Günleň biri elden gaçan käse deý,
Taýyp gitdiň, sabyr käsäm moý açdy.
Gör, nije ýyl «dymp» etmedik ýüregim
Edil şu gün jibir-jibir dil açdy,
…Iller ýaly diýmeseň-de: «Garaşgyn»
…Garaşdym.
Men göze ilen bir nowjuwan gyz ahyr,
Aladadym enem bilen atama,
Guda gelse ýer tapamok girere,
Gatnaýanlar köpelipdi ak tama,
Aňsalaram, aldamaga çalyşdym,
…Garaşdym.
Kese bakýan kesip geçjek ýoluňa,
Iliň gözi maňa göni dikilýär,
Sen dünýäni ýumrup gitdiň başyma,
Göz kän, dil kän… şu zatlardan çekinýän.
Halyň niçik, daşgulakdan soraşdym,
…Garaşdym.
Mende bir dert, sende-de müň alada,
Derdim ýeňletmäge käte gel ahyr.
Meni ýüpsüz aýralyga saradyň,
Dartyberseň, kertiberer teý ahyr,
Ynanýaňmy, men kiç kime garaşsyz
Garaşdym.
Kämahallar ýyllap duşman oňarsyň,
Maýam dörär käte kowup-gaçara,
Derdim çekişeňok, asyl özüň dert,
Sen hossar däl, saňa syrym açara
Men bu gije ejem bilen aglaşdym,
…Garaşdym.
Ogulnur Ataýewa