awgust
12.02.2024 18:53
LG elektroniсs dünýä meşhur kompaniýa bolan LG "life's good" 1947 nji yylda Gunorta Koreýanyn Busan şäherinde Koo-Mon Boo diyen alym duybuni tutdy.So döwürden 1995 nji yyla çenli luсky-goldstar adyny göterýärdi.Goldstar tarapy elektronik harytlary satyardy, Şol bir wagtda hem Luсky Koreýadan daşarda satylmayan öy harytlaryny satyardy.

Luсky esasanda öy tozan sorujy, gap-gaç, kir yuwujy maşynlary çykarmakda Koreýanyn iň meşhur kompaniýalaryň biridi.

LG elektroniсs dünýäniň 4 bir tarapynda ofisleri bolup 82.000 işgär bn işleýär.2007 yylda 47 mlrd dollarlyk haryt satyp dunyäde 3nji yeri eýelän.

LG 4 görnüşli işleri edýär:

Mobil aragatnaşyk,

Digital harytlar,

Digital Tw-lar,

Digital Media
31
39
awgust
11.02.2024 13:50
1995 nji ýylda ekranlara çykan "Ogurlanmadyk gelinlik" Hindistanda häli häzirem kinoteatrlarda goýberilýär.
27 ýyl bolan bu film Shahruh Hany we Kajoly iň söýgüli ekran jübütine öwürdi.

Film hakynda kä bir faktlar:

Raj we Simranyn keşbinde häzir Shahruh bn Kajoldan başgasyny göz öňüne getirmek kynam bolsa, Aditya Сhopra (režissýor) ilki bn bu filmde Golliwudyň yyldyzy Tom Kruz we Kajoly göz öňünde tutýar.Yone kakasynyn islegi ün hindi aktýory saylayar we Saif Ali Han bn Kajoly düşürmekçi bolýar. Saif Ali Han yuz öwreninden soň bolsa, sho wagtlar otrisatel keshpleri bn tanalyan Shahruh Hany çagyrýar.

Aditya Shahruh Hanyň gahrymanyna Raj Kapuryň hatyrasyna "Raj" goyyar.

1995 nji ýylda 19 hepde dynuwsyz görkezilen bu film Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girýär.
30
91
awgust
10.02.2024 13:52
Bir Haka, bir saňa aýdyp bilerin,
Ýüregimde beslän öz myradymy.
Eje, meni uzak ýaşatmak üçin,
Sen dakypsyň maňa Çynar adymy.

Ynan,agyr keşik düşse başyma,
Hassalansam, ýa-da ýüregim gyssa
Sen duýýaň baryny, gel-de, köşeşdir
Öz körpe gyzyňy bagryňa basda.

Bagt, şatlyk gyjyklasa böwrümi,
Hezil edip jak-jak urup gülerin.
Onsoň begenjime gaýybana ötüp,
Täzeden has bagtly bolup gelerin.

Durmuş ýörelgäme nur saçar ýaly,
Ýagşy öwüt-nesihatyň berip dur.
Kisäňe-de delje süýjüler salyp,
Agtyklaň ýanyna ýygy gelip dur.

Gussa güyçli,asgyn gelmegim mümkin,
Mertlik hergiz gerek bolyar adama.
Meni munda etmez yaly endişe,
"Gyzyň haly gowy" diýgin kakama.


10.02.2024
#Awgust güli Ç.M
(özüm)
45
165
awgust
09.02.2024 13:20
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bn baglanşykly birnäçe mukaddeslikleri bar.Şolaryň biri hem türkmen tamdyrydyr.Onda ynsanyň esasy iymiti bolan çörek bişirilýär.Tamdyr sähetli gün salynýar. Tamdyr salýan zenanlar hem ähli taraplaýyn göreldeli, asylly edepli zenanlar bolmaly.
Tamdyr ýasalanda ilki bilen yerini tegeläp ýüp bn çyzmaly.Soň şol çyzgy boýunça bişen kerpiçlerden örüp başlamaly.Tamdyryň laýy toprak bn köne saman garylyp taýýarlanylýar. Bir-iki günläp, eýlenip demini alar yaly goýulýar. T-men durmuşynda tamdyr keramatly hasaplanýar.Tmen zenanlary hemişe tamdyr ojagyny suwalgy,gelşikli, abat bolmagy ün alada edýärler.
Öňki döwürlerde gudaçylyga gelnende şol öýüň iç-daşy bn birlikde ojakdyr-tamdyr synlanypdyr.

Çörek bişirmegiň tärleri.
Tamdyr keramatly,mukaddes zat şoň ün hem oňa salynýan odun hem çöregi bişiryän zenanam arassa bolmaly.Eger odun arassa bolmasa, çörek yapylanda syrylyp gaýdýar.Çörek bişirmek hem özboluşly sungat.Zenan maşgala çörek bişìrjek bolsa elini ýuwmaly, saçyny ýygnamaly yaglyk bn pugta daňmaly.Içi unly,urbaly kendirik öýüň bereketi we bolçulygyň alamaty diýip yrym edilýär.
Halkymyz keramatly tamdyrymyz bn bagly hem yrymlaryň ençemesini döredipdir

-Durmuşa çykman oturan ulygyzlar tamdyryň daşyndan 3 gezek aýlansa bagty açylýarmyş.

-Yerine buşugýan çagany tamdyryň daşyndan 3 gezek aýlasaň onuň düşegine buşugmasy galyarmyş.

-Aglak çagany tamdyryň daşyndan 3 gezek aylasaň haýry degyär diyyärler

-Göwreli gelni hem çaganyň dünýä inmegini yeňilleşdirmek maksady bn tamdyryň dashyndan aýlaýarlar.
41
151
awgust
08.02.2024 20:38
■ Kanun atly saz guralyny ilkibaşda Faraby oýlap tapypdyr

■Öz suratyny iň köp çeken suratkeş Gollandiýaly Rembrandtdyr

■Muzeýçilik işine ilki başlan Damat Feritdir (1830)

■Käbäniň ilkinji binagäri hezreti Ybraýymdyr

■Müsür piramidalarynyň iň beýigi Heops piramidasydyr

■Dünyäde ilkinji kinostudiýasy "Blaсk Mariany" Edison 1894 nji ýylda Kaliforniýada döredýär

■Ilkinji gezek halka petek satylyp film görkezilişi 1895nji ýylyň Dekabr aýynda Parižde bolyar

■Kinonyň taryhyndaky ilkinji temalaýyn film Georges Meliesiň 1902 nji yylda düşürilen "Aýa syýahat "(16 min) filmidir.
39
99
awgust
07.02.2024 12:31
●Daňdan wagty- Günüň dogjak ýeriniň ýagtylyp başlamagy.
●Saba, Säher wagt, ir ertir- Daň atmadan Gün dogýança.Tomus aýlarynda ol bir ýarym sagatlap dowam edýär.
●Ertir wagty-Daň atandan Gün dogup gowy yerden saýlanýança.Şeyle hem ertir sözüniň geljek indiki gün manysy hem bar.Mysal ün, " Bu gün bolmaz, ertir gel" ýa-da " Ertirimiz (geljegimizi) göz öňüne tutsak."
●Salkyn-Bir gündiziň ýarysy.Mysal ün, "Bu işi bir salkynda etse bolar."
●Ertir salkyn- Gündiziň birinji ýarymy.Gün dogandan günortana çenli dowam edýär.
●Öýlän salkyn- Günüň ikinji ýarymy.Günortandan yarym sagat çemesi geçensoň başlanyp gün ikindi bolyança dowam edýär.
●Guşluk-Tomus günler sagat 9 töweregi
●Uly guşluk-Tomus gunleri sagat 11 töweregi
●Günortan,Gunorta,süýrgünortan-Günuň iň ýokary galýan wagty
●Öýlän -Günortandan yarym sagat çemesi geçenden soň başlanyar.
●Ir öýlän-Gunortan geçenden soň öyläniň giren ilkinji pursatlary
●Ak öýlän-Ir öyleden son öyle guşluga çenli
●Ikindi- Yaşmasy golaýlan günüň reňkiniň üytgäp,gyzaryp başlan wagty.Ikindi girende her bir zadyň kölegesi öz boyunyň iki essesine gunortanky kolegesinin boýuny goşanyňdaky uzynlyga ýetýär.
●Agsam-Gun yaşan badyna agşam girýär we garaňky gatlyşyança dowam edýär.
●Ir agşam, ilki agşam-Agşamyň ilkinji pursatlary
●Giç agşam-Yaşan günüň ýagtysy yiteňkirläp,Şapak doly yityänçä dowam edyär
●Yassy-Agsamdan son yassy namazynyň okalyan wagty girende başlanyar.
39
67
awgust
05.02.2024 11:13
Bu endikden doly saplanmak we dyrnak gemirmäni bes etmek ün ilki biz bu hereketi näme ün edip başlayandygymyzy anyklamaly.

Dyrnagyňy (barmaklaryň syzylaryny) gemirmek endiginiň aýratyn häsiýete eýedigine düşünmeli.Ol adamyň psihologik ýagdaýy hem-de adamyň kadaly öz özüni alyp barşynyň bozulmagynyň netijesi bolup durýar.

Dyrnagyňy gemirmeklik- bu sözüň akyl ýetirmezden edilýän endik, biziň erkimizden we aňymyzdan daşary bolup geçýär hereket.
Ony näme döredýär?

Güýçli göwnüçökgünligiň sebäpleri dürli-dürli, hat-da global sebäpler hem bolup biler.

Lukmanlaryň nukdaýnazaryndan welin, dyrnagyňy gemirmek endiginden el çekmeklik hökmandyr.Adam dyrnagyny gemren mahaly, ol dyrnaklaryň arassalygy hakynda oýlanyp durmaýar.Şonuň ün hem dürli-dürli keselleri, soguljan ýumurtgalyklaryny ýokuşdyryp biler, dişleriň etine infeksiýa düşürip biler.

Gynansakda, bu zyýanly endikden dynmagyň halkara serişdesi heniz oýlanyp tapylmady.Iň esasy, dyrnagyňyzyň özüne çekijiliginiň sebäbini anyklamakdyr.

Zyyanly endiklerden daşda bolalyň mähribanlar!
30
43
awgust
04.02.2024 19:29

Dünýäde ilkinji dörän ruçkalaryň modeli 1880 nji ýylda Amerikanyň Nýu-Ýork şäherinde Lewis Edson Waterman tarapyndan ýasaldy.Olar ilkinji ruçka hökmünde taryha geçdi.

1935 nji ýylda Majar Ladislos Biro dogany Jorj bilen bilelikde Loudyň döreden galamynyň kämilleşen görnüşini ýasadylar.
1943 nji ýylda Biro doganlar ruçkalaryň patentini aldy.

1945 nji yylda Nilton Reýnolds ruçkany Amerika tanatdy.Şol mahallar her bir ruçkanyň bahasy 10 dollara barabar gymmat bahaly haryt hökmünde satylýardy.

1950 yylda fransuz Marsel Biç ruçkalary "Biс" markasy bn satuwa çykardy." Biс" markaly ruçkalar 10 yyl soňra Amerikan bazarlarynda satuwa goşuldy.

30
275
awgust
04.02.2024 13:36
Günüň dowamynda çygly durýan gupkalar öz düzüminde millionlarça bakteriýalary saklaýar.Gupkalarda 1 hepdäniň içinde hajathana oturgyjyna garanyňda 200 müň esse has köp bakteriýalar üyşyär.

Norwegiýada geçirilen tejribelere görä gupkalardaky bakteriýalar yer ýüzündäki ýaşaýan adamlardan hem has köp diyip hasaplanyldy.

Hemme bakteriýalar zyýanly bolmasa-da "Salmonella" ýaly zyýanly bakteriýalar gupkalardan ellere, ellerden enjamlara geçip adam saglygyna uly howp salyp biler.

"Salmonella" infeksiýasy esasan suw we iymitlerin üsti bn yokaşyandyr.

Türkiýe Respublikasynyň meşhur lukmany Janan Karataý gupkalaryň deregine pagtadan öndürilen matalary ulanmaklygy maslahat beryär.Haçanda gap-gaçlary yuwup bolanymyzdan soň matamyzy gyzgyn suwda yuwsak ähli bakteriýalar yok bolar.Gyzgyn suwda hiç-hili yagdayda bakteriýa we wirus galmaz diyip lukman belläp geçýär.
Arassaçylyk düzgünleri ün her hepdede gap-gaç yuwujy gupkalary, matamyzy çalşyp durmaly.

34
112
awgust
03.02.2024 13:54
Portugaliýada ýaşaýan 27 ýaşly Sofiýa Lagoa atly zenan serhoş ýagdaýda ulag sürenligi ün yol yol gözegçilik gullugy tarapyndan saklanylyp, işi suda çekilýär.
Ol örän agyr bolan yol düzgünini bozmagyň jerimesinden halas bolmak ün örän ökde aklawçy bolan Eduardo Borže bn gürleşyär.Aklawçy ähli iş ussatlygyny ulanyp Sofiýany şeýle agyr jerimäni tölemekden halas edyär.

Başyna gelen beladan sapak alyp, akyllanmadyk Sofiýa Lagoa, aklanmyşyny gutlamak ün bir bara girip, serhoş bolýança içyär.Soňra bolsa yene serhoş yagdayda ruluň başyna geçýär.

Serhoş zenan iň ýokary tizlikde gidip barýarka, yoly kesip geçip baryan birini kakyp ony 20 metr töweregi aralyga süýräp alyp gidýär.Örän agyr halda hassahana äkidilen nätanyş näçe jan edilse-de halas bolman ölýär.

Hanym Sofiýa Lagoa türmänin yoluny tutandan birnäçe gün soňra, ulagy bn kakyp ölümine sebäp bolan adamynyň Eduardo Boržadygyny bilip galyar.

Çeşme: Zaman 1. 14.07.2007
43
238