Birek-birege hat ýazyşylanda gaharyňy getirýän 12 ýagdaý...
1. Sowatsyzlyk meselesi
Haçan-da kimdir biri hat ugradanda käbir dyngy belgilerini ýalňyş goýup biler, ýöne asla hiç hili dyngy belgisiz, sözlemiň gurluşy hem tagaşyksyz ýazylan hatlar bolýar. Bu hakykatdanam gaharyňy getirýär.
2. Gödeklik
Ýakynda maňa bir gyzdan hat geldi. Onda: “Onda näme, iýulda biziň bilen gidýäňmi?” diýip ýazylan. Kim ol, biz bilen bolanda kimleri göz öňünde tutýar, nirä gidýäs? – bu meniň üçin tapmaça bolup galdy. Siz bilenem şeýle ýagdaýlar gabat gelendir. Şonuň üçin hem birine hat ýazanyňyzda, hökman niýetiňizi açyk aýdyň!
3. Diňe “Salam!” diýip ýazmak
Dogry! Hat ýazyşanyňda salamlaşmaly. Ýöne iş boýunça hat ýazyşylanda, göni sorajak zatlaryny soraýman, “Salam! Gowumy ýagdaýlaryň? Işdemi ýa-da öýdemi?” ýaly boş soraglar bilen ýüregiňe düşýärler. Bu haçan-da, bir iş bilen gümrä wagtyňa gabat geläýse-hä, hasam gaharyňy getirýär. Şonuň üçin hem eger-de iş boýunça bir zady maslahatlaşmaly bolanda, boş gürrüňlere wagt sarp etmäň-de, göni meselä geçiň!
4. Birbada birnäçe sms ugradylanda
Hiç kim telefonynyň sms-den ýaňa yzygiderli şol jyňňyrdap durmagyny halanok. Siz hem duşansyňyz, bir sms-de ýazyp bolýan ýönekeýje sözlemi birnäçe sms-e bölüp ugradýanlar bar. Bu hem gaharyňy getirýän zatlaryň biri.
5. Biwagt gelen audioýazgylar
Örän gowy zat, ýöne hemme zadyň öz ýeri we wagty bar. Käwagt ýygnakda ýa-da maslahatda audioýazgylary diňläp bolanok. Şeýle halatlarda ýazyşýan adamyňyza hat üsti bilen sms ugradyň!
6. Sen bir hata jogap berýänçäň, ýene 10 hat gelende
Oňaýsyz ýagdaý, şeýle gerek? Söhbetdeşiňiziň jogabyna garaşyň, şondan soň indiki sowalyňyzy beriň!
7. Okap, jogap ýazmasalar
Käwagt biz jogap berilmegi hökman bolan, örän möhüm zat hakynda ýazýas ýa-da sowal bilen ýüzlenýäs. Ugradan adam jogaba garaşyp oturmaz ýaly, şeýle hatlary jogapsyz galdyrmaň!
8. Uzak wagtlap ýazyp, bary-ýogy 3 söz ugratsalar
9. Haçanda uly hata ýönekeýje “OK” diýip jogap berseler
10. Haçanda düşnüksiz ssylka ugradylanda
11. Haçanda tanamaýan adamyň “Sen” diýip ýüzlenende
12. Haçanda ikiçäk söhbetdeşligiňizi köpçülige ýaýratsalar
Ikiçäk söhbetdeşligi ýa-da biriniň şahsy durmuşy barada ýazan hatlaryny köpçülik bilen paýlaşmak örän erbet ýagdaý. Hiç wagt beýle etmäň!
Sizde hem gabat gelýän, gaharyňyzy getirýän ýagdaýlar bar bolsa, teswirlerde ýazyp bilersiňiz :)