ayaz
19.11.2023 12:23
Öçe başlady...

Demirler asmanda ganatlap uçar... Magtymguly Pyragy

Pyragym bak, sözün öz yerin tapýar,
Asmanda polatlar uça başlady.
Emma ynsanlaryň ynsaby gopýar,
Köpler namysyndan geçe başlady...

Düýnjek ýary bilen bagtlydy Güller,
Yigdi onun üçin sowurdy pullar,
Bu gün unudulyp şol geçen günler,
Güller özge yigdi guça başlady.

Mergen bir çüýşänin açdy gapagyn,
Yanyndakyn syрap uzyn gulpagyn,
Dört çüýşä ýetensoñ zyñyp telpegin,
Bar aýbyny ile aça başlady.

Süýtden doly göwsün sorup enänin,
Sonundan üssüne üýrüp enäniñ,
Garrandygyn duýup bu perişdäniñ,
Perzentler assadan gaça başlady.

Ownaýar erkekler ýene bir rast söz,
Garynlar doýsa-da, açdyr gara göz.
Bir näzik zenana gelip ýürek döz,
Yigitler boş anty içe başlady.

Kerim yazar emma, däldiris şahyr,
Her ynsandan şahyr, çykanok ahyr...
Ele galam alyp, her ýeten jahyl,
Yazdy, poezýamyz öçe başlady.

@Kerim Hallyýew
18
162
seneca
19 Noýabr 2023
@0878, Garaşýan, skrinşot etdim "çykarýan" diýeniňi.))
seneca
19 Noýabr 2023
@Di-Mentro, Olar ýaly goşgy ýok sebäbi.)
seneca
19 Noýabr 2023
@0878, Şol goşgy näçe bentden ybarat diýýän?!
seneca
19 Noýabr 2023
@0878, Goşgy näçe bentden ybarat, şony aýdaýyň?!
seneca
19 Noýabr 2023
@0878, Şol goşgynyň, ikinji bendini paýlaşyp bilermisiňiz?!
seneca
19 Noýabr 2023
@0878, He-he borda, saglygyňyz.)
seneca
19 Noýabr 2023
@Di-Mentro, Bu barada @Altyyewa agzanyň postunda agzapdym, görüp bilersiňiz şol posty.
seneca
19 Noýabr 2023
Edebiýatçy emma taryhçy däl, Pyragyň beýle goşgysy ýok.)
optimist
19 Noýabr 2023
Halamasan lakam dakmaly dal
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.