barlagcy
07.04.2023 16:20
Eger irde-giçde ajalym ýetse,
Ýetsin seniň elleriňden, ezizim.
Bir däli tüweleý meni äkitse,
Sora sähraň ýellerinden, ezizim.

Gitmeli bu dünýäň ahyryn görmän...
Sen diýip jan bersem, etmerin arman.
Dara çekmek hakda çykarsaň perman,
Asgyn zülpüň tellerinden, ezizim.

Bu dünýäde bir sen maňa düşünýäň,
Seň kalbyň üstünden yz çalyp bilýäň.
Agtarsaň, yzlaryn taparsyň dünýäň
Dag-düzünden, çöllerinden, ezizim.

Gül solsa, gül ysy ýaprakda galar,
Adam ölse, yzy toprakda galar,
Ýykylyp, ýumrulyp, ýananda daglar,
Altyn çykar külleriňden, ezizim.

Elbetde, baky däl şatlygam, bagtam,
Bir şahyr ýigidiň söýenne magtan.
Jesedim gum bolar, ruhumy agtar
Bu sähranyň güllerinden, ezizim.

Beý diýsem, ejizläp, teň bolup halyň,
Göwnüň bozma, gama berme ahwalyň.
Ýaryň heniz iren däldir ykbalyň
Bize beren günlerinden, ezizim!

Atamyrat Atabaýew
18
101
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.