Meşhur adamlaryň durmuşyndan
Synag
Dünýä olimpiadasynyň telim gezek çempiony bolan tennisçi ulag heläkçiligini başdan geçireninden soň, aýaksyz galyp, ýöremekden mahrum bolupdyr. Onuň düşen halyna gynanýandyklaryny bildirip, çar tarapdan janköýerleri hat ýazypdyrlar we ondan “Näme üçin Allatagala seni beýle güne düşürdikä, şeýle meşhur adama nädip dözdükä, adalat ýokmuka?” diýip, sorapdyrlar. Şol bir mazmunly soragly hatlaryň hemmesine çempion teleýaýlymyň üsti bilen jogap beripdir. Onuň janköýerlerine beren jogaby: “Dünýäde näçe müň adam tennisçi bolmagy arzuw edýär we şolardan näçe ýüz sanysy arzuwly käri bilen meşgullanmaga mümkinçilik tapýar. Türgenleriň hemmesem dünýä olimpiadasynyň çempiony bolmagy arzuw edýär. Çempionlyga barýan basgançaklaryň ýokarkysynda duran wagtym: “Näme üçin şonça adamlaryň içinden diňe men şu basgançakda durun” diýip, pikir etmedim. Indi men Allanyň edeninden nägile bolup bilmerin. Men özümi bagtly saýýaryn».
Ýerliklilik
Amerikan aktýory Çarli Çaplin özüne meňzemek boýunça geçirilen bäsleşige adyny, familiýasyny üýtgedip, gizlinlikde özi hem gatnaşyp,13-nji orun alypdyr.
Bäsleşikden soň syrlar açylypdyr. Žurnalistler Çarli Çapline: “Sen özüňe meňzemek boýunça geçirilen bäsleşikde 13-nji orun aldyň, senden ökde onki adam bar eken, ýöne näme üçin olar sen ýaly meşhur bolup bilenoklar, munuň syry nämede?” diýip, sorapdyrlar. Aktýor bolsa olara: “Munuň ýekeje syry bar, olam ýerlikli geplemegi başarmakda” diýip, jogap beripdir.