awgust
07.02.2024 12:31
●Daňdan wagty- Günüň dogjak ýeriniň ýagtylyp başlamagy.
●Saba, Säher wagt, ir ertir- Daň atmadan Gün dogýança.Tomus aýlarynda ol bir ýarym sagatlap dowam edýär.
●Ertir wagty-Daň atandan Gün dogup gowy yerden saýlanýança.Şeyle hem ertir sözüniň geljek indiki gün manysy hem bar.Mysal ün, " Bu gün bolmaz, ertir gel" ýa-da " Ertirimiz (geljegimizi) göz öňüne tutsak."
●Salkyn-Bir gündiziň ýarysy.Mysal ün, "Bu işi bir salkynda etse bolar."
●Ertir salkyn- Gündiziň birinji ýarymy.Gün dogandan günortana çenli dowam edýär.
●Öýlän salkyn- Günüň ikinji ýarymy.Günortandan yarym sagat çemesi geçensoň başlanyp gün ikindi bolyança dowam edýär.
●Guşluk-Tomus günler sagat 9 töweregi
●Uly guşluk-Tomus gunleri sagat 11 töweregi
●Günortan,Gunorta,süýrgünortan-Günuň iň ýokary galýan wagty
●Öýlän -Günortandan yarym sagat çemesi geçenden soň başlanyar.
●Ir öýlän-Gunortan geçenden soň öyläniň giren ilkinji pursatlary
●Ak öýlän-Ir öyleden son öyle guşluga çenli
●Ikindi- Yaşmasy golaýlan günüň reňkiniň üytgäp,gyzaryp başlan wagty.Ikindi girende her bir zadyň kölegesi öz boyunyň iki essesine gunortanky kolegesinin boýuny goşanyňdaky uzynlyga ýetýär.
●Agsam-Gun yaşan badyna agşam girýär we garaňky gatlyşyança dowam edýär.
●Ir agşam, ilki agşam-Agşamyň ilkinji pursatlary
●Giç agşam-Yaşan günüň ýagtysy yiteňkirläp,Şapak doly yityänçä dowam edyär
●Yassy-Agsamdan son yassy namazynyň okalyan wagty girende başlanyar.
39
67
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.