýandyr,
Biri gowluk, biri gabahatlykdyr.

Nebse jylaw salyň, pes tutup päli,
Gözleri gapmasyn bu dünýäň maly.
Kä kişiniň kalby baýlykdan doly,
Kä kişiniň ýüreginde gytlykdyr.

Şeriň saňa süýkenjirän mahaly,
Ýuwutjak bol dyňzap gelen gahary, Göriplikdir göwünleriň zäheri,
Ýüregiň şöhlesi mylakatlykdyr.

Sen bir doglup, bir gezegem ýaşýan zat, Ajal saňa iň bir ýeňil düşýän zat,
Ömri söýmek — ömre ömür goşýan zat, Şol ömrüň şiresi — sahawatlykdyr.

Içiň gysyp, höwür küýsän mahalda,
Bazara bar, göwnüň açar mähelle.
Hiç närsäni geňlemeýän jahanda,
Jandan başga barja zatlar satlykdyr.

Jan süýjüdir, ömür bäş-on günlükdir,
Bag-bakjaň aňrysy giden tümlükdir,
Ýalançy dynuwsyz gel-hä — gellikdir, Şonça-da dannawsyz git-hä gitlikdir.

Beýnini işe sal hem-de pikir et,
Barlygyňda bir dem jykyr-jykyr et,
Bu dünýäni göreniňe şükür et,
Ony elden bermek — bedähetlikdir.

Bir gün gidýär, kim gelse bu meýdana, Goşgy galýar, bolsa eger dürdäne,
Ýagşylyk et, dirikäň bu dünýäde,
Şondan başga zatlar bir manatlykdyr.

Berdinazar Hudaýnazarow
27
602
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.