barlagcy
22.04.2023 10:43
Günleň biri elden gaçan käse deý,
Taýyp gitdiň, sabyr käsäm moý açdy.
Gör, nije ýyl «dymp» etmedik ýüregim
Edil şu gün jibir-jibir dil açdy,
…Iller ýaly diýmeseň-de: «Garaşgyn»
…Garaşdym.
Men göze ilen bir nowjuwan gyz ahyr,
Aladadym enem bilen atama,
Guda gelse ýer tapamok girere,
Gatnaýanlar köpelipdi ak tama,
Aňsalaram, aldamaga çalyşdym,
…Garaşdym.
Kese bakýan kesip geçjek ýoluňa,
Iliň gözi maňa göni dikilýär,
Sen dünýäni ýumrup gitdiň başyma,
Göz kän, dil kän… şu zatlardan çekinýän.
Halyň niçik, daşgulakdan soraşdym,
…Garaşdym.
Mende bir dert, sende-de müň alada,
Derdim ýeňletmäge käte gel ahyr.
Meni ýüpsüz aýralyga saradyň,
Dartyberseň, kertiberer teý ahyr,
Ynanýaňmy, men kiç kime garaşsyz
Garaşdym.
Kämahallar ýyllap duşman oňarsyň,
Maýam dörär käte kowup-gaçara,
Derdim çekişeňok, asyl özüň dert,
Sen hossar däl, saňa syrym açara
Men bu gije ejem bilen aglaşdym,
…Garaşdym.
Ogulnur Ataýewa
15
92
barlagcy
20.04.2023 10:00
Eýýäm güneş batypdyr,
Aý-da agyl atypdyr.
Garagolja Serdarym
Süýji uka batypdyr.
Günler aýlara bakar,
Aýlar ýyllara bakar,
On sekizin dolduryp,
Serdarym ata çykar.
Jahyllygyň ýaşynda,
Yşk gaýnar döşünde,
Obamyzyň gyzlary
Seni görer düýşünde.
Ýaryň geler ýanyňa,
Eneň geler zaryňa.
Sen maňa az bakarsyň,
Köp bakarsyň ýaryňa.
Gyş ýaza sesin goşar,
Bahar kösük ýetişer,
Gelin-gaýnyň käwagt
Arasyna tow düşer.
Malyň göwni ýazlarda,
Lalyň göwni sözlerde.
Meniň göwnüm sendedir,
Seniň göwnüň düzlerde.
Jorama duşan ýerim,
Balam, seni öwerin:
Gelniň ýuwar köýnegňi,
Men dolagňy ýuwaryn.
Daş oba düşse ýoluň,
Gyş bolsa sagy-soluň,
Ilki eneň ýat eder.
Onsoň ýatlar aýalyň.
Miwe köp bolsa eger,
Bag başyn aşak eger.
Saňa zyňylan daşlar
Eneň pahyra deger.
Epilýänçä bil, balam,
Bir dilegim, bil, balam,
Maňa köp zat gerek däl,
Köpüň ogly bol, balam.
Kim serer kak-gurduny,
Kim söýer halk merdini,
Derdiňi men göterýän,
Sen göter il derdini.
Aýdan akdyr ýüzleri,
Şirin-şeker sözleri.
Bu ukusyz gijäniň
Ýellenipdir gözleri.
Bu dünýe ýogy-barym,
Bar myradym, mydarym,
Kötel ýollaň külpetin
Soň bilersiň, Serdarym.
Gurbannazar Ezizow
16
50
barlagcy
12.04.2023 18:03
On üçmi
Ýa on dört ýaşap,
Çepek geýip, ile çykdyň.
Galamyňy dula taşlap,
Çep gulakly pile çykdyň.
Ataň öldi. Towlanmadyň.
Möňňürmediň. Togalanmadyň.
(Ýa-da juda oglanmydyň?
Ne sebäpden beýle çykdyň?
Aga ýitdi, ata öldi,
(Gezermikäň hülli-hülli!)
Ýöne Seniň bagtyň geldi –
Eneň bilen ýola çykdyň.
Kabul etdi agras Tejen,
Bugdaýlary goňras Tejen.
Burugsa, burugsat, Tejen.
Bir ot gözläp, seýle çykdym.
Alym Tejen oda derek
Berdi ot dek bugdaýorak...
Dabanlaryň darak-darak,
Sagdan orduň, sola çykdyň.
Ýer ýüzüni bugdaý edip,
Her dessesin bogdak edip,
Bogdagyny baýdak edip,
Ýeňiş üçin ýola çykdyň.
Gazdyň gazy, çyzdyň goşgy.
Ýesir etdi gyzlaň yşgy.
Haýsyn görseň – şol hem ýagşy.
Bir täsinje Owlajykdyň.
Mälediň sen, mälediň sen
Birin hasam haladyň sen.
Barmy puluň, haladyň seň?
Ýokdy. Derrew nola çykdyň.
Başky Söýgiň ýykdy aldap.
Böküp turduň... Bolduň soldat.
Gaýdyp geldiň. Dostlaň goldap,
Bir gözeli dula çekdiň.
...Sapak berdi alym, hatdat.
Öýüň kitap, ýüküň kitap,
Gündiz ýanyp, gije tütäp,
Şahyr bolduň, «molla» çykdyň.
Iller saňa diýdi şahyr.
Azda-kände adyň zahyr...
Diri wagtyň bolma pahyr,
Çyksaň lowlap ile çykgyn!
Şahyrlyk bir jaňly kerwen.
(Ýolda diňlen, öýde diňlen!)
Diňlenmeseň ýened errew
Çep gulakly pile çykgyn...
Kerim Gurbannepesow
16
87
barlagcy
07.04.2023 16:20
Eger irde-giçde ajalym ýetse,
Ýetsin seniň elleriňden, ezizim.
Bir däli tüweleý meni äkitse,
Sora sähraň ýellerinden, ezizim.
Gitmeli bu dünýäň ahyryn görmän...
Sen diýip jan bersem, etmerin arman.
Dara çekmek hakda çykarsaň perman,
Asgyn zülpüň tellerinden, ezizim.
Bu dünýäde bir sen maňa düşünýäň,
Seň kalbyň üstünden yz çalyp bilýäň.
Agtarsaň, yzlaryn taparsyň dünýäň
Dag-düzünden, çöllerinden, ezizim.
Gül solsa, gül ysy ýaprakda galar,
Adam ölse, yzy toprakda galar,
Ýykylyp, ýumrulyp, ýananda daglar,
Altyn çykar külleriňden, ezizim.
Elbetde, baky däl şatlygam, bagtam,
Bir şahyr ýigidiň söýenne magtan.
Jesedim gum bolar, ruhumy agtar
Bu sähranyň güllerinden, ezizim.
Beý diýsem, ejizläp, teň bolup halyň,
Göwnüň bozma, gama berme ahwalyň.
Ýaryň heniz iren däldir ykbalyň
Bize beren günlerinden, ezizim!
Atamyrat Atabaýew
18
102
barlagcy
05.04.2023 19:26
Asmanyň ýüzleri minewwer bolsa,
Zemin ýaşyl geýip, läle getirmiş;
Huda buýrugyndan aýrylan juwan
Oýnaşyndan haram küle getirmiş.
Ozal akan ýerden akarmyş aryk,
Özün öwen ýigdiň tanapy çüýrük,
Mertden aşna tutsaň,
abraýyňa şärik,
Namart aşnasyna hile getirmiş.
Her kim öz adyna möhür gazdyrar,
Ýazylan takdyry kimse bozdurar?
Ikiniň sylagy birni azdyrar,
Taýak bir dälini ýola getirmiş.
Magtymguly, ger doýursaň bir ajy,
Mälimdir, tapar sen bu ýerde hajy,
Bir ýagşylyk etse adam biweji, –
Her mejlisde ýüz ýol tile getirmiş.
Magtymguly Pyragy
20
154
barlagcy
04.04.2023 19:41
Lukmanlara köpüräjik boş wagt,
Aşyklara köpüräjik hoş wagt.
Topragymyz ýarylmasyn, tozmasyn,
Sagat ne-hä ozsun, ne-de ozmasyn.
Goý, delfinler gürläp bilse, gürlesin,
Ýöne gürläp, dosta hile gurmasyn.
Jübiniň agramy manysyz bolsun,
Her kesiň päliniň wysaly gelsin.
Bagtyň paýlanşygy bolan wagtynda,
Artyk almaweri laýyk bagtyňdan.
Öýüňizden myhman bary çykmasyn,
Gelinlerňiz gaşlaryny çytmasyn.
Azyrajyk bolsun çörek nobaty,
Köpüräjik bolsun kitap nobaty.
Gözüňiz jübt bolsun, ýüzüňiz ýeke,
Bize ýeke ýüzem ömürlik ýeter.
Iň soňam bähbide bolmaňlar ýesir,
Penjire, gapysyz bir jaýa getir.
Ah, şu bolsadylaň bolan pursady,
Şahyram bir käse şerap ursady.
Gurbannazar Ezizow
24
76
barlagcy
04.04.2023 13:48
Düýn öýlän bir ýerde duşuşyk boldy.
Durşy bilen gyzdy klubyň içi.
Her dürli saçlary görenem bolsam,
Şuň ýaly bir jaýda jemlenen saçy
Görmändim, görmändim
şu wagta deňeç –
Giden zalyň içi durşy bilen saç.
Kä örümleň ini –
Bir agsak sere,
Kä örümleň boýy –
Bir ýarym gulaç...
Eý, mugallym dostum – ýygnak başlygy,
Bol ahyr, tiziräk ýygnagyňy aç.
Ýygnagyňy aç-da, dokladyňa geç.
Aýtjak zadyň aýt-da, ýol ber sen goşga.
(Onsoňam, her zadyň wagty bar ahyr,
Şu mahalam doklad bolar oguşýa!)
Ýygnagam açyldy.
Dokladam tamam.
Yjazat berildi. Başlandy goşgy.
Okalan goşgular dokuzmy, bäşmi,
Setirleriň içi dykyzmy, boşmy, –
Häzir onçasyny aýdyp biljek däl.
(Maňa degişli däl o zatlaň jemi).
Ýöne aýtjak bolýan ýekeje zadym:
Galmady goşgynyň okalmak kemi...
Duşuşyk gutardy. Daşaryk çykdyk.
Gyzlar üýşüp geldi «däde-de, däde».
– Mümkin bolsa... biziň mekdebmize-de,
Däde-däde, şeýdip... geliň-ä käte! –
Diýip, dädelerin ýola saldylar
Bir topar Tyllalar, Altyn, Kümüşler.
...Şeýdip, «däde» diýşip durjak bolsaňyz,
Indi gelermikäm,
kökkesilmişler!..
Kerim Gurbannepesow
18
118
barlagcy
31.03.2023 17:00
Belet men Bäş ýaşyň nämedigine.
Kim berse eliňe bir tokga nabat,
Bir tokga şokolad – seň üçin onsoň
Şondan eziz adam ýer ýüzünde ýok.
Belet men On bäşiň nämedigine.
Agzyňdan süýt ysy
kükýändir weli,
Ýüzüňe uraýsa bir gyzyň demi,
Teniňe degäýse bir gyzyň eli,
On iki synaňa ýaýradyp ýyly,
Oýandyrar gudrat alamatyny.
Ýöne götererden
ýaşsyň sen, ýaşsyň,
Kişi perzendiniň garamatyny.
Belet men ýigrimiň nämedigine.
Ýigrimi – pähimniň ortalyk ýoly.
Jahyl ýoluň kem-kem çekilip yza,
Başlar tüweleýli atalyk ýoly.
«Dünýäde akyl ýok seň aklyň ýaly!»
Tüweleý apalar, magtar, gyjyklar.
Gyjyklap, gyjyklap dälireder-de,
Seni Ýigrim bäşiň üstüne oklar.
Şo mahalam seni dostuň gujaklar.
«Äber eliň!» diýip basar bagryna.
Şol gujaklan dostuň kimdigne görä,
Gidersiň azyň ýa köpüň ugruna.
Duşmanyň zelelne, iliň haýryna
Bar bolsa dünýäde başarjak zadyň,
Başararsyň onsoň. Otuza çenli
Eýelik edersiň –
Bar bolsa adyň.
Şeýdibem Kyrkyňa urarsyň ädim.
Bu ädim – ömrüňde mukaddes çygyr.
Ýegşerşiňe görä bilerler şonda –
Kebzäňdäki ýüküň
Ýeňilmi, agyr?
Şonda-da gerşiňde bolmasa ýagyr –
Onsoň Elliňe-de bil baglamagyn.
Il-günüň mynasyp jezaňy berer:
Ne ölümiň dilär,
Ne-de saglygyň.
Kerim Gurbannepesow
15
74