ayaz
23.01.2024 17:00
Ezdirme meni
Ömür gysga ýolam uzak.
Durmuş maňa gurma duzak.
Köpelýär ýyrtyk,ýamak.
Indi bir ezdirme meni.

Ýaşaýyn ömrümi şat.
Görkezmäwer agyr zat.
Ýykylsamda berginiň bat.
Bi yrsgal guratma meni.

Agyr günler geçer gider.
Degmäň göwne çürär bitmez.
Goşgulaň manysy ýitmez.
Goşgudan ýad etme meni.

Berseň razy saglyk baýdan.
Goýmagyn abyraý atdan.
Miras diýen eziz zatdan.
Züýrada zar etme meni.

Hasratdan ganan göwnim synmasyn.
Bagt guşum öz ýanymda gaýmasyn.
Ataş aýdar ýaryň derdin diňlesem.
Onsuz bu dünýäde ýaşatma meni.

Awtory. Kakamyradow. Ataş.
Baha beräýiň
12
53
ayaz
26 Yanwar 2024
@fhny, ýok edil gazýeda çykammok o derejede şahyr dälä ýöne kawagtjyk höwes etsem ýazýan
fhny
24 Yanwar 2024
@ayaz, gazeda zada çykýamy
ayaz
24 Yanwar 2024
@fhny, özüm düzdüm
fhny
23 Yanwar 2024
Öziñiz etdiñizmi
ayaz
23 Yanwar 2024
Hakyky onýaly ýerlerä bardyr men käwagt özüm birzatlar ýazasym gelende ýazýanda şahyr zat däl düzeders sagbolun aýdanynyz üçin minnetdar ýene kemçilik bolsa aýdaýyn
sabyrly
23 Yanwar 2024
Dogry düşünseñiz aýdaýyn bilýänimçe goşgy manylyja ýöne bogun sanlaryna seretmedik ýerleriñiz bar, kapýalaram arasynda agsan ýerleri bar üstunlik galamyñyz ýiti bolsun
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.