Hiçlaý diýdim
Etjegni edip kä kişiñ,
Yalan ökünşinden irdim.
Gynanjymy saklap içgin,
"Zyýany ýok, hiç-laý " diýdim.
Egnimde kän ýük bolsa-da,
Her gymyldym gep bolsa-da,
Agyran ýer " çep " bolsa-da,
"Zyýany ýok, hiç-lay " diydim.
Paylasam dostlara bagty,
Yerne soramadym nagty,
Gelmeseler gerek wagty,
"Zyýany ýok, hiç-lay " diydim.
Wadalarda durmasalar,
Ýa-da hile gurnasalar,
Gaty görman durmasamam,
"Zyýany ýok, hiç-lay " diydim.
awtor: ŞANAZAR HYDYROW
GÖWÜNLIK BERIN ADAMA
Agyr derde duşan bolsa,
Göwünlik berin adama.
Ya yüregi çişen bolsa,
Göwünlik berin adama.
Kişi - gama batan çagy,
Yüzünde görseniz agy,
Gussasyn ýeñleder ýaly,
Göwünlik berin adama.
Hoş söz ýaly tapylmaz em,
Ýakyn, tümde galana şem,
Haýyş, nätanyş bolsa hem,
Göwünlik berin adama.
Ynamyny gorar ýaly.
Hem ýüregi giñär ýaly,
" Geçer gider " diýip bary,
Göwünlik berin adama.
awtor: ŞANAZAR HYDYROW