barlagcy
20.04.2023 10:00
Eýýäm güneş batypdyr,
Aý-da agyl atypdyr.
Garagolja Serdarym
Süýji uka batypdyr.

Günler aýlara bakar,
Aýlar ýyllara bakar,
On sekizin dolduryp,
Serdarym ata çykar.

Jahyllygyň ýaşynda,
Yşk gaýnar döşünde,
Obamyzyň gyzlary
Seni görer düýşünde.

Ýaryň geler ýanyňa,
Eneň geler zaryňa.
Sen maňa az bakarsyň,
Köp bakarsyň ýaryňa.

Gyş ýaza sesin goşar,
Bahar kösük ýetişer,
Gelin-gaýnyň käwagt
Arasyna tow düşer.

Malyň göwni ýazlarda,
Lalyň göwni sözlerde.
Meniň göwnüm sendedir,
Seniň göwnüň düzlerde.

Jorama duşan ýerim,
Balam, seni öwerin:
Gelniň ýuwar köýnegňi,
Men dolagňy ýuwaryn.

Daş oba düşse ýoluň,
Gyş bolsa sagy-soluň,
Ilki eneň ýat eder.
Onsoň ýatlar aýalyň.

Miwe köp bolsa eger,
Bag başyn aşak eger.
Saňa zyňylan daşlar
Eneň pahyra deger.

Epilýänçä bil, balam,
Bir dilegim, bil, balam,
Maňa köp zat gerek däl,
Köpüň ogly bol, balam.

Kim serer kak-gurduny,
Kim söýer halk merdini,
Derdiňi men göterýän,
Sen göter il derdini.

Aýdan akdyr ýüzleri,
Şirin-şeker sözleri.
Bu ukusyz gijäniň
Ýellenipdir gözleri.

Bu dünýe ýogy-barym,
Bar myradym, mydarym,
Kötel ýollaň külpetin
Soň bilersiň, Serdarym.

Gurbannazar Ezizow
16
49
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
20 Aprel 2023
Enäniň hüwdisi şol aýdym post👍👍👍👍👍
kobo
20 Aprel 2023
gowy aydym 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.