ay_kiz_
ay_kiz_
30.11.2022 07:37
Birek-birege hat ýazyşylanda gaharyňy getirýän 12 ýagdaý... 1. Sowatsyzlyk meselesi Haçan-da kimdir biri hat ugradanda käbir dyngy belgilerini ýalňyş goýup biler, ýöne asla hiç hili dyngy belgisiz,
ay_kiz_
ay_kiz_
27.11.2022 19:07
Ilkinji telewizor 1907-nji ýylda Maks Dikman tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Onuň ekranynyň ululygy 3х3 santimetr eken. Onuň ekranyndan her sekuntda 10 kadr geçipdir. XIX asyryň ahyrynda hem telewizor
ay_kiz_
ay_kiz_
27.11.2022 11:50
Fransiýanyň paýtagty Parižiň esasy aýratynlyklarynyň birine öwrülen Eýfel binasyny 1889-njy ýylda geçirilen Bütindünýä sergisi mynasybetli bina edipdirler. Şol wagt ony ýene-de 20 ýyl çemesi wagtdan
ay_kiz_
ay_kiz_
26.11.2022 18:38
Häzirki döwürde nirä seretsek haýsydyr bir zadyň nyşany gözümize ilýär. Kärhanalar brendiň tanalmagy üçin dürli hili kärhana we haryt şekillerini, nyşanlary, abstrakt belgileri we başga-da her hili
ay_kiz_
ay_kiz_
25.11.2022 19:24
Hazar deňzi — Wolga derýasyny hasaba almanyňda, dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk özboluşly ekoulgamdyr. Ol özünde deňziň duzlulygyny, ýerasty tebigaty babatda hem deňziň tebigatyna kybap gelýän
ay_kiz_
23.11.2022 17:24
GURBANNAZAR EZIZOW

SÖÝGI

(Sonetler çemeni)
I
Ömrüň agajyndan düşüp dur günler,
Günler ömrüň eleginde elener.
Yza dönmek islär däli göwünler,
Geçen gün şäher däl - gaýdyp gelere.
🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂
Her kimiň geçenden bir ahmyry bar,
Mende-de ahmyr bar. Ýöne men hergiz
Seniň ruhuň bilen ederin mydar,
Meniň bar ruhumy direlden serwim.
🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂
Ýolumyzyň çatak düşeni üçin,
Gam çekme. Bu derdi merdem,
Uruşdan aman-sag halas bolmak kyn,
Has kyn halas bolmak ýatlamalardan.
🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂
Düşüň, ýatlamalar, köňlüme häli,
Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly.
🍂🍃🍂🍃🍂🍃🍂🍃🍂🍃🍂🍃🍂🍃
II
Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly,
Solgun ýatlamalar giripdir köňle.
Uçurdyň eliňden arzyly ýary,
Indi bir ýatlamaň söhbetin diňle.
🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂
Köpler kimin duşmasam-da ýara men,
Duýdum bu kalbymda çäksiz diriliş.
Päklige düşündim şo duýgy bilen,
Şoň bilen başlandy iň gözel durmuş.
🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂
Duýmadym şoň bilen gussa-gaýgyny,
Soradym halyňy her bir geçenden.
Öňde-soňda iň päk - asyl duýgymy
Alyp çykdym suwuň, oduň içinden.
🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂
Ýollar kimin uzap barýar bu günler,
Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler.
17
95
ay_kiz_
22.11.2022 19:04
Nusgawy rus şahyry Wladimir Maýakowskiniň “Men” ady bilen ilkinji çap edilen goşgular kitaby Russiýanyň “Litfond” (Edebiýat gaznasy) auksionynda 1,3 million rubla satyldy. Bu barada Interfax ýazýar.

“Wladimir Maýakowskiniň “Men” diýen ilkinji ýygyndysy 1913-nji ýylda 300 musgalykda neşir edildi. Oňa seýrek duşmak bolýar. Söwdanyň başlangyç bahasy 600 müň rubldy, emma söwdalaşyklaryň barşynda 1,3 million rubla satyn alyndy” diýlip, habarda aýdylýar.

Şahyryň ýene bir kitaby rekord bahadan, ýagny 1,8 million rubla satyn alyndy, kitap 1923-nji ýylda Berlinde çap edilipdir.
19
128
ay_kiz_
22.11.2022 16:29
Käte bir zady halys isleýäňiz, synanyşýaňyz, synanyşýaňyz, ýöne bolubermeýär. Üstünlige ýetesiňiz gelýär, emma netijesi ýene şowsuz. Şowsuzlykdan öwrenilýän zatlar, üstünligiň öwredýän zatlaryndan has köpdür. Şowsuzlygy ondan öwrenýänleriňiz, indiki işleriňizde goşýan goşandy üçin söýmegi başarmaly♥
19
148
ay_kiz_
20.11.2022 08:57
Salam hemmäňize...! Gowumy ýagdaýlaryňyz? Men bu posty paýlaşmagymyň sebäbi ÖWRENMELI programmasyndan çykmagym...Bu ýerdäki ähli agzalar: eger bilip ýa bilmän göwnüňize degen bolsam ötünç soraýan... Hemmäňize jan-saglyk, işiňizde üstünlik arzuw etýän... Şu wagta çenli meni goldan, meni sylan ähliňize köp köp sagbolsun aýtýan... Şu ýerdäki iň köp agzalýan we meň hem gowy görýän sözüm: ÖWRENMELI BILEN GALYŇ! 🤗
17
195
ay_kiz_
ay_kiz_
18.11.2022 12:55
Meşhur adamlaryň durmuşyndan Synag Dünýä olimpiadasynyň telim gezek çempiony bolan tennisçi ulag heläkçiligini başdan geçireninden soň, aýaksyz galyp, ýöremekden mahrum bolupdyr. Onuň düşen halyna