ay_kiz_
22.11.2022 19:04
Nusgawy rus şahyry Wladimir Maýakowskiniň “Men” ady bilen ilkinji çap edilen goşgular kitaby Russiýanyň “Litfond” (Edebiýat gaznasy) auksionynda 1,3 million rubla satyldy. Bu barada Interfax ýazýar.

“Wladimir Maýakowskiniň “Men” diýen ilkinji ýygyndysy 1913-nji ýylda 300 musgalykda neşir edildi. Oňa seýrek duşmak bolýar. Söwdanyň başlangyç bahasy 600 müň rubldy, emma söwdalaşyklaryň barşynda 1,3 million rubla satyn alyndy” diýlip, habarda aýdylýar.

Şahyryň ýene bir kitaby rekord bahadan, ýagny 1,8 million rubla satyn alyndy, kitap 1923-nji ýylda Berlinde çap edilipdir.
19
128
olia
22 Noýabr 2022
И говорил он что жизнь хороша и жить в нем хорошо. А потом застрелился🐺
maral
22 Noýabr 2022
👍👍👍👏👏👏.
wolf
22 Noýabr 2022
👍🔥👍🔥👍..wau😱
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.