GURBANNAZAR EZIZOW
SÖÝGI
(Sonetler çemeni)
I
Ömrüň agajyndan düşüp dur günler,
Günler ömrüň eleginde elener.
Yza dönmek islär däli göwünler,
Geçen gün şäher däl - gaýdyp gelere.
🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂
Her kimiň geçenden bir ahmyry bar,
Mende-de ahmyr bar. Ýöne men hergiz
Seniň ruhuň bilen ederin mydar,
Meniň bar ruhumy direlden serwim.
🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂
Ýolumyzyň çatak düşeni üçin,
Gam çekme. Bu derdi merdem,
Uruşdan aman-sag halas bolmak kyn,
Has kyn halas bolmak ýatlamalardan.
🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂
Düşüň, ýatlamalar, köňlüme häli,
Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly.
🍂🍃🍂🍃🍂🍃🍂🍃🍂🍃🍂🍃🍂🍃
II
Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly,
Solgun ýatlamalar giripdir köňle.
Uçurdyň eliňden arzyly ýary,
Indi bir ýatlamaň söhbetin diňle.
🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂
Köpler kimin duşmasam-da ýara men,
Duýdum bu kalbymda çäksiz diriliş.
Päklige düşündim şo duýgy bilen,
Şoň bilen başlandy iň gözel durmuş.
🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂
Duýmadym şoň bilen gussa-gaýgyny,
Soradym halyňy her bir geçenden.
Öňde-soňda iň päk - asyl duýgymy
Alyp çykdym suwuň, oduň içinden.
🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂
Ýollar kimin uzap barýar bu günler,
Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler.