Başlangyçlar
Diýseler-de: Adam-adamdan kem däl, Ykballar meňzeş däl, rysgallar deň däl. Ýeňlesden ýeňlesiň çykmagy geň däl, Asylly asylsyz dälden döreýär.
Däri-derman öner ýüz dürli otdan,
Namys dörär utanç bilen uýatdan.
Iň nurana zatlar iň ak niýetden,
Bela-beter gara pälden döreýär.
Näz bar, saz bar bilbil guşuň dilinde,
Gudrat gördüm ýazyň dogran gülünde. Şahyrana zenanlaryň elinde,
Haly täsin-täsin gölden döreýär.
Damarda at çapsyn gyzgyn ganymyz, Baýlyk näme — sagja bolsun janymyz. Saçagyň gelşigi mele nanymyz,
Der saçylan atyz-çilden döreýär.
Ajaýyp nusgalar görersiň ilde,
Geň zatlar sataşar bu agyr ýolda.
Işiň gaýtsa, duşman daşardan däl-de,
Öz öýüň içinden — duldan döreýär.
Päliň düzet, niýetiňi nur eýle,
Göwünleri gyrawlatma, gor eýle.
Bardan bar etmek hiç, ýokdan bar eýle, Adamyň özi-de noldan döreýär.
Berdinqzar Hudaýnazarow