barlagcy
04.04.2023 13:48
Düýn öýlän bir ýerde duşuşyk boldy.
Durşy bilen gyzdy klubyň içi.
Her dürli saçlary görenem bolsam,
Şuň ýaly bir jaýda jemlenen saçy
Görmändim, görmändim
şu wagta deňeç –
Giden zalyň içi durşy bilen saç.
Kä örümleň ini –
Bir agsak sere,
Kä örümleň boýy –
Bir ýarym gulaç...
Eý, mugallym dostum – ýygnak başlygy,
Bol ahyr, tiziräk ýygnagyňy aç.

Ýygnagyňy aç-da, dokladyňa geç.
Aýtjak zadyň aýt-da, ýol ber sen goşga.
(Onsoňam, her zadyň wagty bar ahyr,
Şu mahalam doklad bolar oguşýa!)

Ýygnagam açyldy.
Dokladam tamam.
Yjazat berildi. Başlandy goşgy.
Okalan goşgular dokuzmy, bäşmi,
Setirleriň içi dykyzmy, boşmy, –
Häzir onçasyny aýdyp biljek däl.
(Maňa degişli däl o zatlaň jemi).
Ýöne aýtjak bolýan ýekeje zadym:
Galmady goşgynyň okalmak kemi...

Duşuşyk gutardy. Daşaryk çykdyk.
Gyzlar üýşüp geldi «däde-de, däde».
– Mümkin bolsa... biziň mekdebmize-de,
Däde-däde, şeýdip... geliň-ä käte! –
Diýip, dädelerin ýola saldylar
Bir topar Tyllalar, Altyn, Kümüşler.
...Şeýdip, «däde» diýşip durjak bolsaňyz,
Indi gelermikäm,
kökkesilmişler!..

Kerim Gurbannepesow
18
118
barlagcy
4 Aprel 2023
Hem degisme hem soygi buysanc durmusyn hakykatyny ceper beyan edip bir gosga yerlesdirip bilipdir Kerim aga ussat sahyr
barlagcy
4 Aprel 2023
guldesse, howa gaytalanmajak talantly dadeler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.