ayaz
03.04.2024 21:37
Ýok wagtym!!

Adamzat birneme sada bolupdyr,
Seniň ýigit wagtyň, meniň ýok wagtym.
Edep-ekram, ahlak moda bolupdyr,
Seniň ýigit wagtyň, meniň ýok wagtym.

Gämileň daýanşy ýaly ýelkene,
Mertligi bolupdyr äre mertebe.
Şan nesip etmändir ýeňles erkege
Seniň ýigit wagtyň, meniň ýok wagtym.

Obaň o çetinde ölse bir bende,
Bu çet göteripdir ýasyn gerdende.
Iman gözlenipdir ene ýerden-de,
Seniň ýigit wagtyň, meniň ýok wagtym.

Ýüzün däl, kalbyny bezäpdir zenan,
Gaşy däl, sözleri bolupdyr keman.
Sözden gaýtarypdyr ne-hä pul, ne mal,
Seniň ýigit wagtyň, meniň ýok wagtym.

Tehnika dolup dur ýitgiň deregin,
Indi adam aňsat tapýar çöregin.
Zähmet keşdeläpdir ynsan ýüregin,
Seniň ýigit wagtyň, meniň ýok wagtym.

Yöne ynsan başy aman bolmandyr,
Ýyrtylsaň, ýyrtygňy ýaman bolmandyr.
Biziňki dek ajap zaman bolmandyr,
Seniň ýigit wagtyň, meniň ýok wagtym.

Kerim Hallyýew
16
35
ayaz
26.01.2024 22:30
Geliniň bolsa jennet eken her günem.
Geliniň bolsa kemsiz eken görküňem.
Geliniň barka eşikleriň ýuwulgy.
Geliniň barka jama nahar guýulgy.

Şol ýanyňda wagty gözeldir älem.
Şolar şeýtanam saklaýa hälem.
Geliniň bilen ähli derdiň dep bolar.
Gelinsiz ädemiň gybat gep bolar.

Gelinsiz tapylmaz joraplan taýy.
Gelinsiz içmersiň gyzgynjak çaýy.
Gelinden alarsyň mähir serpaýy.
Wah kime zeýrensiz gelinsiz gaýyn.

Gelin bezär erkek kişiň ömrüni.
Gelinsiz ýatarsyň diňläp böwrüňi.
Garaz geliniň bolsa ýagşy bu dünýe.
Ýagşy gelin nesip eýlesin hemmä.

Öýleniň oglanlar
16
36
ayaz
23.01.2024 17:00
Ezdirme meni
Ömür gysga ýolam uzak.
Durmuş maňa gurma duzak.
Köpelýär ýyrtyk,ýamak.
Indi bir ezdirme meni.

Ýaşaýyn ömrümi şat.
Görkezmäwer agyr zat.
Ýykylsamda berginiň bat.
Bi yrsgal guratma meni.

Agyr günler geçer gider.
Degmäň göwne çürär bitmez.
Goşgulaň manysy ýitmez.
Goşgudan ýad etme meni.

Berseň razy saglyk baýdan.
Goýmagyn abyraý atdan.
Miras diýen eziz zatdan.
Züýrada zar etme meni.

Hasratdan ganan göwnim synmasyn.
Bagt guşum öz ýanymda gaýmasyn.
Ataş aýdar ýaryň derdin diňlesem.
Onsuz bu dünýäde ýaşatma meni.

Awtory. Kakamyradow. Ataş.
Baha beräýiň
12
53
ayaz
19.01.2024 16:24
Janym Ejem eger senden gidäýsem.
Beren aksüýdiňi haklap giderin.
Aýaklaň astyna mydam özümi.
Tiken batmaz ýaly oklap giderin.

Mähribanym Kakam Sen uzak ýaşa.
Ylgap sen gelersiň ýykylsam daşa.
Arzuw eden ogluň bolup hemişe.
Abraýdan köňlüň kökläp giderin.

Ýürek ýanyp gelýä zat kän ýazara.
Bilmen näçe wagtym galdy gezere.
Halypa diýýärkäm Gurbannazara.
Türkmen edebýatyn saklap giderin.
16
84
ayaz
19.11.2023 12:23
Öçe başlady...

Demirler asmanda ganatlap uçar... Magtymguly Pyragy

Pyragym bak, sözün öz yerin tapýar,
Asmanda polatlar uça başlady.
Emma ynsanlaryň ynsaby gopýar,
Köpler namysyndan geçe başlady...

Düýnjek ýary bilen bagtlydy Güller,
Yigdi onun üçin sowurdy pullar,
Bu gün unudulyp şol geçen günler,
Güller özge yigdi guça başlady.

Mergen bir çüýşänin açdy gapagyn,
Yanyndakyn syрap uzyn gulpagyn,
Dört çüýşä ýetensoñ zyñyp telpegin,
Bar aýbyny ile aça başlady.

Süýtden doly göwsün sorup enänin,
Sonundan üssüne üýrüp enäniñ,
Garrandygyn duýup bu perişdäniñ,
Perzentler assadan gaça başlady.

Ownaýar erkekler ýene bir rast söz,
Garynlar doýsa-da, açdyr gara göz.
Bir näzik zenana gelip ýürek döz,
Yigitler boş anty içe başlady.

Kerim yazar emma, däldiris şahyr,
Her ynsandan şahyr, çykanok ahyr...
Ele galam alyp, her ýeten jahyl,
Yazdy, poezýamyz öçe başlady.

@Kerim Hallyýew
18
162
ayaz
17.11.2023 16:38

Kakamy göresim gelýär (Islegler boýunça)


Senin söýgin, mähriñ dolup kalbyma,

Ähli arzuwlama ýetesim gelýär.

Jan kakam küýsedim geläýýanyma,

Bir pursat elinden öpesim gelýär.

Men kakamy juda göresim gelýär.


Kakañ deŷ mydama söýjek tapylmaz,

Gije aladanda dañyn atarmaz,

Özi gussa batar seni batyrmaz,

Derdin alyp dyza çökesim gelýär.

Men kakamy juda göresim gelýär.


Sensiz bu gin dünýäm daraldy birden,

Gyrylan ganatly uçaýyn nirden,

Nur siñen keşbini gözleýän ýerden,

Önki ýaly bagtdan gülesim gelýär.

Men kakamy juda göresim gelýär.


Kaka sensiz gelýär maña juda kyn,

Sen hakyky melhem ömrüme hekim,

Bu gün maña bolsa diýýäler yetim,

Sen üçin dünýäni ýykasym gelýär,

Men kakamy juda göresim gelýär.


Ähli sütemlere razy men, kaýyl,

Kakaly günlere gaýdasym gelýär.

Düýşüme gir gaýgylardan yenläÿin,

Agla kalbym gözyaş dökesim gelýär,

Men kakamy juda göresim gelýär.

15
35
ayaz
13.11.2023 14:49

Kakamjan.


Ykbal çökeripdir iki omzymy.

Has kiçikam ak garany bilerden.

Şol gün meniň üçin günleň ýowyzy.

Myhmanlar gelýärdi gaýry illerden.

Girýärdiler otagyna Kakamyň.

Näme bolýa näme bolýa aglaýan bar gülýän ýok.

Çaga soraglarma jogap tapmadym.

Göýä näme bolýanyny bilýän ýok.


Onýançada ýüklediler Kakamy.

Agaçdan ýasalan näbelli zada.

Kakam nirä barýa diýip soradym.

Uzaklara işe diýdi bir adam.

Kakam öwredipdi sagbollaşmany.

Ýuwaşja ýylgyrda eliňi salga.

Kakamyň hem märekäniň yzyndan.

Ýylgyrdymda iki elimi galgadyp.

Yzyma dolandym,hakyk şol güni.

Boşadan ekenler ýüregimiň törün.


A men 3 ýaşymdan şugüne çenli.

Kakamyň gelerine garaşyp ýörün.

Meni çaga saýyp aldan ekenler.

Ömrüm başdan ýalan bilen ýapyrlan.

Inni bilýän inni bilýän Kakam.

Siňip gidipdir arasyna mele topragyň.


Agaç zat diýänim tabyt ekeni.

Işe gidilen ýer gabyr ekeni.

Kakaň soňky ýola uraýan wagty.

Ýylgyrmak düşünseň agyr ekeni.

20
36
ayaz
12.11.2023 15:43

Hiçlaý diýdim


Etjegni edip kä kişiñ,

Yalan ökünşinden irdim.

Gynanjymy saklap içgin,

"Zyýany ýok, hiç-laý " diýdim.


Egnimde kän ýük bolsa-da,

Her gymyldym gep bolsa-da,

Agyran ýer " çep " bolsa-da,

"Zyýany ýok, hiç-lay " diydim.


Paylasam dostlara bagty,

Yerne soramadym nagty,

Gelmeseler gerek wagty,

"Zyýany ýok, hiç-lay " diydim.


Wadalarda durmasalar,

Ýa-da hile gurnasalar,

Gaty görman durmasamam,

"Zyýany ýok, hiç-lay " diydim.


awtor: ŞANAZAR HYDYROW


GÖWÜNLIK BERIN ADAMA


Agyr derde duşan bolsa,

Göwünlik berin adama.

Ya yüregi çişen bolsa,

Göwünlik berin adama.


Kişi - gama batan çagy,

Yüzünde görseniz agy,

Gussasyn ýeñleder ýaly,

Göwünlik berin adama.


Hoş söz ýaly tapylmaz em,

Ýakyn, tümde galana şem,

Haýyş, nätanyş bolsa hem,

Göwünlik berin adama.


Ynamyny gorar ýaly.

Hem ýüregi giñär ýaly,

" Geçer gider " diýip bary,

Göwünlik berin adama.


awtor: ŞANAZAR HYDYROW

25
47
ayaz
11.11.2023 13:56

Ýürekde ýanypdur söýgi ataşy.

Nirden taparkam men beýle bakyşy.

Gözleňde görünen yşkyň ünjüsi

Ömrümden bir ömür aldyla Sähram.


Gözleriň gaçyryp käte güleňde.

Kä wagtam oý pikire çümeňde.

Saňa bakyp seni söýýän diýemde.

Duygulaň içiňde gizlediň Sähram.


Aňypdym şol wagt meni söýýäniň.

Geljegmizi oýlap için ümläniň.

Bir haýypdan soňam içgin aglanyň

Ýürejigmi dilip duýupdym Sähram.


Görmäyin gözünde gaygyly ünji.

Döreýä şol pursat ýürekde sanjy.

Kalbymda alowlap söýgüniň güýji.

Döretdim bir goşgy seň üçin Sähram.


Ataş aýdar Allam ýazsyn maňlaýa.

Bagtymyz daş ýarsyn düşsin dillere.

Nesibämde bolup gelsen Gökje iline.

Bagtyň nämedigini duýdyrjak Sähram.


Düzen özüm. Gelinime 1nji Düzen gosgym baha beräýiň

21
59
ayaz
10.11.2023 18:20

UZAK YAŞA SÖYGÜLIM.

YAZ GÜNÜNI BUŞLAP GELIP JAHANA. MEňZAP GYZYL GÜLE TÄSIN BAHARA. DÜNYA INDIň DAŇ SAZLARY SÄHERE. UZAK YAŞA JANA JANIM SÖYGÜLIM.


ÖNÜP ÖSÜP BIR MAŞGALAŇ LÄLIGI.

MEň DÜNYAME GIRDIň BAGTYň BAYLYGY.

BAŞYňA DAŇAYYN SOWGAT YALYGY. UZAK YAŞA YEKETÄGIM SÖYGÜLIM.


GARA GÖZÜň ALAR MENDEN GAYGYNY.

ŞIRIN sözüň Müň BIR DERDIŇ DERMANY.

SEň MEňKI BOLMAGYň HAKYň PERMANY.

UZAK YAŞA JANA JANIM SÖYGÜLIM.


SEN ÝYLGYRSAŇ DÜNYAM ALA YAZ YALY.

GARA GAŞYň ÇYZYLANDYR YAÝ ÝALY.

UZAK BOLSUN ÖMRÜN ŞATLYKDAN DOLY.

UZAK YAŞA JANA JANIM SÖYGÜLIM.


MAŇA TÄSIN DUÝGY BILEN SEREDEN.

BIR BAKYŞDA YÜREGIMDE YER EDEN.

DOŇAN KALBYM SÖYGI BILEN EREDEN.

UZAK YAŞA JANA JANIM SÖYGÜLIM.


ATAŞ AYDAR SÄHRAM YAŞYň GUTLAYAN.

ÝIGRIM BAŞDEN ÝIGRIM ALTA ÄTLEÝÄŇ.

BAGT DURMUŞ CYN YÜREKDEN ISLEYAN.

UZAK YAŞA GARA GÖZÜM SÖYGÜLIM.


Düzen özüm. Gelinime ilkinji düzen gosgym

21
96