awgust
09.02.2024 13:20
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bn baglanşykly birnäçe mukaddeslikleri bar.Şolaryň biri hem türkmen tamdyrydyr.Onda ynsanyň esasy iymiti bolan çörek bişirilýär.Tamdyr sähetli gün salynýar. Tamdyr salýan zenanlar hem ähli taraplaýyn göreldeli, asylly edepli zenanlar bolmaly.
Tamdyr ýasalanda ilki bilen yerini tegeläp ýüp bn çyzmaly.Soň şol çyzgy boýunça bişen kerpiçlerden örüp başlamaly.Tamdyryň laýy toprak bn köne saman garylyp taýýarlanylýar. Bir-iki günläp, eýlenip demini alar yaly goýulýar. T-men durmuşynda tamdyr keramatly hasaplanýar.Tmen zenanlary hemişe tamdyr ojagyny suwalgy,gelşikli, abat bolmagy ün alada edýärler.
Öňki döwürlerde gudaçylyga gelnende şol öýüň iç-daşy bn birlikde ojakdyr-tamdyr synlanypdyr.

Çörek bişirmegiň tärleri.
Tamdyr keramatly,mukaddes zat şoň ün hem oňa salynýan odun hem çöregi bişiryän zenanam arassa bolmaly.Eger odun arassa bolmasa, çörek yapylanda syrylyp gaýdýar.Çörek bişirmek hem özboluşly sungat.Zenan maşgala çörek bişìrjek bolsa elini ýuwmaly, saçyny ýygnamaly yaglyk bn pugta daňmaly.Içi unly,urbaly kendirik öýüň bereketi we bolçulygyň alamaty diýip yrym edilýär.
Halkymyz keramatly tamdyrymyz bn bagly hem yrymlaryň ençemesini döredipdir

-Durmuşa çykman oturan ulygyzlar tamdyryň daşyndan 3 gezek aýlansa bagty açylýarmyş.

-Yerine buşugýan çagany tamdyryň daşyndan 3 gezek aýlasaň onuň düşegine buşugmasy galyarmyş.

-Aglak çagany tamdyryň daşyndan 3 gezek aylasaň haýry degyär diyyärler

-Göwreli gelni hem çaganyň dünýä inmegini yeňilleşdirmek maksady bn tamdyryň dashyndan aýlaýarlar.
41
151
medik_
9 Fewral 2024
Menem corek sehime klent gerek🙄islesip biljek🧐
manolya
9 Fewral 2024
@geldiyevna, ynanman görkezmeseň😅
manolya
9 Fewral 2024
Çöregiň owadanlygyny aýdaýa)) ýalpyldapjyk dur
flowers_
9 Fewral 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.